Diňe düzgün bozujylary däl, syýahatçylaram geň galdyrjak Ferrari Dubaý polisiýasyna gulluga durdy

Şu gün, 21:381,089
1 / 7

Dubaý polisiýasy täze ýokary hilli awtoulagy – meşhur Mansory týuning ussahanasynda doly işlenen Ferrari 812 Superfast superkaryny kabul etdi. Bu awtoulag, esasan, emirlikleriň syýahatçylyk zolaklarynda ulanylar.

Ulag Burj Khalifa, Şeýh Mohammed bin Raşid bulwary we «JBR» kenarýaka sebitlerinde gözegçilik eder. Dubaý polisiýasynyň geň galdyryjy bu awtoulag parky yzygiderli şeýle täsin nusgalar bilen doldurylýar we emirlikde syýahatçylyk abraýyny ýokarlandyrmak üçin esasy gurallaryň biri hökmünde ulanylýar.

Ferrari 812 Superfast modeli göwrümi 6,5 litr bolan V12 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Kämilleşdirilenden soň onuň kuwwaty 800 at güýjüne ýetdi. Awtoulag 0-dan 100 km/sag tizlige 2,8 sekuntda ýetýär, onuň iň ýokary tizligi 345 km/sag bolup, bu önümçilik görnüşiniň görkezijisinden biraz ýokarydyr.

Kämilleşdirilen topluma täze öňki bamperi, splitteri, gapdal etekleri we uly yzky ganaty (anti-krylo) öz içine alýan gaýtadan işlenen aerodinamiki abzallar hem girýär. Ulagyň gabarasy Dubaý polisiýasynyň milli reňkleriniň tertibine laýyklykda bezelipdir.

Ferrari kompaniýasy 812 Superfast modelini 2017-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndüripdi. Şondan soň markanyň V12 hereketlendirijili esasy flagman modeli 12Cilindri boldy.