Ford satyn alyp bolmaýan, ýöne ýygnap bolýan üýtgeşik Bronco ulaglaryny çykardy
20.08.2025 14:18
8.3k+

Ford satyn alyp bolmaýan, ýöne ýygnap bolýan üýtgeşik Bronco ulaglaryny çykardy

Ford kompaniýasy iki sany ýörite taslamasynyň –  Bronco Silver Lake Dunes Project Vehicle we Bronco Sport Silver Lake Dunes Project Vehicle wersiýalarynyň çykmagy bilen Bronco modeliniň 60 ýyllygyny belledi. Olar Miçigan ştatynyň çägeli aňňatlaryna bagyşlandy we awtomobilleri şahsylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görkezýär
Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika
20.08.2025 08:48
14k+

Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika

Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar
Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy
19.08.2025 18:29
7.4k+

Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy

Montereý şäherinde Awtomobil hepdeliginiň çäginde geçirilen meşhur Pebble Beach kaşaňlyk bäsleşiginde baş baýragy 1924-nji ýylda öndürilen, Tulipwood Torpedo kuzowly Hispano-Suiza H6C modeli aldy. Bu nusgawy awtoulagyň kuzowy fransuz kompaniýasy Nieuport-Astra tarapyndan döredildi
Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar
19.08.2025 15:04
9.1k+

Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar

Mercedes-Benz girdejileri azalandan soň strategiýasyny üýtgedýändigini mälim etdi. Handelsblatt portalynyň habar bermegine görä, kompaniýa 2027-nji ýyla çenli köpçülikleýin bazar üçin niýetlenen 36 täze awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär
GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy
19.08.2025 14:28
5.9k+

GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy

Gordon Murray Automotive kompaniýasy 2025-nji ýylyň Montereý awtoulag hepdeliginde Special Vehicles bölümi tarapyndan döredilen täze GMA S1 LM giperkaryny hödürledi. Model T.50-ä esaslanýar we 1995-nji ýylda Le-Manda ýeňiji bolan McLaren F1 GTR-iň stilinde ýerine ýetirildi
Lamborghini 3,5 mln dollara öz taryhynda iň tiz Fenomeno giperkaryny çykarar
18.08.2025 19:35
7.5k+

Lamborghini 3,5 mln dollara öz taryhynda iň tiz Fenomeno giperkaryny çykarar

Lamborghini brendiň taryhynda iň tiz ýol awtomobili boljak Fenomeno giperkarynyň çykaryljakdygyny habar berdi. “Bu häzire çenli döredilen iň kuwwatly V12 hereketlendirijisi we iň tiz Lamborghini” – diýip, kompaniýa belledi
Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar
18.08.2025 19:27
5.5k+

Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar

Volkswagen we Xpeng awtoulaglaryň elektron arhitekturasy boýunça bilelikdäki işini giňeltjekdiklerini habar berdiler. Öň ol diňe Hytaý üçin niýetlenen CMP we MEB platformalaryndaky elektrik ulaglary üçin ulanylýardy, indi ony plagin gibridleri we şol ýurtda satylýan benzin hereketlendirijili awtoulaglar üçin ulanmak meýilleşdirilýär
Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär
18.08.2025 16:03
7.3k+

Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär

Mitsubishi kompaniýasy käbir bazarlarda Pajero ady bilen tanalýan Montero ulagyny çykarmaga taýýarlanýar. Muny internet torunda peýda bolan prototipiň suratlary delillendirýär. Bu soňky ýigrimi ýylda Montero-nyň ABŞ-da ilkinji gezek peýda bolmagy bolar, Ýewropada bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli çykmagyna garaşylýar
Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy
18.08.2025 08:45
6.2k+

Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy

Montereýdäki Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Lexus kompaniýasy öňünden yglan etmezden Sport konsept superkaryny hödürledi. Model barada jikme-jik maglumat ýok. Ýöne konseptiň geljekde brendiň diňe bir sport däl, eýsem beýleki modellerinde öz beýanyny tapjak dizaýny görkezýän bolmagy gaty ähtimal
McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar
18.08.2025 08:42
2.9k+

McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar

Meşhur McLaren ýaryş topary üýtgeşik auksion barada yglan etdi: auksiona dürli ýaryşlar – “Formula-1”, Indycar we ulaglaryň çydamlylygy boýunça dünýä çempionaty (WEC) üçin niýetlenen üç ulag çykarylar. Ýöne bir nýuans bar: bu ulaglaryň hiç biri entek taýýar görnüşde ýok
Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler
17.08.2025 23:39
2.6k+

Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler

CATL kompaniýasy özüniň rekord derejede uzak hyzmat etjek täze Naxtra natriý batareýasynyň aýratynlyklaryny tassyklady. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, nazaryýetde ol 10 000 zarýad sikline çydamly bolup, sygymyň azyndan 85%-ini saklaýar
Jeep Cherokee tygşytly gibrid hökmünde gaýdyp gelýär: 100 km üçin 6,2 litr sarp eder
17.08.2025 23:36
3k+

Jeep Cherokee tygşytly gibrid hökmünde gaýdyp gelýär: 100 km üçin 6,2 litr sarp eder

Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweri barada maglumat berdi. Ol 2023-nji ýylyň fewralynda önümçilikden aýrylan modeli çalşyp, tygşytly gibrid bolar. Hatarda Trailhawk wersiýasy hem saklanar. Cherokee 1,6 litrlik turbo hereketlendirisiji bilen benzin-elektrik hereketlendirijisine eýe bolar
Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi
17.08.2025 23:20
4.8k+

Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi

Lamborghini Montereýde geçirilen Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Gallardo modeliniň 20 ýyllygyny belledi. Ýubileý mynasybetli kompaniýa seýrek Gallardo Concept S-i hödürledi. Bu konsept ilkinji gezek 2005-nji ýylda Ženewa awtosalonynda görkezilipdi
Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady
16.08.2025 23:28
7.3k+

Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady

Toyota 36 990 ýewro (43,2 müň dollar) baha bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Corolla Cross krossoweri üçin sargyt kabul edip başlady. Awtomobil üýtgedilen daşky görnüşe, kämilleşdirilen salona we täze GR Sport wersiýasyna eýe boldy
Toyota ähli görnüşdäki ulaglary üçin benzinli hereketlendirijileriniň täze neslini döredýär
15.08.2025 18:44
10k+

Toyota ähli görnüşdäki ulaglary üçin benzinli hereketlendirijileriniň täze neslini döredýär

Toyota dürli görnüşli awtomobiller üçin laýyk gelýän täze nesil benzin hereketlendirijilerini taýýarlaýar. Hereketlendirijiler hem adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan awtomobillerde, gibridlerde (HEV), birikdirilýän gibridlerde (PHEV), ýol ätiýaçlygy artdyrylan elektromobillerde (EREV), şeýle-de, bioýangyçda, e-fuels-de we wodorodda işleýän ulaglarda ulanmak üçin döredilýär
Audi RS6 Avant deslapky sargytlarda uly tolgunyşyk döretdi: Hemmeler benzinli V8-i almak isleýär
15.08.2025 17:31
6.9k+

Audi RS6 Avant deslapky sargytlarda uly tolgunyşyk döretdi: Hemmeler benzinli V8-i almak isleýär

2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Audi modeliň tutuş taryhynda RS6 Avant üçin rekord mukdarda sargyt aldy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, RS liniýasyna bolan isleg, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41% ýokarlandy
Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär
15.08.2025 14:57
4k+

Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär

Ford öz AI ulgamyndan iki sanysyny – AiTriz-i we MAIVS-i öz zawodlaryna ornaşdyrýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, olar häzirki wagtda iň ownuk önümçilik kemçiliklerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Dirborn şäherindäki zawod her ýylda dürli konfigurasiýaly 300 müňden gowrak F-150 pikabyny ýygnaýar
Carwow Driver Power-iň täzelenen reýtinginde Mercedes we Lexus Subaru-dan yza galdy
15.08.2025 01:16
3.5k+

Carwow Driver Power-iň täzelenen reýtinginde Mercedes we Lexus Subaru-dan yza galdy

Carwow Driver Power 2025 pikir soraşygynyň netijelerine görä, Subaru eýýäm yzygider ikinji ýyl bäri awtoulag brendleriniň arasynda birinji orny eýeledi. Marka güýç ulgamy, howpsuzlyk, amatlylyk, dolandyryş we ygtybarlylyk ýaly on esasy kategoriýanyň ýedisinde iň ýokary baha aldy
RAV4 bilen Tiguan-a bäsdeş: Citroën 29700 ýewrodan giňiş SUV çykardy
15.08.2025 01:02
4.9k+

RAV4 bilen Tiguan-a bäsdeş: Citroën 29700 ýewrodan giňiş SUV çykardy

Citroën giňiş, tehnologik taýdan ösen we elýeterli SUV ulagyny gözleýän alyjylar üçin has özüne çekiji görnüşde täzeledi. STLA Medium platformasyndaky täze kuzow öňküden uzaldy we giňeldi, şol bir wagtyň özünde göwrümi 651 litre çenli artdy - bu segmentdäki iň gowy görkezijileriň biridir
Montereýdäki Autoulag hepdeliginde Demir adamyň rodsteri görkeziler
14.08.2025 17:59
5.7k+

Montereýdäki Autoulag hepdeliginde Demir adamyň rodsteri görkeziler

15-nji awgustda Montereýdäki Awtoulag hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän The Quail: A Motorsports Gathering çäresinde on ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Acura NSX Roadster-i görkeziler. Bu awtoulag 2012-nji ýyldaky “Ar alyjylar” filmi üçin  ýeke-täk nusgada çykarylyp, ony Toni Stark (Demir adam) sürdi
Döwrebaplaşdyrylan Nissan Teana-nyň dizaýny aýan edildi
14.08.2025 16:48
5.7k+

Döwrebaplaşdyrylan Nissan Teana-nyň dizaýny aýan edildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat ministrliginiň maglumatlar bazasynda täzelenen Nissan Teana-nyň suratlary peýda boldy. Sohu portalynyň berýän maglumatlaryna görä, bu model täze dizaýny we Mercedes-Maybach stilinde kuzowy iki tonly boýag görnüşini aldy
Garagisti britan kompaniýasy Bugatti-niň öňki dizaýneriniň GP1 superkaryny görkezdi. Bahasy 3,3 million dollar
14.08.2025 16:44
5k+

Garagisti britan kompaniýasy Bugatti-niň öňki dizaýneriniň GP1 superkaryny görkezdi. Bahasy 3,3 million dollar

Britaniýanyň Garagisti kompaniýasy GP1 superkarynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Bu model meşhur hünärmenleriň gatnaşmagynda döredildi: tebigy islegli 6,6 litrlik V12 Italtecnica-nyň inženerleri tarapyndan döredildi we monokok bolsa Formula 1-iň toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýän Dexet tarapyndan işlenip düzüldi
BYD 3000 at güýjünden hem gowrak kuwwaty bolan elektrik giperkaryny döretdi
14.08.2025 13:26
3.2k+

BYD 3000 at güýjünden hem gowrak kuwwaty bolan elektrik giperkaryny döretdi

BYD Hytaýda umumy kuwwaty 3019 at güýji bolan Yangwang U9 Track Edition elektrik giperkaryny hasaba aldy. Model baradaky jikme-jik maglumatlar we suratlar hytaý düzgünleşdirijisiniň katalogynda peýda boldy. Track Edition wersiýasy kuwwaty 960 kWt-dan 2220 kWt-a çenli güýçlendirilen Yangwang U9 sport awtoulagynyň binvadynda döredildi
Hytaýda BYD elektromobili yzly-yzyna üç gezek ýyldyrym urmasyna döz geldi
13.08.2025 12:47
17k+

Hytaýda BYD elektromobili yzly-yzyna üç gezek ýyldyrym urmasyna döz geldi

Hytaýyň Guansi awtonom sebitinde Beýhaý şäherindäki awtoserwis meýdançasynda adatdan daşary waka wideo düşdi. BYD Song Plus elektrik ulagynyň depesindäki bagaža birnäçe gezek çyldyrym urdy, netijede güýçli elektrik razrýadlary döredi
Manhart atelýesi Mercedes - AMG C 63 üçin "hoşlaşyk" týuningini çykardy 
13.08.2025 07:54
5.8k+

Manhart atelýesi Mercedes - AMG C 63 üçin "hoşlaşyk" týuningini çykardy 

Manhart týuning atelýesi Mersedes-AMG C 63 sedanynyň eýýäm geçmişe giden W205 nesliniň ýörite modifikasiýasyny hödürledi.  Wersiýa CR 700 diýip atlandyryldy diýip, Autoevolution  ýazýar. Täze wersiýadaky 4,0 litrlik goşa turbo V8 hereketlendirijisi 700 at güýjüne we 900 Nm torka çenli gowulandyryldy, bu adaty C 63 S-iň tizliginden 190 at güýji köpdür
Täze Volvo XC70 birbada 4 hereketlendirijä we 1200 km ýol ätiýaçlygyna eýe boldy
12.08.2025 14:47
4k+

Täze Volvo XC70 birbada 4 hereketlendirijä we 1200 km ýol ätiýaçlygyna eýe boldy

Volvo täze nesil krossoweri XC70 üçin deslapky sargytlary açýar. Kompaniýa ulagyň käbir tehniki aýratynlyklaryny aýtdy we oňa görä XC70 birbada dört hereketlendirijä eýe boldy. CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, model 5,28 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we gibridler üçin döredilen täze arhitektura esaslanýar
Jeep iň äpet modeliniň täzelenmesini taýýarlaýar
12.08.2025 09:46
7.5k+

Jeep iň äpet modeliniň täzelenmesini taýýarlaýar

Jeep kompaniýasy adaty ýollardan daşary niýetlenen Grand Wagoneer ulagynyň premýerasyna taýýarlanýar. Markanyň flagmany hasaplanýan bu model kuzowyň üýtgedilen öň bölegine we gibrid ulgama eýe bolar. Hödürlenen suratlarda ykjam radiator gözenegi, täze yşyklandyryş enjamlary, uly howa ýygnaýjylary bilen ulaldylan bamper we kapotda üýtgedilen ýazgy görünýär
Mansory karbon elementlerine eýe bolan üýtgeşik Porsche 911 Turbo S Cabriolet-i hödürledi
12.08.2025 09:41
2.7k+

Mansory karbon elementlerine eýe bolan üýtgeşik Porsche 911 Turbo S Cabriolet-i hödürledi

Mansory týuning-atelýesi Porsche 911 Turbo S Cabriolet-iň aýratyn týuning wersiýasyny hödürledi. Bu model P9LM EVO 900 adyny aldy we bary-ýogy ýedi nusgada çykarylar. Awtomobil täze kuzow elementleriniň netijesinde özüne çekiji daşky keşbe eýe boldy
Welosipedçi hereket edip barýan Formula-1 ulagynyň üstünden böküp, howply tilsimi ýerine ýetirdi
11.08.2025 17:14
10k+

Welosipedçi hereket edip barýan Formula-1 ulagynyň üstünden böküp, howply tilsimi ýerine ýetirdi

33 ýaşly şotlandiýaly BMX türgeni Kriss Kaýl Red Bull Racing toparynyň goldawy bilen, ilkinji gezek hereket edýän Formula-1 bolidiniň üstünden welosiped bilen böküş ýerine ýetirdi. Bu adaty bolmadyk we töwekgelçilikli tilsimiň wideosy internete paýlaşyldy
Toyota haýsy ýyllarda iň ygtybarly Camry-lary çykardy: barlaglaryň netijeleri
11.08.2025 16:26
20k+

Toyota haýsy ýyllarda iň ygtybarly Camry-lary çykardy: barlaglaryň netijeleri

Toyota Camry onlarça ýyldan bäri öz klasynda iň ygtybarly modelleriň biri hasaplanýar. Car Complaints, J.D. Power we NHTSA-nyň maglumatlaryna görä, 1995, 2001, 2006, 2013, 2017 we 2019–2020 modeller iň az meseleli modeller bolup çykdy
Infiniti birbada üç sany täze modeli: kross-kupeni we QX80-iň iki görnüşini bildiriş etdi
11.08.2025 15:54
4.4k+

Infiniti birbada üç sany täze modeli: kross-kupeni we QX80-iň iki görnüşini bildiriş etdi

Infiniti premium brendi 15-nji awgustda ABŞ-da geçiriljek Monterey Car Week sergisinde üç sany täze konsepti görkezjekdigini mälim etdi. Bularyň hemmesi soňlugy bilen önümçilik awtoulaglaryna öwrüler. Esasy täzelik QX65 kross-kupe bolar, öňdäki optikanyň we kapotyň bölekleri görkezilip, çap edilen surat muňa şaýatlyk edýär
Zacoe awtobezeg ussahanasy Lamborghini Revuelto-ny has giň we has haýbatly görnüşini hödürledi
11.08.2025 15:48
4.4k+

Zacoe awtobezeg ussahanasy Lamborghini Revuelto-ny has giň we has haýbatly görnüşini hödürledi

Zacoe awtobezeg-atelýesi Lamborghini Revuelto superkary üçin kuzowyň elementleriniň toplumyny döretdi. Täze obwesiň kömegi bilen awtoulag, esasy wersiýasyna garanyňda, ep-esli giňeldi. Esasy tapawut - düýbünden täze ganatlarynyň bolmagy, olar adaty ganatlaryň üstünde oturdylmaýar-da, olaryň ornuny tutýar
Volkswagen 20 ýyldan gowrak wagtlap öndürilen Touareg krossoweriniň önümçiligini bes eder
11.08.2025 01:11
7.5k+

Volkswagen 20 ýyldan gowrak wagtlap öndürilen Touareg krossoweriniň önümçiligini bes eder

Volkswagen Touareg krossoweri 2026-njy ýylda önümçilikden aýrylar. Modeliň göni mirasdüşeri bolmaz. Markanyň SUV-lar  hataryndaky öňdebaryjy orny başga bir krossower - Tayron eýelär diýip, Autocar neşiri habar berýär
Ne maşyn, ne-de motor: Kanadada Hyundai Tiburon bilen Honda motosiklinden garylyp ýasalan üç tekerli ulag satylýar
11.08.2025 01:01
12k+

Ne maşyn, ne-de motor: Kanadada Hyundai Tiburon bilen Honda motosiklinden garylyp ýasalan üç tekerli ulag satylýar

Kanadada Hyundai Tiburon kupesiniň we Honda Goldwing motosikliniň böleklerinden elde ýygnalan üç tekerli ulag (trisikl) satuwa çykaryldy. Adaty bolmadyk bu ulagyň bahasy 4,5 müň dollar diýip, Carscoops habar berýär
Chevrolet Silverado pikaby bir zarýadda rekord 1704 km-i geçip rekord goýdy
11.08.2025 00:00
4.1k+

Chevrolet Silverado pikaby bir zarýadda rekord 1704 km-i geçip rekord goýdy

Chevrolet kompaniýasy bir zarýadda iň uzak aralygy geçen elektrik ulagy hökmünde täze dünýä rekordyny goýandygyny mälim etdi. Silverado kysymly pikabynyň batareýa bilen işleýän görnüşi 1704,6 kilometri geçmegi başardy diýip, Motor1 habar berýär
Volkswagen T-Roc-yň täze nesli resmi tanyşdyrylyşdan öň görkezildi
10.08.2025 22:51
2.4k+

Volkswagen T-Roc-yň täze nesli resmi tanyşdyrylyşdan öň görkezildi

Volkswagen kompaniýasy sentýabr aýynda Mýunhen awtoulag sergisinde T-Roc krossoweriniň ikinji neslini görkezmäge taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, täze modeliň daşky we içki suratlary eýýäm internetde peýda boldy. Hytaýyň AutoHome neşiri suratlaryň nireden gelendigini görkezmezden,  neşir etdi
BMW 2026-njy ýylda Final Edition ýörite wersiýasy bilen Z4-iň önümçiligini soňlaýar
10.08.2025 21:32
3.4k+

BMW 2026-njy ýylda Final Edition ýörite wersiýasy bilen Z4-iň önümçiligini soňlaýar

BMW Z4 rodsteriniň  önümçiligini 2026-njy ýylyň maý aýynda tamamlar. Awtoulaglaryň soňky topary M40i görnüşinde çykar. "Hoşlaşyk" modeli hökmünde bawariýalylar ýazda Z4 Final Edition atly ýörite wersiýasyny hödürlärler
Nissan Qashqai krossowerini täzeledi: ähli tekerleri hereketli, kuwwatly we bahasy 32,6 müň ýewrodan başlaýar
10.08.2025 21:29
3k+

Nissan Qashqai krossowerini täzeledi: ähli tekerleri hereketli, kuwwatly we bahasy 32,6 müň ýewrodan başlaýar

Nissan kompaniýasy täzelenen Qashqai 2025  krossowerini görkezdi. Bu model indi 1,3 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji we ýumşak gibrid ulgamy bilen hödürlenýär. Gurluşyň güýji 140 ýa-da 158 at güýjüne deň
Bugatti W16 hereketlendirijisini alan ýeke-täk nusgada özboluşly Brouillard giperkaryny görkezdi
10.08.2025 14:16
6.5k+

Bugatti W16 hereketlendirijisini alan ýeke-täk nusgada özboluşly Brouillard giperkaryny görkezdi

Bugatti niderlandly işewür Mişel Perridonyň ýörite sargydy boýunça döredilen özboluşly Brouillard giperkaryny hödürledi. Model alýumin elementleri bilen karbon şassisinde guruldy we diňe ýaryş ýollary üçin niýetlenendir
GM we Hyundai bäş sany täze ulag modelini bilelikde öndürmek barada ylalaşdy
09.08.2025 18:37
5.3k+

GM we Hyundai bäş sany täze ulag modelini bilelikde öndürmek barada ylalaşdy

General Motors we Hyundai Motor kompaniýalary azyndan bäş sany täze awtomobil modelini bilelikde işläp taýýarlamak we çykarmak barada ylalaşdy. Önümçiligi 2028-nji ýyla çenli başlamak meýilleşdirilýär. Hyzmatdaşlyk hytaý awtoöndürijileri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe çykdajylary azaltmaga gönükdirildi