Gülgüne kaşaňlyk: Bentley Bentayga krossoweri Barbiniň äheňinde taýýarlanyldy
28.06.2025 14:17
7k+

Gülgüne kaşaňlyk: Bentley Bentayga krossoweri Barbiniň äheňinde taýýarlanyldy

Bentley kompaniýasy Bentayga krossoweriniň brend üçin adaty bolmadyk görnüşini hödürledi — müşderiniň islegi boýunca awtoulag Candy Pink reňkde taýýarlanyldy. ABŞ-dan bir müşderi Bentley-dan gülgüne reňkli Bentayga awtoulagyny sargyt etdi
Jeep täze Cherokee-niň dizaýnyny we onuň taryhy özgerişiniň tizerini görkezdi
27.06.2025 20:08
4.8k+

Jeep täze Cherokee-niň dizaýnyny we onuň taryhy özgerişiniň tizerini görkezdi

Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweriniň ilkinji suratlaryny hem-de modeliň ýyllar boýy üýtgeýşini görkezýän tizer-wideony paýlaşdy. Wideoda ilkinji nesillerdäki burçly dizaýndan tä häzirki zaman aýlawly formalara, täze nusgawy görnüşe çenli ösüş görkezilýär
2026-njy ýylyň Ford Explorer Tremor-y tanyşdyryldy. Ol Timberline-a derek çykdy
27.06.2025 17:52
4.1k+

2026-njy ýylyň Ford Explorer Tremor-y tanyşdyryldy. Ol Timberline-a derek çykdy

Ford kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň Explorer Tremor wnedorožniginiň täzelenen görnüşini hödürledi. Model önümçilikden aýrylan Timberline komplektasiýasynyň ornuna geldi. Täze model klirensi 25 mm ýokarlandyrylan wnedorožnik podweskasy, güýçlendirilen stabilizatorlar, öň tarap we yz tarap gorag plastinalary, şeýle hem ähli ýola bolýan rezinli 18 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr
Lamborghini 29 nusgada taryhynda iň güýçli ýol modelini çykarar
27.06.2025 17:48
3.6k+

Lamborghini 29 nusgada taryhynda iň güýçli ýol modelini çykarar

Lamborghini kompaniýasy awgust aýynda Kaliforniýada geçiriljek Monterey awtoulag hepdeligi üçin täze superkaryň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar. Täze awtoulag Fenomeno diýlip atlandyrylar we markanyň taryhynda iň güýçli ýol modeli bolar diýip, Supercar Blog habar berýär
Tekerleriň üstündäki konsert zaly: Audi täze modellerine Dolby Atmos tehnologiýasyny ornaşdyrýar
27.06.2025 12:19
4.5k+

Tekerleriň üstündäki konsert zaly: Audi täze modellerine Dolby Atmos tehnologiýasyny ornaşdyrýar

Dolby we Audi kompaniýalary hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy, onuň çäklerinde awtoulag öndürijisiniň ulaglaryna Dolby Atmos töwerekleýin ses tehnologiýasy ornaşdyrylar. Bu barada Dolby Laboratories kompaniýasy habar berdi
Toyota Land Cruiser Prado-nyň täze gibrid wersiýasyny çykardy: hem tokda, hem dizelde
27.06.2025 11:37
7.1k+

Toyota Land Cruiser Prado-nyň täze gibrid wersiýasyny çykardy: hem tokda, hem dizelde

Toyota kompaniýasy Land Cruiser Prado ulagynyň gibrid wersiýasyny tanyşdyrdy. Bu ulag modeliň Ýewropa bazary üçin niýetlenilen elektrikleşdirilen ilkinji görnüşidir. Täze 48-woltlyk gibrid ulgam, häzirki wagtda adaty Prado modellerinde ulanylýan 2,8 litrlik dizel hereketlendirijiniň binýadynda döredildi
Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi
26.06.2025 14:44
13k+

Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi

Toyota-nyň Britaniýadaky bölümi Land Cruiser wnedorožniginiň (beýleki sebitlerde Land Cruiser 250 ýa-da Land Cruiser Prado diýlip atlandyrylýan model şu ýerde şeýle at bilen satylýar) täze wersiýasyny hödürledi
Bentley 296 müň dollardan täze kaşaň Continental GT-leri hödürledi
26.06.2025 14:15
5.1k+

Bentley 296 müň dollardan täze kaşaň Continental GT-leri hödürledi

Bentley Core we Azure komplektasiýalarynda Continental GT 2025-iň täzelenen görnüşlerini görkezdi. Olar kuwwaty boýunça top Speed-den we Mulliner-den pes, ýöne markanyň firma hilini - rahatlygy, kaşaňlygy we dinamikasyny saklaýarlar
Ford aýal-gyzlaryň moda brendi bolan Alice + Olivia-nyň äheňinde Bronco hödürledi
26.06.2025 14:11
5.3k+

Ford aýal-gyzlaryň moda brendi bolan Alice + Olivia-nyň äheňinde Bronco hödürledi

ABŞ-da Ford Bronco-nyň alyjylarynyň 30% töweregi - zenanlar. Zenanlaryň arasynda modeliň täsirini has-da artdyrmak üçin awtoulag öndürijisi Alice + Olivia moda brendi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny yglan etdi
Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi
25.06.2025 11:44
28k+

Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi

3048 awtoulagy alyp barýan "Morning Midas" gämisi, üç hepdeläp dowam eden ýangyndan soň, Ýuwaş ummanynda suwa çümdi. Ekipaž agzalarynyň hiç biri zyýan çekmedi, ýöne 70 sany elektromobil we 681 sany gibrid awtoulagy hem öz içine alýan ähli ulaglar gämi bilen bilelikde suwuň düýbüne gitdi
Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar
25.06.2025 11:18
5.3k+

Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar

2026-njy ýylda Ýewropada Suzuki Across gibridiň ikinji nesli peýda bolar. Model Toyota RAV4-iň platformasynda gurlar. Ilkinji Suzuki Across birneme üýtgedilen RAV4 Plug-in Hybrid görnüşinde bolup, 2020-nji ýylda başgaça faralar, bamper we Suzuki nyşanlary bilen çykypdy
IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes
25.06.2025 11:06
16k+

IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes

Ýol howpsuzlygy Amerikan instituty (IIHS) täzelenen Top Safety Pick+ reýtingini çykardy. Onda 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ABŞ-da bar bolan iň ygtybarly ýeňil ulaglaryň sanawy ýerleşdirildi. Muňa gapdal urgulary
Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 
25.06.2025 10:15
9.3k+

Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 

Toyota GR Supra sport kupesiniň täze neslini işläp taýýarlaýar. Ýapon metbugatynyň habaryna görä, bu modeliň Lexus brendi astynda analogy peýda bolar. Iki awtoulag hem umumy platformada gurlar we gibrid elektrik güýç gurluşyny alar
Ford Meksikada owkalama funksiýaly oturgyçlary we V6 hereketlendirijisi bolan Lobo King Ranch pikapyny görkezdi
24.06.2025 13:44
6.3k+

Ford Meksikada owkalama funksiýaly oturgyçlary we V6 hereketlendirijisi bolan Lobo King Ranch pikapyny görkezdi

Ford kompaniýasy Meksikada 2025-nji ýylyň Lobo King Ranch kysymly awtoulagyň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu model markanyň ýurtdaky ýubileýine gabat gelýär we gaýtadan sazlanandan soň model hatary doldurdy. Ol Lariat, Platinum we Platinum Plus HEV komplektasiýalary bilen birlikde satylar
GM smartfona simsiz zarýad bermek üçin oturgyjyň arkalygynda jübi patentledi
24.06.2025 12:02
5.2k+

GM smartfona simsiz zarýad bermek üçin oturgyjyň arkalygynda jübi patentledi

General Motors kompaniýasy smartfonlar üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny patentledi. Onuň US 2025/0178549 A1 belgi bilen neşir edilen patentinde diňe bir täze amatly jübi däl, eýsem öňdäki oturgyjyň arka tarapynda gurlan doly derejeli zarýad moduly beýan edilýär
Tesla Tehasda robotaksi hyzmatyny işe girizdi – ýöne hemmeler üçin däl
24.06.2025 00:10
6.6k+

Tesla Tehasda robotaksi hyzmatyny işe girizdi – ýöne hemmeler üçin däl

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň Ostin şäherinde çäklendirilen sürüjisiz taksi hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi. “Tehas ştatynyň Ostin şäherinde Tesla Robotaxi gatnap başlady” – diýlip, kompaniýanyň resmi X akkauntynda aýdylýar
Stellantis tormoz bilen bagly mesele sebäpli Peugeot, Citroen, DS we Opel modellerini yzyna çagyrýar
23.06.2025 13:20
2.8k+

Stellantis tormoz bilen bagly mesele sebäpli Peugeot, Citroen, DS we Opel modellerini yzyna çagyrýar

Stellantis kompaniýalar topary tormoz ulgamyndaky näsazlyk sebäpli birnäçe Peugeot, Citroen, DS we Opel modelleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Mesele elektron tormoz dolandyryşy (EBS) ulgamyndaky alýumin klapan blogy bilen baglanyşykly
Honda harytlary daşamak üçin niýetlenen pedally ýük kwadrosiklini döretdi
22.06.2025 18:08
8.2k+

Honda harytlary daşamak üçin niýetlenen pedally ýük kwadrosiklini döretdi

Honda kompaniýasy şäher şertleri üçin ýörite işlenip düzülen täze eQuad elektrikli kwadrosiklini görkezdi. Bu model welosiped ýollarynda hereket etmek we ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Ykjam dört tigirli ulag serişdesi sürüjiniň oturgyjynyň yzynda ýerleşýän ýük bölümi we welosiped pedallary bilen enjamlaşdyrylandyr
Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi
22.06.2025 11:39
5.3k+

Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Dark Matter ady bilen täze elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Ol dört orunly Gemera gibrid giperkarynyň öňdäki okuna oturtmak üçin niýetlenýär. Hereketlendirijiniň kuwwaty 800 at güýjüne, aýlama güýji 1250 Nm barabar
Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy
21.06.2025 17:12
5.6k+

Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy flagman sedanlarynyň – 2026-njy ýylyň K5 we K8 modelleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi. Awtoulaglaryň ikisi hem täze «Best Selection» atly toplum bilen çykýar. Täze görnüş giňeldilen enjamlary bilen tapawutlanýar
Ford oturgyçlarynda we gapylarynda kemçiligi sebäpli ýarym million ulagyny yzyna çagyrýar
20.06.2025 23:03
4.5k+

Ford oturgyçlarynda we gapylarynda kemçiligi sebäpli ýarym million ulagyny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy oturgyçlar we gapylar bilen baglanyşykly iki aýry kemçilik sebäpli 500 000 töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Birinji mesele 302 000 sany Ford Explorer we Lincoln Aviator ulaglaryna degişli
Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi
20.06.2025 18:56
3.7k+

Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi

Stellantis kompaniýasy täze üç basgançakly geçiriş karobkasy üçin patent aldy. Täze karobka konserne degişli geljekki elektromobilleriň ýolsuz ýerlerde hem netijeli hereket etmegine mümkinçilik berer. Täze transmissiýanyň Jeep ýa-da RAM ýaly brendleriň doly (ähli tigirlerden) herekete getirijili elektrikli modellerinde ulanylmagy mümkin diýip, «Motor1» habar berýär
Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady
20.06.2025 18:37
9k+

Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady

30-njy iýundan Tesla Tehasdaky zawodynda elektromobil önümçiligini bir hepdelik togtadar. Bu islegiň pese gaçmagy we satylmadyk awtomobilleriň uly möçberde üýşmegi bilen baglanyşykly boldy. Öndürilen, ýöne satylmadyk ulaglary saklamak üçin bolsa goşmaça parklary kärendesine almaly diýip, Electrec ýazýar
BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar
20.06.2025 09:48
3.8k+

BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar

Xiaomi müşderilere ikinji awtomobilini – YU7 modelini hödürlemäge taýýarlanýar. Önümçilik eýýäm başlady we müňlerçe ulag Pekiniň Içžuan sebitindäki Xiaomi-niň zawodynda taýýar dur. Üpjünçilik iýul aýynda başlap biler
Täze Tesla Model X 2026 dizaýn taýdan kämilleşdi, has rahat boldy we geçýän menzili artdy
19.06.2025 13:59
6.4k+

Täze Tesla Model X 2026 dizaýn taýdan kämilleşdi, has rahat boldy we geçýän menzili artdy

Tesla dizaýn, aerodinamika taýdan has kämilleşen we has rahat bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen Model X ulagyny hödürledi. Esasy üýtgeşmeleriň biri kuzowyň täze sowuk gök reňki – Frost Blue Metallic boldy
ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi
19.06.2025 11:14
6.6k+

ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy instituty (IIHS) 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingini hödürledi. Iň ýokary Top Safety Pick we Top Safety Pick+ bahalaryny diňe iki awtomobil aldy. Bu Toyota Tundra-nyň Crew Cab wersiýasy we Rivian R1T elektrik pikapy boldy
Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda köpçülikleýin elektromobilleriň rekordyny täzeledi
19.06.2025 11:10
2.8k+

Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda köpçülikleýin elektromobilleriň rekordyny täzeledi

Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda iki sany täze rekord goýdy. Arap ýaryşa gatnaşyjysy Ramez Azzam Abu-Dabidäki “Ýas Marina” ýoly boýunça aýlawy 2 minut 7,2 sekuntda geçdi. Bu “Formula-1-iň” Gran-prisiniň geçirilýän awtodromynda köpçülikleýin elektromobiller üçin täze rekord boldy
Pensilwaniýada Tesla-nyň awtopiloty elektromobili demirýol relsleriniň üstüne sürdi
19.06.2025 11:00
13k+

Pensilwaniýada Tesla-nyň awtopiloty elektromobili demirýol relsleriniň üstüne sürdi

Tesla elektromobillerine ornaşdyrylan FSD (Full Self-Driving) awtonom sürüş ulgamy ýene ýol-ulag hadysasyna düşdi. Bu gezek awtopilot bilen dolandyrylýan «Model 3» demirýola çykdy diýip, «Carscoops» habar berýär
Audi ähli ulaglaryny elektrikli hereketlendirijä geçirmek pikirinden dändi
19.06.2025 10:40
2k+

Audi ähli ulaglaryny elektrikli hereketlendirijä geçirmek pikirinden dändi

Audi ugruny üýtgedýär: kompaniýa 2033-nji ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik hereketlendirijä geçirmek baradaky meýilnamasyndan resmi taýdan ýüz öwürdi. Germaniýaly brend esasy bazarlardaky durnuksyz islege we dürli şertlere uýgunlaşmak zerurlygy bilen baglylykda, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (IÝH) modelleri hatarda saklamaga karar berdi
MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady
19.06.2025 10:29
4.8k+

MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady

MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär
BMW karbondan ýüz öwrüp, ulaglarynda zygyr süýümini ulanyp başlady
19.06.2025 09:50
4.2k+

BMW karbondan ýüz öwrüp, ulaglarynda zygyr süýümini ulanyp başlady

BMW tebigy süýümden ýasalan elementlere eýe bolan M4 GT4 modelini hödürledi. Ulag 19-22-nji iýunda “24 sagat Nýurburgring” ýaryşyna gatnaşar. Bu awtomobil kompaniýanyň durnukly tehnologiýalary köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrmakda ilkinji ädimi boldy
Täzelenen Volvo XC40 2026 krossoweriniň satuwy başlandy
18.06.2025 14:42
5.6k+

Täzelenen Volvo XC40 2026 krossoweriniň satuwy başlandy

Volvo kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen XC40 krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Awtoulag bäş sany toplumda hödürlenýär, olaryň hemmesi «ýumşak» gibrid ulgam bolan 48-woltlyk goşundyly 2,0 litrlik turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan
Audi A7L 2025 tanyşdyryldy: 3,0 litrlik hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam
18.06.2025 10:33
4.3k+

Audi A7L 2025 tanyşdyryldy: 3,0 litrlik hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam

Audi kompaniýasy 2025-nji ýylyň täzelenen A7L sedanyny tanyşdyrdy. Awtoulag 7 komplektasiýada hödürlenýär diýip, «ITHome» habar berýär. Daşky keşbi boýunça täze model ýylyna geçýän A7L-de hiç hili üýtgeşme ýok
Maserati we Alfa Romeo birleşmäge mejbur bolar
18.06.2025 10:31
3.5k+

Maserati we Alfa Romeo birleşmäge mejbur bolar

Maserati we Alfa Romeo kompaniýalarynyň baş direktory Santo Fiçili awstraliýaly we aziýaly žurnalistlere beren beýanatynda, Stellantis-iň täze ýolbaşçysynyň öňünde düýpli üýtgeşmeler boýunça meýilnamasynyň bardygyny aýtdy
Indi ulag dyknyşyklarynyň üstünden uçubam geçip bolar. Hytaý 69,5 müň dollardan uçýan trisiklleri çykardy
18.06.2025 10:21
11k+

Indi ulag dyknyşyklarynyň üstünden uçubam geçip bolar. Hytaý 69,5 müň dollardan uçýan trisiklleri çykardy

Hytaýyň elektrik skuterleri bilen tanalýan Kuickwheel tehnologiýa kompaniýasy bu gezek düýbünden täze ulagy – uçýan Skyrider X6 trisikl-amfibiýalaryny hödürledi. Täze önümiň görkezme uçuşy Pekinde geçirildi. Uçmak üçin trisikl alty sany wint bilen enjamlaşdyryldy, olaryň hersi aýratyn egnine oturdyldy
Nissan işe ukyplylygyny saklamak üçin Renault-daky paýyny azaldýar
17.06.2025 19:27
1.7k+

Nissan işe ukyplylygyny saklamak üçin Renault-daky paýyny azaldýar

Nissan-yň baş direktory Iwan Espinoza kompaniýanyň Renault fransuz awtoöndürijisindäki paýyny azaltmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Mart aýynda Nissan we Renault biri-birinde eýeçilik edýän paýlarynyň talap edilýän iň az möçberini 15%-den 10%-e çenli azaltmak barada ylalaşdy
Dubaýda dünýäde ýeke-täk Pagani Zonda Mileson giperkary görkezilýär. Onuň bahasy 10 million dollar
17.06.2025 10:28
5.7k+

Dubaýda dünýäde ýeke-täk Pagani Zonda Mileson giperkary görkezilýär. Onuň bahasy 10 million dollar

Pagani Zonda Mileson giperkarynyň ýeke-täk nusgasy Dubaýdaky F1rst Motors sergi zalynda görkezilýär. Bu model milliarderiň ogly Maýlz Gonuň şahsy sargydy bilen 2016-njy ýylda çykaryldy. Awtoulagyň bahasy 10 million dollardan gowrak
Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar
16.06.2025 18:35
10k+

Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar

Toyota geljek ýyl Highlander krossoweriniň täze neslini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu model Hytaýda işlenip düzüler.  Sienna awtoulagynyň indiki wersiýasy hem HHR-de şuňa meňzeş görnüşde dörediler diýip, CarNewsChina habar berýär
Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi
16.06.2025 17:21
5.7k+

Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi

Renault Trucks we Kleuster şäher logistikasy üçin niýetlenen Kleuster 350 kysymly elektrik ýük welosipedini hödürlediler. Bu modeliň önümçiligi Fransiýanyň Wenisýo şäherindäki Renault Trucks zawodynda ýola goýuldy
Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar
16.06.2025 13:45
4.4k+

Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar

Audi kompaniýasy Hytaý bazary üçin Q6 krossoweriniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar. Ýewropanyň elektrikli Q6 e-tron-yndan tapawutlylykda, hytaý modeli benzin hereketlendirijisini alar we Volkswagen Golf-da we Audi A3-de hem ulanylýan uzaldylan MQB Evo platformasynda gurlar