Ilon Mask özüniň SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşýändigini yglan etdi

03.02.2026, 15:113,163

​Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň SpaceX kosmos kompaniýasynyň we emeli aň ulgamyndaky xAI startap kompaniýasynyň birleşýändigini yglan etdi, diýlip SpaceX saýtynda habar berilýär.

​Işewüriň aýtmagyna görä, iki kompaniýanyň birleşmegi bir wagtda emeli aň, raketagurluşyk, internet hyzmatlaryny hödürlemek we sosial media bilen meşgullanyp biljek «innowasion maşynyň» peýda bolmagyna getirer.
​Kuwwatlyklaryň kosmosa geçirilmegi emeli aň ulgamlary üçin elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi meselesini çözmäge mümkinçilik berer.
​Geleşigiň maliýe şertleri resmi taýdan aýdylmaýar, emma ýagdaýdan habarly çeşmeler xAI-a 125 milliard dollar, SpaceX-e bolsa 1 trillion dollar baha berýärler. Mundan ozal Tesla kompaniýasy hem öz zawodlaryny awtomatlaşdyrmak üçin xAI-a 2 milliard dollar maýa goýupdy.
​Mask xAI-yň mümkinçiliklerini Optimus awtonom robotlaryny dolandyrmak üçin ulanmagy meýilleşdirýär, olaryň önümçiligini S we X elektromobil modellerini çykarýan kuwwatlyklaryň binýadynda ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Bilermenler aktiwleriň birleşdirilmegini SpaceX-iň gazna bazaryna çykmak ähtimallygy bilen baglanyşdyrýarlar.

​«Bu kompaniýalaryň IPO-nyň öňüsyrasynda birleşdirilmegi SpaceX-e köpçülikleýin maýadarlara differensiýasiýa perspektiwasyny we maýa nukdaýnazaryndan netijeli ösüşi görkezmäge mümkinçilik berýär» — diýip, Pitchbook kompaniýasynyň analitigi Emili Çžen belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.