Formula-1-iň ýedi gezek çempiony bolan Lýuis Hamilton çagalykdan bäri arzuw edýän awtoulagyny — Ferrari F40 superkaryny satyn aldy.
Sürüji mundan öň elindäki awtoulaglarynyň tas ählisinden dynyp, mundan beýläk sungat eserlerini ýygnajakdygyny aýdypdy. Ýöne şol wagtam ýeke-täk awtoulaga ýetmek isleginiň bardygyny duýdurypdy, olam hut şu Ferrari F40 modelidi.

Satyn alnan superkaryň täsin ykbaly bar. 30 ýyldan gowrak wagtlap ulag hususy garažda sürülmän ýatypdyr.
«Ine, meniň F40-ym. Bu meniň çagalykdan arzuw edip ýören maşynym. Özümi bilenim bäri şeýle awtoulagy arzuw edýärdim. Geçen ýyl Ferrari toparyna goşulanymda-da, Maranellodaky ilkinji günüm geçirilen tanyşdyryş çäresinde hut şeýle awtoulagyň ýanymda bolmagyny isledim.
F40-lar hakyky sungat eseri, özem örän seýrek duş gelýär. Şonuň üçin soňky otuz ýylyň dowamynda garažlaryň birinde tozan basyp ýatan şu awtoulagy tapanymda, ony hökman öýe äkitmeli diýen karara geldim».
Sürüji kämil nusgany ençem ýyllap gözländigini boýun aldy. 1987-1992-nji ýyllar aralygynda bu modeliň diňe 1315 sanysy öndürilipdir. Hemiltonyň bagtyna, 1987-nji ýylda çykarylan bu nusga diýseň gowy ýagdaýda saklanypdyr.
Ulag satyn alnandan soň, ony abatlap, asylky, taryhy keşbine gaýtaryp getirmek üçin, Ferrari-niň Maranellodaky zawodyna iberildi.

Hemilton öňden bäri F40-a bolan höwesi bilen tanalýar. Ol öň F44 diýen at bilen, rowaýata öwrülen modeliň häzirki zaman mirasdüşerini döretmek isleýändigini gürrüň beripdi.

Sosial mediada Hemilton arzuwyndaky ulagynyň abatlaýyş işlerine zähmetini siňdiren her bir adama minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol soňra satyn alan Ferrari F40-nyň taryhyny jikme-jik beýan edýän wideony görkezmeginiň hem mümkindigini ýaňzytdy.