Bruneýiň şa maşgalasynyň kolleksiýasy üçin ýörite sargyt bilen öndürilen özboluşly Ferrari Enzo superkary sentýabr aýynyň ahyrynda RM Sotheby’s tarapyndan geçiriljek ýapyk auksionda satuwa çykarylar.
Superkar, bu model üçin adaty bolmadyk, tutuş gara reňkli gabarasy bilen tapawutlanýar. 2004-nji ýylda öndürilen bu ulag bary-ýogy 5763 kilometr ýol geçipdir.
Ferrari Enzo 2004-nji ýylyň oktýabr aýynda ýörite sargyt boýunça ýygnalypdyr. Ilki London şäherinde saklanan awtoulag, soňra Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine äkidilip, 2022-nji ýylda gaýtadan Ýewropa eltilýär, şol ýyl hem Carrozzeria Zanasi atelýesi tarapyndan asylky ýagdaýyna getirilýär. Dikeldiş işlerine 110 müň ýewro sarp edilipdir.
2022-nji ýylda awtoulag häzirki eýesi tarapyndan satyn alyndy. Satyn alnan bahasy mälim edilmeýär. Şondan bäri superkar bary-ýogy 33 kilometr ýol geçipdir.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Enzo Ferrariniň adyny göterýän bu model 660 at güýjüni öndürýän 6,0 litrlik atmosferaly V12 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Geçen ýolunyň azdygyna garamazdan, 2024-nji ýylda awtoulagyň ilişdirmesi (ssepleniýe), ýangyç nasoslary we hereketlendirijiniň birnäçe beýleki bölekleri çalşylypdyr.

Auksion öýi heniz awtoulagyň takmyny bahasyny yglan etmedi. Onuň nyrhy diňe gyzyklanma bildirýän alyjylara aýratyn tertipde mälim ediler. Şeýle-de bolsa, awtoulagyň bahasyny ABŞ bazary üçin öndürilen bary-ýogy 12 sany gara reňkli Ferrari Enzo-nyň biri bilen deňeşdirip çaklasa bolar. Şol nusga auksionda $9–11 million möçberinde baha kesipdiler. Satuwa çykarylanynda onuň geçen ýoly 21 353 kilometri görkezýärdi.