Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
18.10.2025 23:35
1.6k+
YouTube-da täze EA gürleýän adamyň dodagynyň hereketini dublýaž bilen gabat getirer
YouTube gürleýän adamyň dodagynyň hereketini wideonyň awtomatik terjimesine gabat getirmäge mümkinçilik berjek emeli aň tehnologiýasyny synagdan geçirýär. Ol EA-nyň kömegi bilen sesi awtomatik başga dile geçirýän dublýaž funksiýasynyň üstüni ýetirer
18.10.2025 23:08
2.8k+
Argentinada dinozawrlaryň näbelli, gadymy görnüşleriniň biriniň galyndylary tapyldy
Argentinaly paleontologlar dinozawrlaryň ozal näbelli görnüşiniň galyndylarynyň tapylandygyny habar berdi. Bu barada Ylmy we tehniki gözlegler boýunça milli geňeşe (CONICET) salgylanyp, TASS habar berýär. Täze görnüş Huayracursor jaguensis adyny aldy
18.10.2025 23:05
2.9k+
MrBeast öz maliýe tehnologiýalary kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär
Dünýäde meşhur YouTube blogeri MrBeast (Jimmi Donaldson) MrBeast Financial ady bilen maliýe tehnologiýalary kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Business Insider-iň habar bermegine görä, ol degişli haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary býurosyna arza berdi
18.10.2025 07:01
1.9k+
Google dostlaryň we maşgalanyň kömegi bilen akkaunty dikeltmäge mümkinçilik berer
Google kompaniýasy ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we şahsy maglumatlary goramak üçin täze gurallary hödürledi. Olaryň arasynda ynamdar kontaktlaryň kömegi bilen akkaunty dikeltmek funksiýasy bar. Indi
18.10.2025 06:55
5.8k+
Redmi elýeterli K90 Pro Max flagmanynyň dizaýnyny görkezdi: ol jins stiline eýe boldy
Redmi kompaniýasy 27-nji oktýabrda Hytaýda Redmi K90 hataryny, şol sanda täze K90 Pro Max flagmanyny hödürlejekdigini tassyklady. Şol çärede adaty wersiýa K90-nyň hem görkezilmegine garaşylýar. Resmi suratlarda ultra-inçe çarçuwaly we yzky panelde uly gönüburç şekilli kamera moduly bolan K90 Pro Max-yň ak wersiýasy görkezildi
17.10.2025 11:50
4.2k+
Teýlor Swiftiň täze albomy birinji hepdesinde 4 milliondan gowrak nusgada satyldy — bu rekord
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň “Life of a Showgirl” 12-nji studiýa albomy ilkinji gezek çykanyndan soňky ilkinji ýedi günde 4,002 million nusgada satyldy. Billboard we beýleki halkara habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu görkeziji aýdym-saz senagatynda täze rekord boldy
17.10.2025 00:10
6k+
Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
“Malholland-draýw” (Малхолланд-драйв) we “Mümkin däl” (Невозможное) filmleri bilen tanalýan britaniýaly aktrisa Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada USA Today habar berýär. Dabarada oňa adamsy, aktýor Billi Krudop, dogany, tanymal fotosuratçy Ben Uotts, şeýle-de kärdeşleri Jek Blek we Edward Norton goldaw berdi
17.10.2025 00:02
1.5k+
YouTube wideopleýeriň dizaýnyny we dolandyryş elementlerini täzeledi
YouTube wideopleýeriň interfeýsiniň uly täzelenmesine başlady. Ol web-wersiýa, Android, iOS we telewizorlar üçin programmalara täsir eder. Üýtgeşmeler dolandyryş elementleriniň ýerleşişini we wizual effektleri täzeden işlemek arkaly interfeýsi has arassa we düşnükli eder
16.10.2025 23:18
4.9k+
Pixel 10 Pro Fold smartfony berklik synagynda döwlüp, birden ot aldy
Smartfonlary berklik synaglaryndan geçirmek bilen tanalýan bloger JerryRigEverything bu gezek täze, eplenýän Google Pixel 10 Pro Fold smartfonyny synagdan geçirdi we garaşylmadyk netijeler bilen ýüzbe-ýüz boldy – smartfonyň akkumulýatory ýandy
16.10.2025 19:06
1.9k+
Apple 3499 dollar bahadan täzelenen Vision Pro AR garniturasyny hödürledi
Apple kompaniýasy täzelenen Vision Pro üsti ýetirilen hakykat (AR) garniturasyny hödürledi. Gurluş täze, kuwwatly M5 çibine, kämilleşdirilen micro-OLED displeýlerine we has rahat Dual Knit Band berkitmesine eýe boldy
16.10.2025 19:01
1.5k+
Apple täze M5 prosessorly 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi
Apple täze M5 prosessorynda işleýän 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “Mac üçin emeli aňy ösdürmekde indiki uly ädim” diýip atlandyrýar. Enjamyň EA meselelerinde öndürijiligi öňki M4-li model bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokarlandy
16.10.2025 18:57
1.2k+
Apple täze çip bilen iPad Pro planşetini çykardy
Apple täze nesil iPad Pro planşetini hödürledi. Esasy täzelik kompaniýanyň öz M5 prosessoryna geçmegi boldy. Täze M5 çibi 10 ýadro bilen üpjün edildi – olardan dördüsi öndürijilige jogap berýär, altysy energiýa tygşytlaýjy ýadrodyr
16.10.2025 09:27
4.2k+
Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy
Valve Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykardy, ýöne ol häzirlikçe diňe beta-synaga gatnaşyjylar üçin elýeterlidir. Esasy üýtgeşme bombany zyýansyzlandyrmak bilen baglanyşykly boldy. Indi defýuz wagty oýunçy atyp ýa-da nyşana alyp bilmeýär: ýarag awtomatik ýagdaýda aşak düşürilýär, zyýansyzlandyrmak tamamlanandan soň, ýene atyp başlamak mümkinçiliginden öň gysga wagtlyk eglenme – 150 millisekunt goşuldy
16.10.2025 09:25
3.5k+
Casio titan korpus we ýakut halka bilen täze Oceanus Manta sagatlaryny çykardy
Casio iki sany täze Oceanus Manta sagat modelini hödürledi: takmynan, 2000 dollardan adaty OCW-S7000CN-1AJF we 4500 dollardan çäkli OCW-SG1000CN-1AJR. Modelleriň ikisi-de ýakut aýnadan bezele eýe boldy, korpus we kemer bolsa gara DLC örtügi bilen titandan ýasaldy
16.10.2025 09:22
5.9k+
Alymlar: Ýer klimat çökgünliginde “yzyna gaýtaryp bolmajak ilkinji sepgidi” aşdy
Täze ylmy barlaglaryň maglumatlaryna görä, planeta klimat üýtgemeleriniň “yzyna gaýtaryp bolmajak ilkinji sepgitden” geçdi. Ummanlaryň gyzmagy tas milliard adamyň durmuşyny kesgitleýän merjen rifleriň köpçülikleýin ölmegine getirdi diýlip, Science News žurnalynda neşir edilen hasabatda aýdylýar
16.10.2025 09:16
4.4k+
“Zamananyň soňy”: Teýlor Swift öz konsert syýahaty barada dokumental serial çykarar
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň dünýä boýunça The Eras Tour konsert syýahatyna bagyşlap, “Zamananyň soňy” (“The End of an Era”) ady bilen alty bölümli dokumental serial çykarar. Ilkinji iki bölüm 12-nji dekabrda Disney+ platformasynda çykar, galanlary her iki hepdeden iki bölümden goşular
15.10.2025 15:25
5k+
Italiýanyň kenarlarynda çuň suwlardaky merjenleriň täze görnüşleri tapyldy
Alymlar Ortaýer deňzinde uly çuň umman rifini ýüze çykardylar. Bu açyş merjenleriň ekoulgamlarynyň ekologiki funksiýalaryny we umman çuňlugyndaky paýlanyşyny has gowy öwrenmäge kömek eder diýip, The Independent habar berýär
15.10.2025 14:38
15k+
Beýik Britaniýadan äpet we uzyn gulakly iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Beýik Britaniýadaky Redkliff goraghanasyndan iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: biri dünýäde iň beýik eşek, beýlekisi iň uzyn gulakly eşek. Eşekler goraghananyň myhmanlarynyň söýgüsini gazanyp, bileje athanada wagtlaryny rahat geçirmegi halaýarlar
15.10.2025 14:32
1.1k+
Netflix telewizorlar üçin wideo oýunlaryny çykarar
Netflix ulanyjylara gös-göni Smart TV telewizorlarynda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg Screentime konferensiýasynda kompaniýanyň baş direktorlarynyň biri Greg Piters habar berdi
15.10.2025 14:26
2.3k+
Disney "Rapunseliň" kino görnüşiniň işlemegini dowam etdirer
Disney kompaniýasy “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýat” atly meşhur animasion filmiň laýw-ekşn remeýkiniň üstünde ýene-de işläp başlady. Baş gahrymanlaryň biri — ene Goteliň keşbini Skarlett Ýohanssona ynanmak göz öňünde tutulýar diýip, Deadline habar berýär
15.10.2025 14:17
2k+
“Minecraft kinoda” filminiň dowamy 2027-nji ýylyň tomsunda çykar
Warner Bros. kompaniýasy Legendary bilen hyzmatdaşlykda “Minecraft kinoda” filminiň dowamyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Dowamynyň dünýä prokatyna çykarylmagy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda meýilleşdirilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
15.10.2025 11:33
9.9k+
Gazagystanda müň düýeden ybarat kerwen Ginnesiň rekordyny goýdy
Gazagystanyň Almaty welaýatynda dünýä rekordy goýuldy – müň sany bir örküçli düýeden ybarat kerwen dünýäde iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Bu barada welaýat häkimliginde habar berildi
15.10.2025 11:31
5.3k+
Eplenýän iPhone garaşylandan arzan bolar: Apple önümçiligi arzanlatmagyň usulyny tapdy
Apple-iň iPhone Fold deslapky ady bilen ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykmaly. Ozal bu kompaniýanyň taryhynda iň gymmat iPhone bolar diýlip garaşylypdy, ýöne analitik Min-Çi Kuonyň habar bermegine görä, smartfon esasy komponentleriň bahasynyň arzan bolmagy netijesinde biraz elýeterli bolar
14.10.2025 20:31
4.9k+
Amazon MGM Studios Melaniýa Tramp hakynda film taýýarlaýar
Amazon MGM Studios ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp hakynda dokumental film taýýarlaýar diýip, Variety habar berýär. Filmiň çykjak senesi 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär. Filme “Dykyn wagty” («Час пик») atly gülküli boýewik bilen tanalýan režissýor Brett Ratner ýolbaşçylyk eder
14.10.2025 20:14
2.2k+
Xiaomi ýyladyşly we ses arkaly dolandyrylýan Mijia akylly ýorganyny hödürledi
Xiaomi gyş gijelerinde rahat ukyny üpjün etmek üçin täze çözgüt — Mijia Smart Electric Blanket atly akylly elektrik ýorganyny tanyşdyrdy. Täze önüm 14-nji oktýabrda Youpin platformasynda 180 ýuan (takmynan 25 dollar) başlangyç bahadan satuwa çykýar
14.10.2025 19:20
1.2k+
Microsoft kompaniýasy Windows 10-uň goldawyny bes etdi
14-nji oktýabrdan başlap Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamynyň goldawyny resmi taýdan bes etdi. Ulanyjylara Windows 11-e geçmek maslahat berilýär diýip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar. Indi öňki OS-y ulanyjylara programma üpjünçiliginiň we howpsuzlyk ulgamynyň täzelenmesi, şeýle-de tehniki goldaw berilmez
14.10.2025 13:50
5.1k+
Timex 1975-nji ýylyň meşhur sanly sagat modeline gaýdyp geldi
Timex amerikan brendi özüniň ilkinji SSQ Quartz Digital sanly sagadynyň täzelenen wersiýasyny çykardy. Ol 1975-nji ýyldaky modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Täze sagat Q Timex 1975 SSQ adyny aldy we wintaž dizaýny döwrebap elektronika we has ýokary hilli materiallar bilen utgaşdyryp, tanyş minimalistik stili saklaýar
14.10.2025 13:44
4.1k+
IUCN-iň hasabaty: 48 müňden gowrak haýwan görnüşi ýitmek howpunyň astynda
Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) bütin dünýäde 48 646 haýwan we ösümlik görnüşiniň ýitmek howpunyň astyndadygy barada hasabat berdi. Maglumatlar Abu-Dabide Bileleşigiň kongresinde hödürlenen Gyzyl sanawyň soňky täzelenmesinde getirilýär
14.10.2025 13:40
1.9k+
YouTube blok edilen awtorlara öz kanallaryna gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär
YouTube platformasy Second Chance (“Ikinji mümkinçilik”) programmasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Ol ozal bloklanan awtorlara platforma gaýdyp gelmäge we öz kontentini dikeltmäge mümkinçilik berer. Programma günäkär däldigini subut etmegiň ähli tapgyryndan geçen we öz kanallaryny dikeldip bilmedik ulanyjylar üçin niýetlenýär
14.10.2025 13:31
3.3k+
New Line “Mortal Kombatyň” ikinji bölümi çykmanka üçünjisiniň üstünde işläp başlady
New Line Cinema studiýasy “Mortal Kombat” filminiň ikinji bölümi çykmazdan ozal üçünjisini taýýarlamaga girişdi. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, täze bölümiň ssenariçisi ýene-de Jeremi Sleýter bolar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Warner Bros
14.10.2025 13:25
11k+
Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi
Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär
14.10.2025 13:20
7.5k+
Ilon Maskyň täze kompaniýasynyň ady kosmosdan görner
Ilon Mask ozal Microsoft-yň garşydaşy hökmünde yglan edilen täze Macrohard kompaniýasy barada gürrüň berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň işi emeli aň we Tennessi ştatynyň Memfis şäherindäki Colossus II superkompýuteri bilen berk baglanyşykly bolar
14.10.2025 13:17
4.2k+
Lay’s 90 ýyllyk taryhynda iň uly rebrendingi geçirýär
Lay’s kompaniýanyň taryhynda “iň uly rebrendingi” yglan etdi. Indi her tagamyň gaplamasynda “Hakyky ýeralmadan taýýarlanan” ýazgysy peýda bolar. Kompaniýanyň geçiren pikir soraşmasy alyjylaryň 42%-iniň Lay’s çipsileriniň gaýtadan işlenen goşundylardan däl-de, fermada ösdürilip ýetişdirilen ýeralmadan taýýarlanýandygyny bilmeýändigini görkezdi
14.10.2025 13:11
8.6k+
Tehasda awtomobil ululygynda NASA-nyň enjamy gondy
Tehas amerikan ştatynda meýdana awtomobil ululygynda NASA-nyň abzally kosmos enjamy gondy. Ýerli ýaşaýjy Enn Uolter, takmynan, 10 metr diametrli paraşýutda ýuwaşlyk bilen aşak düşýän obýekti gördi diýip, ABC News habar berýär
13.10.2025 16:31
4.2k+
Apple şu hepde üç sany täze enjamyny hödürlemäge taýýarlanýar
Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, şu hepde Apple üç sany täze enjamyny hödürläp biler: täzelenen iPad Pro planşeti, birneme täzelenen Vision Pro garniturasy we 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugynyň esasy wersiýasy
13.10.2025 16:20
3.8k+
Bredli Kuper “Ouşeniň on bir dosty” filminiň prikwelinde Margo Robbi bilen bilelikde oýnar
Amerikaly aktýor Bredli Kuper (“Ýyldyz doguldy”, “Snaýper”) “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцати друзей Оушена) filminiň prikwelinde Margo Robbä (“Barbi”, “Öz janyna kast edijileriň topary”) goşuldy. Bu barada Deadline we Variety habar berýär
13.10.2025 10:17
5k+
Brýusseldäki ZIN in No(o)rd 2025-nji ýylyň iň gowy gökdirän binasy diýlip yglan edildi
Dikleýin şäherleşme geňeşi (Council on Vertical Urbanism, CVU) 2025-nji ýylyň iň oňat beýik binasyny saýlady. Baş baýrak Brýusselde ýerleşýän ZIN in No(o)rd taslamasy üçin Belgiýanyň Jaspers-Eyers Architects arhitektura studiýasyna berildi
13.10.2025 10:07
14k+
Ýaponiýada geljegiň ýüzýän şäheriniň – Dogeniň konsepsiýasy görkezildi
2023-nji ýylyň tomsunda N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen ady bilen ýüzýän şäheri gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Indi bu taslama barada giňişleýin maglumatlar peýda boldy diýip, New Atlas ýazýar. Ýokardan seredeniňde şäher içinde dürli desgalar bolan 4 km diametrli tegelek ýaly görner
13.10.2025 09:51
7k+
Türkiýedäki Karahantepede adamyň şekili bolan gadymy daş sütüni tapyldy
Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky neopolit döwrüne degişli Karahantepe sebitinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda adamyň şekili bolan T-şekilli daş sütüni tapyldy. Bu barada Türkiye Today habar berýär. Ozal alymlar goňşy Göbekli-Tepede hem eliň we penjäniň şekili bolan şuňa meňzeş sütünleri tapypdy, ýöne bu ullakan daş böleginde ýüzüň şekili mese-mälim oýulan ilkinji tapyndy boldy
13.10.2025 09:12
4.4k+
Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar
Adidas brendi fiziki taýdan agyr işlerde zähmet çekýän adamlar üçin niýetlenen ýokary derejede goragly aýakgaplaryň täze hataryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Täze aýakgaplary işläp taýýarlamak üçin kompaniýa GLO Brands B
«
1
…
55
56
57
…
276
»
«
1
…
52
53
54
55
56
57
58
59
60
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.