GM we Hyundai bäş sany täze ulag modelini bilelikde öndürmek barada ylalaşdy

09.08.2025, 13:375,298

General Motors we Hyundai Motor kompaniýalary azyndan bäş sany täze awtomobil modelini bilelikde işläp taýýarlamak we çykarmak barada ylalaşdy. Önümçiligi 2028-nji ýyla çenli başlamak meýilleşdirilýär. Hyzmatdaşlyk hytaý awtoöndürijileri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe çykdajylary azaltmaga gönükdirildi.

Dört model – ýolsuz ýerden ýöreýän ykjam ulag, ýeňil awtomobil, pikap we orta göwrümli pikap – benzin we gibrid güýç enjamlary bilen elýeterli bolar. Olaryň önümçiligi Merkezi we Günorta Amerika ýurtlarynda meýilleşdirilýär. Önümçilik möçberi ýylda 800 000 birlige ýetip biler.
Şeýle-de, kompaniýalar ABŞ-da elektrik täjirçilik furgonyny bilelikde işläp taýýarlamaga we öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär, Taslama 2028-nji ýyla meýilleşdirildi.
Hyzmatdaşlyk GM we Hyundai kompaniýalaryna Latyn Amerikasynda orunlaryny berkitmäge kömek etmeli. Ýöne bilermenler şeýle hyzmatdaşlygyň netijelidigine şübhe bildirýär.

“Eger olar Günorta Amerikada täze modelleri satsa-da, olara eýýäm pes bahalar bilen elektromobil bazarynda öňde barýan hytaý bäsdeşlerinden öňe geçmek kyn bolar” – diýip, Billionfold Asset Management hej-fondunyň baş maýa goýum müdiri An Hýon Jin belledi.

Mirae-Mobility Research & Services gözleg kompaniýasynyň ýolbaşçysy Teddi Kim bu ýagdaýa başga bir tarapdan seredip, hyzmatdaşlygy iki tarap üçin hem bähbitli diýip hasaplaýar:  “GM Hyundai-dan gibrid tehnologiýany alyp biler, Hyundai bolsa GM bilen hyzmatdaşlygy ABŞ bilen söwda gepleşiklerinde delil hökmünde ulanyp biler”.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.