BMW ýangyn howpy sebäpli dünýä boýunça ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar
13.02.2026 12:06
4k+

BMW ýangyn howpy sebäpli dünýä boýunça ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

BMW awtokonserni starteriň näsazlygy sebäpli dünýä boýunça ýüz müňlerçe awtoulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, bu näsazlyk ulagyň ot almagyna sebäp bolup bilýär
Awstraliýada Toyota Hilux-yň mahabaty gadagan edildi: Sebäp — itler
13.02.2026 11:54
7k+

Awstraliýada Toyota Hilux-yň mahabaty gadagan edildi: Sebäp — itler

Awstraliýanyň mahabat standartlary boýunça geňeşi Toyota Hilux modeliniň täze wideosyny "kanuna garşy we howply hereketleri wagyz edýär" diýip hasaplady. CarExpert portalynyň habar bermegine görä, regulýatorlar wideonyň häzirki görnüşinde efire berilmegini bes etmegi talap etdiler
Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar
13.02.2026 11:45
2.2k+

Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar

The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär
Subaru alyjylaryň aladasyny edip, 2026-njy ýylyň Forester-ini 2025 modelinden arzan satýar
13.02.2026 11:23
1.7k+

Subaru alyjylaryň aladasyny edip, 2026-njy ýylyň Forester-ini 2025 modelinden arzan satýar

Subaru amerikan bazarynda garaşylmadyk we batyrgaý ädim ätdi. Täze 2026-njy ýyl modelindäki Forester krossoweri 2025-nji ýyldaky nusgasyndan has arzan baha bilen satuwa çykaryldy. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu wagtlaýyn aksiýa däl-de, eýsem alyjylyk ukybynyň peselmegine garşy durmak üçin saýlanyp alnan ýörite strategiýadyr
Mercedes S-Class ýarym asyrdan soň ilkinji gezek mata salon aldy — ýöne ol deriden has gymmat
13.02.2026 11:13
4.1k+

Mercedes S-Class ýarym asyrdan soň ilkinji gezek mata salon aldy — ýöne ol deriden has gymmat

Täzelenen Mercedes-Benz S-Class modeliň 54 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek oturgyçlaryny deri (koža) bilen däl-de, mata bilen bezemek mümkinçiligini hödürleýär. Bu täze opsiýa häzirki wagtda Germaniýanyň onlaýn konfiguratorynda ulagyň binýatlyk dizel wersiýasy bolan S350d üçin elýeterli edildi
Ford elektrokarlaryň önümçiliginden milliardlarça dollar zyýan çekýär
13.02.2026 10:51
2.6k+

Ford elektrokarlaryň önümçiliginden milliardlarça dollar zyýan çekýär

Ford kompaniýasynyň elektrik ulaglary bölümi ("Model e") 2025-nji ýylyň dördünji çärýegini 1,2 milliard dollar zyýan bilen ýapdy. Kompaniýanyň çap eden maliýe hasabatyna görä, bu döwürde bölümiň girdejisi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 7% peselip, 1,3 milliard dollara düşdi
Hyundai Elantra-nyň düýpli üýtgeşme girizilen täze nesli synag edilýär
12.02.2026 12:14
8.2k+

Hyundai Elantra-nyň düýpli üýtgeşme girizilen täze nesli synag edilýär

Hyundai Elantra modeliniň täze nesli gyşky ýol synaglarynyň dowamynda ilkinji gezek surata düşürildi. 2027-nji model ýyly hökmünde hödürlenjek bu awtoulag, dizaýn taýdan häzirki wersiýasyndan düýpli üýtgeşmeler bilen hemmeleri geň galdyrdy
Täze eýýam: Toyota Highlander 2027 dolulygyna elektrik görnüşe geçdi
11.02.2026 11:25
8.2k+

Täze eýýam: Toyota Highlander 2027 dolulygyna elektrik görnüşe geçdi

Toyota meşhur Highlander modeliniň 2027-nji ýyl üçin niýetlenen täze neslini tanyşdyrdy. Bu gezek Toyota düýpli ädim ädip, Highlander-iň benzinli we gibrid wersiýalaryndan doly ýüz öwürdi we ony diňe elektrikli (BEV) model hökmünde hödürledi
Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi
11.02.2026 10:07
2.1k+

Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň multimediýa ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen Fluorite atly hususy oýun hereketlendirijisini işläp düzmäge başlady. Bu taslama Toyota-nyň sanly hyzmatlar we interfeýsler üçin jogapkär bölümi bolan Toyota Connected North America tarapyndan amala aşyrylýar
BMW 2026-njy "At ýylyna" bagyşlanan çäkli sanly X5 modelini hödürledi
10.02.2026 13:00
7.3k+

BMW 2026-njy "At ýylyna" bagyşlanan çäkli sanly X5 modelini hödürledi

BMW kompaniýasy özüniň meşhur krossoweriniň ýöriteleşdirilen görnüşini — BMW X5 "Year of the Horse Limited Edition" modeliniň resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu awtoulag gündogar senenamasy boýunça At ýylyna bagyşlanyp taýýarlanyldy
Ilkinji sürüjisiz Toyota Platinum 4X önümçilikden çykdy
10.02.2026 10:30
6.1k+

Ilkinji sürüjisiz Toyota Platinum 4X önümçilikden çykdy

GAC Toyota zawodynda Pony.ai kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen, L4 derejeli özbaşdak dolandyrylýan (sürüjisiz) ilkinji Platinum 4X awtoulagy önümçilik çykdy. Bu waka iki ägirdiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň synag tapgyryndan köpçülikleýin senagat önümçiligine geçendigini alamatlandyrýar
Kia-nyň ABŞ-daky satuwy 13% ýokarlandy: Isleg krossowerlere we miniwenlere tarap süýşýär
10.02.2026 09:31
2.8k+

Kia-nyň ABŞ-daky satuwy 13% ýokarlandy: Isleg krossowerlere we miniwenlere tarap süýşýär

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, Kia ABŞ-da jemi 64 502 awtoulag satmagy başardy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% ösüşi aňladýar. Emma brendiň elektrik ulaglary (EV) segmentinde garaşylmadyk pese gaçyş hasaba alyndy
Mercedes-AMG C-klass modellerine alty silindrli hereketlendirijileri gaýtaryp getirýär
10.02.2026 09:21
2.6k+

Mercedes-AMG C-klass modellerine alty silindrli hereketlendirijileri gaýtaryp getirýär

Mercedes-AMG özüniň meşhur C-klass modellerini 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijilere geçirmek synanyşygynyň garaşylan netijäni bermändigini boýun aldy. Kompaniýa müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup, ýene-de uly göwrümli hereketlendirijilere dolanmak kararyna geldi
Maşyn ussaçylygyny öwrenmek isleýäňizmi? Steam platformasynda ýörite oýun çykdy
09.02.2026 15:46
8.4k+

Maşyn ussaçylygyny öwrenmek isleýäňizmi? Steam platformasynda ýörite oýun çykdy

Steam sanly platformasynda awtoserwis dolandyrmak boýunça simulýator (öýkünme oýny) bolan "Car Service Together" atly oýun irki elýeterlilikde köpçülige hödürlendi. Taslama öz awto-ussahanaňy ýekelikde hem, birbada dört adam bolup hem ösdürmäge mümkinçilik berýär
Toyota 2026-njy ýylyň "Prado Altitude" modelini täzeledi: goşmaça tölegsiz täze funksiýalar goşuldy
08.02.2026 21:03
7.5k+

Toyota 2026-njy ýylyň "Prado Altitude" modelini täzeledi: goşmaça tölegsiz täze funksiýalar goşuldy

Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýolsuzlyk şertleri üçin iň amatly görnüşi bolan Altitude modeliniň 2026-njy ýyl üçin täzelenmesini çykardy. Indi awtoulagyň enjamlaşdyrylyşyna 18 dýuýmlyk tekerler we hemme ýere niýetlenen şinalar üçin uýgunlaşdyrylan teker basyşyna gözegçilik ulgamy (TPMS) goşuldy
Toyota rekord mukdarda maşyn öndürip satsa-da, prezidentini çalyşdy
07.02.2026 15:54
7.8k+

Toyota rekord mukdarda maşyn öndürip satsa-da, prezidentini çalyşdy

​Aprel aýyndan başlap, dünýäniň iň iri awtoulag öndürijisi bolan "Toyota Motor" kompaniýasynyň täze prezidenti 57 ýaşly Kenta Kon bolar. ​Maliýe hünärmeniniň korporasiýanyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi, kompaniýanyň nobatdaky önümçilik rekordyny goýmagynyň yzysüre boldy: 2025-nji ýylda "Toyota Motor" bütin dünýäde 11,32 mln awtoulag satyp, satuw mukdaryny 4,6% artdyrdy
Dacia Sandero 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň geçginli awtoulagy boldy
07.02.2026 15:15
1.9k+

Dacia Sandero 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň geçginli awtoulagy boldy

JATO Dynamics analitik agentliginiň täze hasabatyna görä, Dacia Sandero hetçbegi 2025-nji ýylyň dowamynda Ýewropada iň köp satylan awtoulag hökmünde hasaba alyndy. Ýyl boýunça bu modelden jemi 238 500 sany satyldy
Üç sany Bugatti Bolide doňan kölüň üstünde synagdan geçirildi
07.02.2026 15:11
5.1k+

Üç sany Bugatti Bolide doňan kölüň üstünde synagdan geçirildi

Bugatti kompaniýasy özüniň täze Bolide giperkarlary üçin adatdan daşary synag sürüşini gurady. Bu täsirli waka Şweýsariýanyň meşhur kurortynda, doňan kölüň üstünde geçirilýän «ICE St. Moritz» festiwalyň çäginde boldy
BMW täze iX3 modellerinde 360 kamera üçin aýlyk töleg girizýär
07.02.2026 14:25
3.4k+

BMW täze iX3 modellerinde 360 kamera üçin aýlyk töleg girizýär

BMW awtomobile adaty eýelik etmegiň çäklerini ýene bir gezek barlaýar. Oturgyçlaryň we ruluň gyzdyrylmagy üçin abuna ýazylyşygyndan ýüz öwreninden soň, kompaniýa aýlyk tölegler meselesini doly ýapmady. Täze elektrik BMW iX3 modeli birbada birnäçe funksiýa eýe bolar, ýöne olar üçin awtomobili satyn alanyňyzdan soň aýratyn töleg tölemeli bolar
Toyota ABŞ-da ulaglaryň bahalarynyň gymmatlajakdygy we RAV4-iň gytçylygy barada duýdurdy
06.02.2026 19:48
7.2k+

Toyota ABŞ-da ulaglaryň bahalarynyň gymmatlajakdygy we RAV4-iň gytçylygy barada duýdurdy

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ABŞ-nyň bazarynda awtoulaglaryň nyrhlarynyň ýokarlanjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Kompaniýanyň Demirgazyk Amerika bölüminiň wise-prezidenti Endrýu Gillelandyň aýtmagyna görä, bahalaryň adaty bolşy ýaly ýylda iki gezek däl-de, eýsem üç tapgyrda gymmatlamagyna garaşylýar
Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi
06.02.2026 15:08
2.9k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy
McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar
06.02.2026 13:09
1.3k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler
Volkswagen täze pikap ulagyny guşuň ady bilen atlandyrdy
06.02.2026 10:44
3.9k+

Volkswagen täze pikap ulagyny guşuň ady bilen atlandyrdy

Volkswagen kompaniýasy Braziliýanyň bazary üçin ýörite işlenip düzülen täze pikapynyň ilkinji resmi suratyny çap etdi we onuň adynyň Tukan (Tukan guşunyň hatyrasyna) boljakdygyny tassyklady. Bu täze model, adybir guşuň çüňküne mahsus bolan açyk sary reňki bilen tapawutlanýar
Ford bilen Geely awtomobil senagatynda bileleşik döretmegi maslahatlaşýar
06.02.2026 06:55
2k+

Ford bilen Geely awtomobil senagatynda bileleşik döretmegi maslahatlaşýar

Amerikanyň Ford we Hytaýyň Geely kompaniýalary strategik hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýärler. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Hususan-da, Geely Ýewropa bazary üçin awtomobilleri Ford-uň Ýewropadaky kuwwaty derejesinde öndürmek mümkinçiligine seredýär
Škoda 2025-nji ýylda bir milliondan gowrak awtomobil çykardy
05.02.2026 18:24
4.1k+

Škoda 2025-nji ýylda bir milliondan gowrak awtomobil çykardy

2025-nji ýylda Škoda Auto kompaniýasy bütin dünýäde 1 065 000 ulag öndürdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% ýokary bolup, brendiň soňky alty ýylda iň gowy netijesi hasaplanýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Mlada-Boleslawdaky esasy zawod 605 600 sany ulag çykardy
Toyota «Highlander-iň» mirasdüşeriniň salonyny görkezdi: 3 hatar oturgyç we döwrebap tehnologiýalar
05.02.2026 11:26
6.6k+

Toyota «Highlander-iň» mirasdüşeriniň salonyny görkezdi: 3 hatar oturgyç we döwrebap tehnologiýalar

Toyota kompaniýasy «Highlander» modeliniň ornuny tutjak täze, üç hatar oturgyçly krossoweriniň içki keşbiniň ilkinji suratyny (tizerini) paýlaşdy. Ulagyň resmi danyşdyrylyşy 10-njy fewralda bolar, ýöne eýýämden görünýän zat — kompaniýa giňişlige we ýokary tehnologiýalara esasy ünsüni gönükdiripdir
2026-njy ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary: Ýapon markalary ýene-de öňde
05.02.2026 01:43
7.1k+

2026-njy ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary: Ýapon markalary ýene-de öňde

«Consumer Reports» neşiriniň bilermenleri 380 000-den gowrak awtoulag eýesiniň tejribesine esaslanyp, 2026-njy ýylda iň ygtybarly awtoulag öndürijileriniň sanawyny düzdüler. Barlaglar dürli markalaryň uzak möhletleýin berkligini we tehniki näsazlyklara durnuklylygyny ýüze çykardy
Täze Hyundai Tucson ýiti burçly dizaýna, «akylly» salona we diňe gibrid hereketlendirijilere eýe bolar
04.02.2026 12:59
6.1k+

Täze Hyundai Tucson ýiti burçly dizaýna, «akylly» salona we diňe gibrid hereketlendirijilere eýe bolar

Hyundai kompaniýasy özüniň iň meşhur krossoweri bolan Tucson modeliniň täze neslini çykarmaga taýýarlanýar. «Carscoops» neşiriniň habar bermegine görä, 2027-nji ýylda bazara çykjak täze model has "agras" (brutal) görnüşe eýe bolar we diňe gibrid güýç ulgamlary bilen hödürlener
Google ruldaky düwmeleriň işini bozan Android Auto näsazlygyny düzetdi
04.02.2026 08:58
1.4k+

Google ruldaky düwmeleriň işini bozan Android Auto näsazlygyny düzetdi

Google kompaniýasy Android Auto 16.1 täzelenmesini ulanyşa goýberip başlady. Bu täze programma üpjünçiligi ulgama uly funksiýalary goşmasa-da, köp sanly ulanyjylaryň närazylygyna sebäp bolan çynlakaý tehniki näsazlygy çözýär
1,2 milliondan gowrak Ford F-150 howply näsazlyk sebäpli yzyna çagyrylyp bilner
04.02.2026 08:44
3.1k+

1,2 milliondan gowrak Ford F-150 howply näsazlyk sebäpli yzyna çagyrylyp bilner

ABŞ-nyň Ýollarda hereketiň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy (NHTSA) 2015-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen Ford F-150 pikaplarynyň tehniki ýagdaýy boýunça barlag işlerine başlady. Bu barlag takmynan 1,27 million awtoulaga degişlidir
Italýan kompaniýasy 1920-nji ýyllaryň ruhundaky 8 metrlik limuzini görkezdi
04.02.2026 00:12
7.2k+

Italýan kompaniýasy 1920-nji ýyllaryň ruhundaky 8 metrlik limuzini görkezdi

Italiýanyň Aznom Automotive kompaniýasy Camal Design Studio bilen bilelikde uzynlygy takmynan 8 metre ýetýän L’Epoque atly premium limuzininiň konseptini tanyşdyrdy. Täze taslama iň kaşaň ulaglara alternatiw hökmünde hödürlenilýär
Hytaý dünýäde ilkinji bolup awtomobillerde gizlin gapy tutarlaryny gadagan etdi
03.02.2026 21:05
6.6k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup awtomobillerde gizlin gapy tutarlaryny gadagan etdi

Hytaý howpsuzlyk maksatlary sebäpli awtomobillerde gizlin gapy tutarlaryny ulanmagy gadagan etmek barada karar kabul eden dünýäde ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Straits Times neşiri habar berýär. Hytaýyň Senagat
Mercedes-Benz Hytaýda düýpli arzanlaşyk etdi: Käbir modelleriň bahasy 10 müň dollardan gowrak düşdi
03.02.2026 11:48
7.3k+

Mercedes-Benz Hytaýda düýpli arzanlaşyk etdi: Käbir modelleriň bahasy 10 müň dollardan gowrak düşdi

Mercedes-Benz kompaniýasy Hytaýdaky «Beijing Benz» bilelikdäki kärhanasynyň üsti bilen birnäçe meşhur modelleriniň bahasyny ep-esli aşak düşürdi. Bahalaryň täzelenmegi esasan C-Class sedanlaryna hem-de GLB, GLC we GLC Coupe krossowerlerine degişli boldy
Lexus şu ýylyň awgustynda «LC» modeliniň önümçiligini bes eder
03.02.2026 11:23
5.1k+

Lexus şu ýylyň awgustynda «LC» modeliniň önümçiligini bes eder

Lexus kompaniýasy şu ýylyň awgust aýynda özüniň meşhur LC kupesini we kabrioletini önümçilikden aýyrýar. Bu barada «Road & Track» neşiri brendiň ABŞ-nyň dilerlerine ugradan resmi hatyna salgylanyp habar berýär
Hyundai we Kia ulagyň töweregindäki obýektleri galtaşyksyz anyklaýan ulgamyny tanyşdyrdy
03.02.2026 11:19
3.4k+

Hyundai we Kia ulagyň töweregindäki obýektleri galtaşyksyz anyklaýan ulgamyny tanyşdyrdy

Hyundai Motor Company we Kia Corporation kompaniýalary daş-töwerekdäki obýektlere hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmek üçin ultra giň zolakly aragatnaşyk (UWB) tehnologiýasyna esaslanýan «Vision Pulse» howpsuzlyk ulgamyny işläp düzdüler
Kia Seltos krossoweriniň täze nesli satuwa çykdy: Bahasy 17 müň dollardan başlaýar
02.02.2026 16:44
4.3k+

Kia Seltos krossoweriniň täze nesli satuwa çykdy: Bahasy 17 müň dollardan başlaýar

Kia kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda meşhur Seltos krossoweriniň ikinji neslini resmi taýdan tanyşdyrdy we satuwa çykardy. Täze model düýpli özgerdilen dizaýny, ulaldylan ölçegleri we ilkinji gezek hödürlenilýän gibrid güýç ulgamy bilen tapawutlanýar
Tesla-nyň sürüjisiz taksileri adaty sürüjilerden has köp heläkçilige uçraýar
02.02.2026 12:58
4k+

Tesla-nyň sürüjisiz taksileri adaty sürüjilerden has köp heläkçilige uçraýar

Ostin şäherinde (ABŞ) Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz taksileri ulagy hakyky adamyň dolandyrýan ýagdaýlary bilen deňeşdirilende has ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar. Bu barada «Carscoops» neşiri habar berýär
Hyundai «Santa Cruz» pikapynyň önümçiligini wagtyndan öň bes edýär
02.02.2026 11:08
3.2k+

Hyundai «Santa Cruz» pikapynyň önümçiligini wagtyndan öň bes edýär

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy göteriji kuzowly Santa Cruz pikapynyň önümçiligini meýilleşdirilen möhletinden öň duruzmagy karar etdi. Bu barada «Automotive News» neşiri habar berýär. Ilkibaşda bu modeliň önümçilik döwri 2027-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli dowam etmeli diýlip meýilleşdirilipdi
Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy
02.02.2026 10:30
2.7k+

Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy

Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir
BMW fewral aýyndan başlap ähli modelleriniň nyşanyny täzelär
02.02.2026 02:22
7.1k+

BMW fewral aýyndan başlap ähli modelleriniň nyşanyny täzelär

Fewral aýyndan başlap BMW awtokonserni, hereketlendirijiniň görnüşine garamazdan, ähli modellerinde täzelenen nyşany ulanar. Berlen maglumatlara görä, täze dizaýnda içki hrom halkadan we reňkli bölekleriň gyrasyndaky germewlerden ýüz öwrüldi