Hytaýda 10 brende degişli bolan 4,3 milliondan gowrak ulag yzyna çagyrylýar. Muňa adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylmaga niýetlenen mehaniki gapy tutawaçlarynyň o diýen göze ilmän, agyr ýol-ulag hadysalaryndan soň ýolagçylara maşyndan çykmaga päsgel berip bilmegi sebäp boldy, diýip «CnEVPost» neşiri habar berýär.
Hytaýyň Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi Tesla, Xiaomi, Leapmotor, Xpeng, Zeekr, Geely, Chery, Dongfeng, Arcfox we FAW kompaniýalarynyň ulaglaryny yzyna çagyrmagyny hasaba aldy. Öndürijiler adatdan daşary ýagdaýda gapyny açýan mehanizmleri, köplenç, salonyň bezegi bilen utgaşyp gidýänligi sebäpli, indi olary has göze görnüp durar ýaly etmeli bolar.
Yzyna iň köp ulagyny Tesla çagyrar — bu çäre Hytaýda öndürilen we ýurda getirilen Model 3, Model Y, Model S hem-de Model X kysymly 2,97 million töweregi awtoulaga degişli bolar. Kompaniýa 25-nji sentýabrdan başlap mehaniki tutawaçlara duýduryşly kagyzlary ýelmär hem-de heläkçilikden soň aýnalary awtomatik aşak düşürýän programma üpjünçiligini täzelär.
Xiaomi kompaniýasy 390 müňden gowrak SU7 sedanyny yzyna çagyrýar. Öndürijiler programma üpjünçiligini täzelemek arkaly merkezi gulpuň açylyş logikasyny üýtgeder we ýörite ýelimli duýduryjy ýazgylaryň kömegi bilen heläkçilik tutawaçlaryny has görner ýaly eder.
Leapmotor 371 müňden gowrak C11 we C01 awtoulagyny serwis merkezlerine iberer. Xpeng bolsa eýýäm, takmynan, 265 müňe golaý G6, P7+ we X9 ulaglarynda mehanizmleriň belliklerini üýtgedip başlady. Zeekr, Dongfeng, BAIC, FAW we Chery markaly ulaglar hem iş geçirerler. Käbir öndürijiler tutawaçlaryň gorag gapaklaryny ýazgyly täze elementler bilen çalşyrmagy makul bildiler.
Bu köpçülikleýin yzyna çagyryş Hytaýda awtoulag howpsuzlygy talaplarynyň berkidilmegi bilen baglydyr. Täze milli standart ýeňil awtoulaglaryň ähli gapylaryny ygtybarly mehaniki açyş ulgamy bilen üpjün etmegi hökmany edýär. Täze modeller üçin bu düzgün 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer, ozal sertifikatlaşdyrylan ulaglar üçin 2029-njy ýylyň başyna çenli geçiş döwri berildi.
Bu meselä ünsüň güýçlenmegine Çendu şäherinde Xiaomi SU7 bilen bolan heläkçilik sebäp boldy. Awtoulag heläkçilige uçrap, togy doly kesilenden soň, halas edijiler ýanyp duran maşyndan adamy çykarmak üçin daşyndan gapylary açyp bilmändirler.