Netflix telewizorlar üçin wideo oýunlaryny çykarar

15.10.2025, 14:321,088

Netflix ulanyjylara gös-göni Smart TV telewizorlarynda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg Screentime konferensiýasynda kompaniýanyň baş direktorlarynyň biri Greg Piters habar berdi.

Birinji tapgyrda bäş oýun elýeterli bolar:

  • LEGO Party!
  • Boggle Party
  • Pictionary: Game Night
  • Tetris Time Warp
  • Party Crashers: Fool Your Friends

Oýunlary ýekelikde ýa-da dostlaryň bilen oýnamak mümkin. Dolandyryjy hökmünde smartfon ulanyp bolýar — munuň üçin ekrandaky QR koduny skanirlemek ýeterlik. Başda ähli oýunlar mugt bolar.
Pitersiň sözlerine görä, telewizorlarda oýunlaryň çykarylyşy Netflix-iň ösüş başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Ol öň käbir kino we tele kompaniýalaryň wideo oýunlar bazaryna girmegi synanşandygyny, ýöne netije gazanmandygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.