Köpçülikleýin çykarylan Ferrari Luce elektromobiliniň ilkinji nusgasy Montereýde geçirilen RM Sotheby’s auksionynda $40 milliona satyldy.

Nolunjy belgili ulag haýyr-sahawat söwdalaşygyna çykaryldy. Toplanan serişdeler «The Ferrari Foundation» gaznasyna ugradylyp, bilim başlangyçlaryna gönükdiriler.
Ulaga bilermenleriň çak edişinden has uly baha berildi: olar gutarnykly bahasynyň $1,1 — $1,6 million aralygynda bolmagyna garaşypdylar.
Alyjynyň ady gizlin saklanylýar.

Satylan ulagyň ýeke özüne mahsus aýratynlyklary bar. Ony Ferrari Tailor Made bölümi ýagtylygyň oýny konsepsiýasy esasynda taýýarlady. Kuzow ýagtylyga baglylykda ýaşyldan benewşä öwrülýän iridiý pigmentli Madreperla Semi-Gloss birneme ýalpyldaýan eksklýuziw dür merjen reňkine boýaldy.
Salonyň bezeginde Perla reňkli deri ulanylýar. Şeýle hem ulag 23 dýuýmlyk öňki we 24 dýuýmlyk yzky ýörite disklere, Michelin Pilot Sport 5 Energy Acoustic tekerlerine, ýörite işlenilen tormoz supportlaryna hem-de optiki ak fonda firma logotipine eýe boldy.

Tehniki häsiýetnamalary babatda bolsa ilkinji nusga beýleki Luce awtoulaglaryndan tapawutlanmaýar. Dört sany elektrohereketlendiriji 1050 at güýjüni öndürýär, 100 km/sag tizlige çykmak üçin bolsa 2,5 sekunt ýeterlik. Kuwwaty 122 kWt⋅sag bolan batareýa 800 woltluk arhitekturada işleýär, ýöreýiş ätiýaçlygy 530 km-e deňdir, zarýad bermegiň iň ýokary kuwwaty bolsa 350 kW-a ýetýär.
Ferrari kompaniýasy Luce atly elektromobilini baryp maý aýynda tanyşdyrypdy. Adaty bolmadyk daş keşbine bildirilen tankytlara garamazdan, elektromobile bolan isleg garaşylanyndan has ýokary bolup çykdy — sargytlar bir ýyl öňünden çaltlyk bilen satylyp gutardy.