Maýkl Jordanyň ýiten Ferrari-si 24 ýyldan soň tapyldy, indem $1,3 milliona satylýar

Şu gün, 10:251,429
1 / 8

Öň ady rowaýata öwrülen basketbolçy Maýkl Jordana degişli bolan 1997-nji ýylyň Ferrari 550 Maranello ulagy ilkinji gezek açyk auksiona çykarylar. Awtoulagyň bahasy 700 000 dollardan 1,3 million dollar aralygynda bolar.

Joopiter meýdançasyndaky söwdalar sentýabr aýynyň ortalarynda başlanýar.

Jordan awtoulagyň ilkinji eýesidi, ýöne 2002-nji ýylda Ferrari bilen hoşlaşansoň, ulag 24 ýyllap gözden ýitdi. Iýun aýynda sportkar Kaliforniýadan tapyldy. Şonça wagtlap onuň hususy kolleksiýada bolandygy anyklandy.

Jordan bu ulagynda ilkinji gezek köpçülige 1997-nji ýylyň iýunynda, “Çikago Bullz”-yň bäşinji NBA çempionlygyndan soň  çykypdy. Awtoulag gabarasynyň Rosso Barchetta reňki, MJ5 belgisi hem-de Jordanyň boýyna laýyklap ýasalan sürüji oturgyjy bilen tapawutlanýar. 2002-nji ýyla çenli Jordan bu  awtoulagynda 10 000 kilometrden sähel gowrak ýol geçipdir. Häzirki wagtda bu görkeziji 29 700 kilometre ýetipdir.

Awtoulagyň ýany bilen kepillik talony we Maýkl Jordanyň adyna berlen eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama bar.

Ferrari 485 at güýjüne eýe bolan 5,5 litrlik V12 hereketlendirijisi we alty tizlikli mehaniki geçiriji bilen üpjün edilen.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.