McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

06.02.2026, 08:091,180
1 / 5

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler.

​Her bir awtoulag McLaren Special Operations (MSO) bölümi tarapyndan ýörite taýýarlanyp, elde reňklenipdir. Onuň reňkleri — Mayan Orange we Onyx Black — 2025-nji ýylyň möwsüminde ýeňiş getiren McLaren MCL39 bolidiniň dizaýnyny gaýtalaýar. Dizaýnyň içine toparyň taryhyndaky öňki çempion ulaglaryň şekilleri we "10" sany ýyldyzly nyşanlar ýaly gizlin maglumatlar ýerleşdirilipdir.
​Awtoulagyň daşky görnüşini Super-Lightweight Dynamo atly ýalpyldawuk gara diskler, ​ýörite sport görnüşli gaz çykaryjy ulgam bezeýär.
​Salonyň içinde oturgyçlarda keşdelenen "10" sanysy, rulda sarymtyk reňkli bellik, Nappa derisi we Alcantara matasy bar.
​Her bir awtoulagda şol çempionlyk möwsüminiň statistikasyny görkezýän ýörite tabliçka bar.
​Awtoulagyň bosagasynda Formula-1-iň 2025-nji ýyldaky çempiony Lando Norris we onuň topardaşy Oskar Piastri tarapyndan goýlan hakyky gollar bar.
​Superkaryň kapotynyň aşagynda 3.0 litrlik V6 hereketlendirijisinden we elektrik motorundan ybarat bolan 700 at güýjüne (käbir maglumatlara görä 690 bhp) eýe bolan gibrid ulgam ýerleşýär.
​0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3 sekuntda ýetýär.
​Häzirlikçe bu eksklýuziw awtoulagyň bahasy we haçan satylyp başlanjakdygy mälim edilmedi. Emma eýelerine awtoulag bilen birlikde sürüjileriň goly goýlan ýadygärlik sowgatlarynyň hem beriljekdigi habar berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.