2025-nji ýylyň Audi A3 modeli täze benzinli hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam bilen çykdy
08.07.2025 17:36
2.5k+

2025-nji ýylyň Audi A3 modeli täze benzinli hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam bilen çykdy

Audi 2025-nji ýylyň täzelenen A3 modelini hödürledi. Model 204 at güýjüni öndürýän we 320 Nm tork berýän täze 2.0 TFSI benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Quattro doly herekete getiriji ulgamy bilen ulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 6,3 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 245 km/sag
Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz
08.07.2025 10:36
3.3k+

Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz

Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy. Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy
Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar
07.07.2025 14:19
7k+

Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar

Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr
Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi
07.07.2025 13:41
6.9k+

Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi

Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi
BMW M2 CS Nýurburgring ýaryş ýolunda ykjam awtoulaglaryň arasynda rekord goýdy
07.07.2025 13:27
7k+

BMW M2 CS Nýurburgring ýaryş ýolunda ykjam awtoulaglaryň arasynda rekord goýdy

«BMW M2 CS» köpçülikleýin öndürilýän ykjam awtoulaglaryň arasynda Nýurburgring ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Kupe görnüşli awtoulag 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 25,5 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, ýoly 7 minut 30 sekuntdan gysga wagtda geçmegi başaran ilkinji ykjam awtoulag boldy
Ferrari bilen Rolls-Royce-yň ozalky ýolbaşçylary McLaren-iň direktorlar geňeşine goşuldy
07.07.2025 12:33
3k+

Ferrari bilen Rolls-Royce-yň ozalky ýolbaşçylary McLaren-iň direktorlar geňeşine goşuldy

McLaren direktorlar geňeşiniň täze düzümini mälim etdi. Bu geňeş kompaniýanyň strategik dolandyrylyşyny alyp barar. Täze geňeşiň düzümine dokuz adam girýär, olaryň arasynda Ferrari-niň öňki ýolbaşçysy Luka di Montezemolo bilen Roll-Royce-a 15 ýyl ýolbaşçylyk eden Torsten Mýuller-Otwos hem bar
Hyundai-niň zawodynda şu güýzde "Atlas" atly adam şekilli robotlar işe başlar
07.07.2025 12:29
3.1k+

Hyundai-niň zawodynda şu güýzde "Atlas" atly adam şekilli robotlar işe başlar

Öňümizdäki oktýabr aýyndan başlap, ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky Hyundai Metaplant America zawodynda Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen adam şekilli Atlas robotlarynyň ilkinji synaglary başlanar
Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplary üçegiň howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli yzyna gaýtarylýar
07.07.2025 10:42
2.8k+

Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplary üçegiň howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli yzyna gaýtarylýar

General Motors üçege gurnalan gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň çişirilýän modullary bilen bagly bolup biljek näsazlyk sebäpli 2018-2019-njy ýyllaryň Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplarynyň yzyna ýygnalýandygyny habar berdi
Täzelenen Toyota HiLux ilkinji gezek rozetkadan zarýad alýan görnüşde we 8 basgançakly karobka bilen çykar
06.07.2025 20:08
10k+

Täzelenen Toyota HiLux ilkinji gezek rozetkadan zarýad alýan görnüşde we 8 basgançakly karobka bilen çykar

Toyota kompaniýasy HiLux pikabynyň täze plagin gibrid (PHEV) wersiýasyny taýýarlaýar. Ýapon çeşmeleriň ýazmagyna görä, bu modeliň elektrikleşdirilmegine gönükdirilen ilkinji ädim bolar we Ford Ranger PHEV hem-de BYD Shark 6 ýaly bäsdeşlere gönüden-göni jogap hökmünde çykarylar
Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär
06.07.2025 15:41
4k+

Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar
Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy
06.07.2025 14:41
6.9k+

Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar
Mitsubishi «Grandis» modelini Renault-nyň platformasynda gibrid krossower görnüşinde täzeden dikeltdi
05.07.2025 19:15
4.5k+

Mitsubishi «Grandis» modelini Renault-nyň platformasynda gibrid krossower görnüşinde täzeden dikeltdi

Mitsubishi kompaniýasy täze Grandis krossowerini hödürledi. Bu model 13 ýyllyk arakesmeden soň Ýewropa bazaryna dolanyp gelýär. Öňler miniwen görnüşinde çykarylan Grandis, indi Renault-yň platformasynda gurlan gibrid krossower görnüşinde täzeden döredildi
Porsche 911 Turbo-nyň hereketlendirijisini indi özbaşdak ýygnap bolýar: hereketlendirijiniň görnüşinde konstruktor çykaryldy
05.07.2025 19:05
5.3k+

Porsche 911 Turbo-nyň hereketlendirijisini indi özbaşdak ýygnap bolýar: hereketlendirijiniň görnüşinde konstruktor çykaryldy

Germaniýaly Franzis kompaniýasy Porsche 911 Turbo (930) modeliniň hereketlendirijisiniň görnüşinde özbaşdak ýygnamaga niýetlenen uly konstruktory hödürledi. Ol 250 detaldan ybarat bolup, Porsche-niň meşhur turbinaly hereketlendirijisini täzeden janlandyrýar
Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi
05.07.2025 06:27
8.7k+

Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi

Bentley ganatly nyşany bolan Winged B-niň täze görnüşini resmi taýdan hödürledi. Bu logotipiň soňky 20 ýylyň dowamyndaky ilkinji täzelenmesi bolup, brendiň 106 ýyllyk taryhyndaky bäşinji täzelenmesidir. Täze logotip ilkinji gezek 8-nji iýulda tanyşdyryljak konsept awtoulagda peýda bolar
Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler
04.07.2025 19:03
11k+

Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler

J.D. Power amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirilen 2025-nji ýylyň täze awtoulaglarynyň hil derejesi boýunça barlag dürli awtoulag brendleriniň ygtybarlylygynda uly tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardy. Pikir soraşma 92 694 sany adam gatnaşyp, olar ulaglaryny satyn alan pursadyndan başlap, ilkinji 90 gününiň dowamyndaky ýagdaýyna baha berdiler
Ýewropada Jaguar-yň satuwy rebrendingden we elektromobillere geçenden soň 98% pese gaçdy
04.07.2025 18:52
2.6k+

Ýewropada Jaguar-yň satuwy rebrendingden we elektromobillere geçenden soň 98% pese gaçdy

2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropada Jaguar awtomobilleriniň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 97,5% pese gaçdy – bary-ýogy 49 ulag satyldy. Ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda brendiň satuwy 75,1% peselip, 2665 awtomobil boldy
Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?
04.07.2025 18:45
9.3k+

Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?

Gras Tehniki uniwersitetiniň we Bonndaky institutlaryň biriniň nemes alymlary tormoz çyralaryny diňe yzda däl, eýsem, awtoulaglaryň öňünde hem oturtmaklyk ýol howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler diýen netijä geldiler diýip, CarBuzz habar berýär
ABŞ-da elektromobilleriň köne batareýalarynda täze maglumat merkezi işledildi
04.07.2025 18:35
6k+

ABŞ-da elektromobilleriň köne batareýalarynda täze maglumat merkezi işledildi

Newada ştatynda ulanylan elektromobilleriň batareýalaryndan öndürilen energiýa saklaýyş ulgamy bilen işleýän maglumat merkezi açyldy. Taslama Redwood Materials we Crusoe kompaniýalary tarapyndan dört aýyň içinde amala aşyryldy diýip, Bloomberg habar berýär
Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular
04.07.2025 11:56
6.2k+

Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular

Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir
Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär
04.07.2025 11:54
7.1k+

Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär

Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi
Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar
03.07.2025 18:27
4.1k+

Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär
Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar
03.07.2025 18:20
3.5k+

Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar

Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler
Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi
03.07.2025 17:58
16k+

Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär
Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy
03.07.2025 14:31
5.9k+

Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy

Toyota kompaniýasy Night Shade (“Gijeki kölege”) ady bilen Prius gibridiniň ýörite görnüşini çykardy. Awtomobil bamperlerinde gara goşundylara, gara gapy tutarlaryna, alýumin disklere we garaldylan nyşanlara eýe boldy
Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder
03.07.2025 10:54
5.8k+

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler
Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi
03.07.2025 10:49
3.1k+

Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi

Jeep markanyň Ýewropa bazary üçin iň aerodinamik wnedorožnigine öwrülen täzelenen Compass 2026-ny hödürledi. Täze krossoweriň aerodinamik garşylygynyň koeffisiýenti 0,29 bolup, bu öňki nesilden 10% gowudyr. Kämilleşdirilen
Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady
02.07.2025 11:34
12k+

Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär
Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar
02.07.2025 11:31
3k+

Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar

Nissan kompaniýasy e-Power gibrid ulgamynyň üçünji neslini hödürledi. Täze ulgam ilki bilen Ýewropa bazary üçin niýetlenen Qashqai krossowerine ornaşdyrylar. Modeliň önümçiligine Sanderlanddäki (Beýik Britaniýa) zawodda eýýämden başlandy, satuwlary bolsa sentýabr aýyna meýilleşdirilýär
Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi
02.07.2025 01:01
5.6k+

Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi

Soňky 25 ýylda awtoulaglaryň göwrüminiň yzygiderli ulalmagy sürüjiniň oturan ýerinden gözýetimiň ep-esli peselmegine sebäp boldy. Awtoulag howpsuzlygy boýunça Amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Ulag ministrliginiň seljerijileri birnäçe meşhur modeller üçin bu görkezijiniň 58% peselendigini hasaba aldylar
Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar
02.07.2025 00:58
4.5k+

Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar

Mercedes-Benz kompaniýasy bilen Germaniýanyň Federal awtotransport edarasy bilelikde 275 sany nusgada öndürilen Mercedes-AMG One giperkarlarynyň 219-synyň yzyna çagyrylýandygyny mälim etdi. Bu bolsa ähli öndürilen modelleriň, takmynan, 80%-i diýmek bolýar
Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär
02.07.2025 00:54
4.5k+

Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär

Ferrari abraýly umman ýaryşlaryna gatnaşmak üçin döredilen eksperimental ýahta bolan Hypersail taslamasyny hödürledi. Oňa ýelkenli giperkar diýilýär: gäminiň uzynlygy 30 metre deň, beýikligi bogaldagy bilen birlikde 40 metre çenli bolar
Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar
02.07.2025 00:51
5.1k+

Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar

Mersedes-AMG täze V8 hereketlendirijisini işläp taýýarlaýar, ony 2027-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2028-nji ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdirilýär. Muny bölümiň başlygy Mihael Şibe Motor1 bilen bolan söhbetdeşlikde mälim etdi
Kýonigsegg Jesko giperkarynyň iň ýowuz wersiýasyny çapyşyk atynyň hormatyna atlandyrdy
01.07.2025 18:15
3.6k+

Kýonigsegg Jesko giperkarynyň iň ýowuz wersiýasyny çapyşyk atynyň hormatyna atlandyrdy

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Jesko giperkarynyň iň ekstremal görnüşini - Sadair’s Spear atly modeli hödürledi. Täze modeliň ady esaslandyryjynyň kakasy we kompaniýanyň başlygy Ýesko fon Kýonigseggiň iň gowy görýän atynyň ady bilen baglanyşyklydyr
Mercedes-AMG 1360 at güýji bolan GT XX ulagynyň nusgasyny görkezdi
01.07.2025 18:05
3.9k+

Mercedes-AMG 1360 at güýji bolan GT XX ulagynyň nusgasyny görkezdi

Mersedes-AMG 2026-njy ýyla çenli önümçilik sedanyna öwrüljek aşa güýçli dört gapyly kupesini - GT XX konsepsiýaly elektrik awtoulagyny hödürledi. Täze model Porsche Taycan, Xiaomi SU7 Ultra we beýleki ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary bilen bäsleşmek üçin döredildi
Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy
01.07.2025 14:18
5.7k+

Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy
Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy
30.06.2025 19:19
7k+

Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy
Volvo XC60 brendiň iň köp satylan modeli boldy. Rekord 30 ýyldan soň üýtgedi
30.06.2025 10:57
4k+

Volvo XC60 brendiň iň köp satylan modeli boldy. Rekord 30 ýyldan soň üýtgedi

XC60 krossoweri Volvo-nyň taryhynda iň köp satylan modeli boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň umumy satuwy 2,7 milliondan geçdi. Mundan ozal, rekord Volvo 240 modeline degişlidi. Bu ulag 1993-nji ýylda önümçilikden aýrylypdy we onuň umumy satuwy, takmynan, 2,68 million bolupdy
Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy
29.06.2025 14:39
6.5k+

Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär
Nissan Ýakyn Gündogar üçin taryhynda iň güýçli Patrol-y çykardy
29.06.2025 12:44
7.5k+

Nissan Ýakyn Gündogar üçin taryhynda iň güýçli Patrol-y çykardy

Nissan kompaniýasy meşhur Patrol awtoulagynyň iň güýçli görnüşini — 2025-nji ýylyň Nismo modifikasiýasyny tanyşdyrdy. Täze model Dubaýda geçirilen ýörite çärede görkezildi, bu ýerde şeýle awtoulaglara isleg aýratyn ýokary
Xiaomi SU7 Ultra Nýurburgring ýaryş ýolunyň iň çalt üç awtoulagynyň hataryna girdi
28.06.2025 14:51
5k+

Xiaomi SU7 Ultra Nýurburgring ýaryş ýolunyň iň çalt üç awtoulagynyň hataryna girdi

Xiaomi Hytaýda SU7 Ultra supersedanynyň çäkli ýaryş wersiýasyny – Nýurburgring Limited Track Edition modelini hödürledi. Bu model bary-ýogy 100 nusgada öndüriler. Bu modeliň synag nusgasy Nýurburgring ýaryş ýoluny 6 minut 22,091 sekuntda geçdi