Xiaomi-niň täze krossowerini iki gatly öýe öwrüp bolýar

Şu gün, 10:00729
1 / 4

Xiaomi Hytaýda SkyNomad N90 Max Explorer Edition-y satyp başlady. Bu krossoweriň üçegi açylýan bäş orunlyk görnüşi bolup, ony duralgada wagty iki gatly kempere öwrüp bolýar.

Awtoulagyň içiniň beýikligi 2294 metre çenli beýgelip, ikinji gatynda ýatmak üçin ýer peýda bolýar.

Üçek bir düwmä basmak bilen açylýar we ýygnalgy ýagdaýda awtoulagyň umumy beýikliginden bary-ýogy 100 mm çykyp durýar. 2110 x 985 mm ölçegdäki ýokarky gat 200 kg çenli agramy götermäge niýetlenendir. Ol torly bäş sany penjire, yşyklandyryş, kondisioneriň iki sany howa geçirijisi, USB-C porty we goşmaça enjamlar üçin ýer bilen üpjün edilen.

Explorer Edition-yň salonynda ýedi däl-de, bäş oturgyç bar. Ikinji hatar ölçegi 1,87 x 1,24 metr bolan ýatalga öwrülýär. Kürsülerinde ýyladyş we howa çalşygy, şeýle-de polasty ýyladyş ulgamlary göz öňünde tutulan.

Howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýokary göteriji mehanizm diňe umumy ýollardan daşda ýerleşen duralgalarda işleýär. Xiaomi mehanizmiň 10 000 gezek açylyp-ýapylmaga ukyplydygyny, päsgelçilikleri anyklaýan ulgam we beýikligi duýduryjy bilen enjamlaşdyrylandygyny aýdýar.

Krossower 76 kWt/sag sygymly batareýa we 1,5 litrlik benzinli motor-generator bilen üpjün edilen. Elektrik motory tigirleri herekete getirýär, tokda ýöreýiş ätiýaçlygy bolsa CLTC sikli boýunça 462 km-e ýetýär. Bilelikdäki ýöreýiş ätiýaçlygy 1,688 km.

Hytaýda SkyNomad N90 Max Explorer Edition 299 900 ýuandan (44 685 dollar töweregi) satylýar. Adaty ýedi orunlyk N90 Max bolsa 269 900 ýuan (40 215 dollar töweregi) bahalandyrylýar.