Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Biznes
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Biznes
07.10.2025 12:41
2.7k+
Bloomberg Apple-de Tim Kukuň ornuna geçip biljek adamy aýtdy
Apple soňky on ýylda ýolbaşçylarynyň durnukly düzümini saklady, ýöne häzir kompaniýa top-menejmentde uly üýtgeşmelere taýýarlanýar diýip, Bloomberg habar berýär. Ozal Tim Kukuň ýerini eýeläp biler diýlip hasaplanan baş operasion müdir Jeff Uilýams kompaniýany terk etdi
05.10.2025 12:26
3.7k+
Gucci-niň eýesiniň paýnamalary Renault-yň öňki ýolbaşçysynyň gelmegi bilen 53% ýokarlandy
Gucci, Balenciaga, Bottega Veneta we Yves Saint Laurent brendleriniň eýesi bolan Kering fransuz kompaniýasynyň paýnamalary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde 53% ýokarlandy, bu hem kompaniýanyň taryhynda iň uly çärýek ösüşi boldy diýip, Bloomberg habar berýär
04.10.2025 15:10
1.9k+
Spotify-yň esaslandyryjysy Daniel Ek kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gider
Spotify-nyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, telekeçi Daniel Ek kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna gelendigini mälim etdi. Bu barada Forbes habar berýär. Ek indi ýerine ýetiriji geňeş başlygy wezipesine geçer we kompaniýanyň uzak möhletli strategiýasyna hem-de esasy maýa goýumlaryna ünsi jemlär
03.10.2025 17:59
3.4k+
OpenAI 500 milliard dollar bahasy bilen dünýäniň iň gymmat hususy kompaniýa boldy
ChatGPT-ni döreden OpenAI kompaniýasy dünýäde iň gymmat hususy kompaniýa öwrüldi diýip, Bloomberg habar berýär. Gürrüň döwletiň ýa-da döwlet edaralarynyň gözegçiliginde bolmadyk we hususy maliýeleşdiriş arkaly maýa goýumlaryny ýygnan kompaniýalar barada barýar
03.10.2025 17:03
4.6k+
Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy
Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy
03.10.2025 17:01
8.7k+
Ilon Mask baýlygy ýarym trillion dollara ýeten ilkinji adam boldy
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda amerikaly işewür, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Forbes žurnalynyň hasaby boýunça baýlygy 500 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Milliarderler indeksiniň maglumatlaryna görä, milliarderiň baýlygy bu görkezijä Tesla-nyň paýnamalarynyň 4% ýokarlanmagy netijesinde ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 15:30-da (Aşgabat wagty bilen 00:30) ýetdi
30.09.2025 16:59
2.9k+
Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi
Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür
30.09.2025 16:50
2.9k+
FIFA we Need for Speed oýunlaryny çykaryjy 55 mlrd dollarlyk şertnamadan soň eýesini çalşar
Iň uly garaşsyz wideooýun çykaryjylaryň biri bolan Electronic Arts (EA) amerikan kompaniýasy 55 mlrd dollara maýadarlar konsorsiumynyň eline geçer. Satuw barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berildi. Satyn alyjylar toparyna Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy (PIF), şeýle-de Silver Lake we Affinity Partners maýa goýum gaznalary girdi
23.09.2025 17:37
4.3k+
Tim Kuk iPhone-yň gymmatlamagyna gümrük paçlarynyň täsir etmändigini aýtdy
Apple-iň baş direktory Tim Kuk täze iPhone modelleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň paç syýasaty bilen baglanyşykly däldigini aýtdy. Ol bu barada CNBC-den Jim Kramer bilen söhbetdeşlikde belledi
19.09.2025 00:56
2.1k+
Microsoft, Google, Nvidia we beýleki kompaniýalar Britaniýada EA-nyň ösüşine $42 mlrd maýa goýar
Iň uly amerikan tehnologiýa kompaniýalary 31 mlrd funt sterling möçberde (42,3 mlrd dollar) Beýik Britaniýa maýa goýumlary yglan etdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. Bu bildiriş ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Londona gelen güni aýdyldy
18.09.2025 09:52
3.3k+
Tesla-nyň paýnamalary Maskyň kömegi bilen gymmatlap, 2025-nji ýyldaky ýitgileriniň öwezini doldy
Duşenbe güni Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek, takmynan, 1 mlrd dollarlyk paýnama satyn alandan soň, kompaniýanyň paýnamalary sişenbe güni söwdada 8,7% gymmatlady
16.09.2025 11:50
1.9k+
Alphabet bazar bahasy 3 trln dollardan geçen taryhda dördünji kompaniýa boldy
15-nji sentýabrda Google-a eýeçilik edýän Alphabet korporasiýasy bahasyny 4% ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, ol dünýäde bazar bahasy 3 trln dollardan geçýän dördünji kompaniýa boldy. Iň ýokary derejesinde onuň bazar bahasy 3,04 trln dollara ýetdi
12.09.2025 17:54
1.9k+
Oracle bilen OpenAI 300 mlrd dollarlyk “töwekgelçilikli” şertnama baglaşdy
Oracle amerikan korporasiýasy OpenAI kompaniýasy bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Şertnama bäş ýyla niýetlenýär we ABŞ-nyň çäklerinde 4,5 GWt kuwwatly maglumat merkezleriniň kärendesini göz öňünde tutýar
10.09.2025 23:31
11k+
Larri Ellison bir günde 101 mlrd dollar baýap, Maskdan dünýäniň iň baý adamy adyny aldy
Oracle korporasiýasynyň ýolbaşçysy Larri Ellison Bloomberg-de baýlaryň sanawynda ilkinji gezek birinji ýeri eýeledi. Ol Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskdan öňe geçdi. Agentligiň maglumatyna görä, Ellisonyň baýlygy 393 mlrd dollara ýetdi, Maskyň baýlygy bolsa 385 mlrd dollar boldy
09.09.2025 23:17
7.5k+
Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi
ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär
09.09.2025 12:22
5.8k+
Samsung eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdeligini Huawei bilen Motorola berdi
Huawei 2025-nji ýylyň II çärýeginde eplenýän smartfonlaryň dünýä bazarynyň 45%-ini eýeledi, bu hem öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Geçen ýyl hytaý kompaniýasynyň paýy 32% boldy
08.09.2025 17:13
12k+
Tesla Maska 10 ýyl zähmet hakyndan ýüz öwrüp, 1 trln dollarlyk paýnama almagy teklip etdi
Tesla-nyň müdirler geňeşi Ilon Mask üçin geljek on ýyla niýetlenen sylag meýilnamasyny hödürledi. Resminamanyň şertlerine görä, işewür zähmet hakyndan we bonuslardan ýüz öwrer, onuň deregine bolsa kompaniýanyň 1 trln dollarlyk paýnamalaryny alyp biler
06.09.2025 16:32
8k+
Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär
02.09.2025 15:43
4k+
Samsung diňe Wýetnamyň özünde 2 milliarddan gowrak smartfon öndürdi
Samsung kompaniýasy Wýetnamda möhüm sepgide ýetdi: 2009-njy ýylyň aprelinde bu ýurtda zawodlar işe girizileni bäri günorta koreý kompaniýasy bu ýerde 2 milliarddan gowrak smartfon çykardy diýip, ýerli VietnamPlus neşiri habar berýär
01.09.2025 16:52
5.7k+
Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär
Apple we Samsung Hytaýyň Xiaomi kompaniýasyna nägilelik bilen ýüz tutdy. Olar Hindistanda brendleriň önümlerini Xiaomi-niň gurluşlary bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat kampaniýasyny bes etmegi talap etdi. Xiaomi-niň mahabat kampaniýasy tutuş ýurt boýunça hem çap, hem sanly medialary gurşap aldy
01.09.2025 14:18
4.3k+
TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy
Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär
30.08.2025 18:41
11k+
Labubu oýunjaklaryny öndüriji dünýäniň iň baý 100 adamynyň hataryna girdi
Labubu oýunjaklaryny öndürýän Hytaýyň Pop Mart dükanlar ulgamynyň eýesi Wan Nin dünýäniň iň baý adamlarynyň Bloomberg Billionaires Index reýtingine girdi. Ol 26,5 mlrd dollar baýlygy bilen 85-nji orny eýeledi. Ýylyň başyndan bäri hytaýly işewüriň emlägi 18,8 mlrd dollar artdy
28.08.2025 15:30
11k+
Demirgazyk Amerikada 26 million sany, Aziýada bolsa 18 milliona golaý millioner ýaşaýar
Henley & Partners halkara konsalting kompaniýasy, gozgalmaýan emlägini hasaba almazdan, likwid maýa goýum aktiwleri bir million amerikan dollaryndan geçýän adamy millioner hökmünde kesgitleýär. Capgemini kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, dollar millionerleriniň aglabasy Demirgazyk Amerikada ýaşaýar, olar 26 milliondan gowrak adam
26.08.2025 13:50
1.3k+
OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar
OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär
22.08.2025 08:15
2.6k+
Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy
19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy
21.08.2025 16:33
2.3k+
SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”
Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy
18.08.2025 19:32
3.1k+
ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp
OpenAI-iň ChatGPT ykjam goşundysy 2023-nji ýylyň maý aýynda işläp başlany bäri 2 milliard dollar gazandy. Bir ýükläp gurnamadan ortaça girdeji 2,91 dollar boldy. Bu barada Appfigures kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch ýazýar
16.08.2025 23:40
6.3k+
Gümrük paçlarynyň ýokarlanyp bilmegi Lenovo-nyň girdejisini iki esse artdyrdy
Geçen çärýegiň jemi boýunça iň uly şahsy kompýuterleri öndürijileriň biri bolan Lenovo arassa girdejisini 108% - 505 mln dollara çenli ýokarlandyrdy. Görkezijiler analitikleriň 308 mln dollar çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy
16.08.2025 00:42
4.2k+
18 mlrd dollarlyk kompaniýa Google-dan Chrome brauzerini 34,5 mlrd dollara satyn almak isleýär
Perplexity startapy Google kompaniýasyna Chrome brauzerini satyn almak üçin 34,5 mlrd dollar teklip etdi. Bu barada The Wall Street Journal we Bloomberg habar berdi. Bu baha 18 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan Perplexity-niň öz bazar bahasyndan tas iki esse ýokarydyr
15.08.2025 18:53
5.3k+
Kodak 133 ýyl işläninden soň bergileri sebäpli ýapylyp bilner
133 ýyllyk taryhy bolan dünýäniň iň gadymy foto-kompaniýalarynyň biri – Eastman Kodak amerikan kompaniýasy bergiler sebäpli işini dowam etdirmeginiň näbellidigini aýtdy diýip, CNN habar berýär. Girdejiler we ýitgiler baradaky täze hasabatda kompaniýa 500 mln dollar möçberde bergini üzmek üçin kepilli pulunyň ýa-da tiz satyp boljak aktiwleriniň ýokdugyny görkezdi
14.08.2025 17:03
5.1k+
Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar
22-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri Germaniýanyň Karl Duisberg merkezleri tarapyndan gurnalan «Germaniýa bilen biznes hyzmatdaşlygy» maksatnamasyna gatnaşarlar. Maksat — täze gönüden-göni aragatnaşyklary döretmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň ykdysady özara gatnaşyklaryny berkitmek diýip, ORIENT habar berýär
13.08.2025 15:57
6.6k+
Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar
Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar
13.08.2025 07:27
1.5k+
GitHub-yň baş direktory wezipeden gidýär, kompaniýa Microsoft-yň dolandyrmagyna geçer
GitHub-yň baş direktory Tomas Domke tas dört ýyl işläninden soň wezipeden gidýändigini mälim etdi. The Verge-iň habar bermegine görä, ol Microsoft-yň we GitHub-yň çäginden daşary täze taslamalar bilen meşgullanmak üçin wezipäni terk edýär
07.08.2025 12:58
5.1k+
Tesla Mask üçin täze 29 milliard dollarlyk bonusy tassyklady
Tesla öz esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Maska 96 million paýnamanyň berilmegini tassyklady. Häzirki bazar bahalarynda olaryň bahasy 29 milliard dollardan geçýär. Bu barada kompaniýanyň paýdarlara ýazan hatynda aýdylýar
02.08.2025 17:50
2.8k+
"Maýa goýumyň Stiw Jobsy": Reý Dalio öz esaslandyran Bridgewater hej-gaznasynda soňky paýyny satdy
ABŞ-da iň uly hej-gaznalaryň biri bolan Bridgewater-iň esaslandyryjysy milliarder Reý Dalio kompaniýadaky soňky paýyny satyp, müdirler geňeşinden çykdy. Bu barada geçen hepdede hej-gaznanyň müşderilerine gönükdirilen hata salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär
31.07.2025 21:45
7.2k+
Samsung-yň paýnamalary Tesla bilen geleşigiň netijesinde soňky 20 ýylda iň gowy döwrüni başdan geçirýär
Tesla bilen ýarymgeçiriji komponentleri öndürmek üçin 16,5 milliard dollarlyk garaşylmadyk ýagdaýda şertnama baglaşandan soň, Samsung kompaniýasynyň paýnamalary 10% töweregi ýokarlandy. Iýul aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 20% gymmatlady
31.07.2025 20:44
5.3k+
Microsoft bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy
Microsoft kompanivasy, Nvidia-dan soň, bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy. Bu üstünlik kompaniýanyň Wall Street analitikleriniň garaşyşyndan ýokary bolan çärýekleýin hasabatyny çap etmeginiň yzýany boldy diýip, Bloomberg belleýär
31.07.2025 14:29
5.9k+
Boeing korporasiýasy ýitgileri azaldyp, girdejini 35% ýokarlandyrdy
Boeing korporasiýasy ikinji çärýek üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýitgi 176 mln dollar boldy we bu 2024-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli azdyr. Şol wagt ýitgi 1,09 mlrd dollar bolupdy. Hasabat döwründe girdeji analitikleriň çaklamalaryndan ýokary bolup, 22,75 mlrd dollara ýetdi
31.07.2025 13:41
2.3k+
Samsung Tesla bilen çip öndürmek barada 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy
Samsung Electronics Tesla kompaniýasyndan 2033-nji ýylyň ahyryna çenli 16,5 mlrd dollarlyk çip üpjünçiligi barada uly şertnama aldy. Bu barada Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň aýtmagyna görä, Samsung-yň Tehasdaky täze zawody indiki nesil Tesla AI6 çiplerini öndürer
26.07.2025 16:52
6.5k+
Made for Germany: Iri nemes kompaniýalary öz ýurdunyň ykdysadyýetine 631 mlrd ýewro maýa goýar
60-dan gowrak iri nemes kompaniýasy kansler Fridrih Mersiň Made for Germany (“Germaniýa üçin öndürilen”) başlangyjyny goldady we üç ýylyň dowamynda Germaniýanyň ykdysadyýetine 631 milliard ýewro maýa goýmaga borçlandylar
«
1
…
7
8
9
…
40
»
«
1
…
4
5
6
7
8
9
10
11
12
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.