Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
20.07.2025 17:35
3.7k+
Meta we maýadarlar Facebook-da maglumatlaryň syzylmagy baradaky iş boýunça 8 mlrd dollarlyk jedeli çözdüler
Mark Sukerberg we Metanyň häzirki hem-de öňki ýolbaşçylary Facebook-yň ulanyjylarynyň maglumatlarynyň gizlin saklanmak düzgüniniň bozulmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýan sebäpli 8 milliard dollarlyk kazyýet işini açdyran maýadarlar topary bilen ylalaşyk gazandylar
20.07.2025 17:33
4.5k+
Google 20-nji awgustda tanyşdyryş dabarasynda Pixel 10 seriýasyny we beýleki enjamlary görkezer
Google 20-nji awgustda täze enjamlarynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirjekdigini mälim etdi. Esasy üns Pixel 10 smartfon seriýasyna gönükdiriler diýip, The Verge ýazýar. Syzdyrylan maglumatlara görä, Pixel 10-yň esasy modeli täzelenen kamera bölümini alar – iki modulyň ýerine üçüsi bolar
20.07.2025 13:57
4.1k+
“Kalmar oýny” Netflix-e çärýek girdejisi boýunça rekord goýmaga kömek etdi
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Netflix akym hyzmaty üçin rekord 11,08 mlrd dollar girdeji barada hasabat berdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16% köpdür. Netijä, esasan, hyzmatyň iň meşhur iňlis dilli däl taslamasy bolan “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň çykmagy täsir etdi
20.07.2025 13:55
2.2k+
“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy auksiona çykarylar
“Ýyldyz söweşleri: Imperiýa jogap urgusyny berýär” (Звездные войны: Империя наносит ответный удар) we “Jedaýyň gaýdyp gelmegi” (Возвращение джедая) filmlerinde ulanylan Dart Weýderiň şöhle gylyjy Los-Anjelesde auksiona çykarylar
20.07.2025 13:42
2.3k+
Netflix filmlerinde we seriallarynda käbir sahnalary emeli aň arkaly döredýär
Netflix filmleriň we seriallaryň önümçiliginde generatiw emeli aňdan peýdalanyp başlady. Munuň ilkinji mysaly Argentinanyň “Eternawt” (El Eternauta) ylmy-fantastiki serialy boldy. Onuň ahyrky kadrlary doly derejede neýroulgam tarapyndan döredildi
20.07.2025 13:36
3.6k+
Indiana Jonsuň gamçysy auksionda ýarym million dollara satyldy
Heritage Auctions auksionynda “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” (Индиана Джонс и последний крестовый поход) filmindäki gamçy 525 müň dollara satyldy. Bu barada Associated Press agentligi habar berdi. “Gamçy – kino taryhynda rowaýaty gahrymanyň, Indiana Jonsuň belli nyşanydyr we ol bu auksionyň esasy wakasyna öwrüldi” – diýip, Heritage Auctions-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jo Maddalena belledi
20.07.2025 13:34
2.1k+
BTS taryhynda ilkinji konsert albomyny çykardy
BTS K-pop topary “Permission to Dance On Stage” ady bilen özüniň ilkinji konsert albomyny çykardy. Ol 2021-2022-nji ýyllarda koreý toparynyň dünýä boýunça konsert syýahatynyň dowamynda ýazylan 22 aýdymy öz içine alýar
20.07.2025 13:33
2k+
Trombon, tüýlek jandar we balet tansçysy: Unicode täze emojileri görkezdi
Unicode konsorsiumy Unicode 17.0 täzelenmesinde peýda boljak täze emojileri görkezdi. Tanyşdyrylyş Bütindünýä emoji gününiň öňüsyrasy geçirildi. Smartfonlarda we kompýuterlerde dokuz sany täze emoji peýda bolar: ·Trombon; ·Hazynaly sandyk; ·Üýtgän ýüz; ·Tüýlek jandar; ·Uruş buludy; ·Gemrilen alma; ·Kit; ·Balet tansçysy; ·Dagdan daşlaryň gaýtmagy
19.07.2025 17:51
2.8k+
ChatGPT-de şekil döretmek üçin "Stiller" funksiýasy işe girizildi
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ä täze “Stiller” funksiýasyny goşdy, ol ulanyjylara deslapdan gurnalan dokuz sany görnüşden şekilleriň bezegini saýlamaga mümkinçilik berýär. Täzelenme eýýäm ähli ulanyjylara elýeterlidir
19.07.2025 13:37
6.9k+
Nolanyň “Odisseýa” filmi bir ýyldan çykýandygyna garamazdan, eýýäm $1,5 mln ýygnady
Universal studiýasy Kristofer Nolanyň “Odisseýa” filminiň IMAX görkezilişi üçin onuň premýerasyndan bir ýyl öň petek satyp başlady. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Bu kino taryhynda film üçin petekleriň ilkinji gezek şeýle ir elýeterli bolmagydyr
19.07.2025 07:03
7.5k+
Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär
Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy
19.07.2025 07:00
6.1k+
Coca-Cola ABŞ-da mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalşar
Coca-Cola kompaniýasy amerikan bazary üçin öndürýän içgisiniň düzümini üýtgetmäge razy boldy. Bu barada 16-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donalt Tramp öz Truth Social sosial ulgamynda habar berdi. Ak tamyň ýolbaşçysy kompaniýanyň ýolbaşçylygyna ýokary fruktoza düzümli mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalyşmagy teklip edendigini aýtdy
19.07.2025 06:53
2.9k+
Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy
Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar. Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär
19.07.2025 06:37
1.7k+
Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer
Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar. Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer
18.07.2025 19:22
4.1k+
“Lilo we Stiç” 2025-nji ýylyň 1 mlrd kassa ýygymyna ýeten ilkinji golliwud filmi boldy
“Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki dünýä prokatynda 1 mlrd dollar ýygnap, 2025-nji ýylda şeýle netijä ýeten ilkinji golliwud filmi boldy. Variety neşiriniň habar bermegine görä, film Demirgazyk Amerikada 416 mln dollar we halkara bazarlarynda 584 mln dollar gazandy
18.07.2025 12:35
6.3k+
Xiaomi-niň, Redmi-niň и POCO-nyň 31 modeli Android 16-ny almaz
Xiaomi kompaniýasy Android 16-a çenli täzelenmäni almajak 31 sany smartfon modeliniň sanawyny çap etdi. Bu enjamlar funksiýalar toplumy çäkli bolan Android 15-e esaslanýan täze HyperOS 3 programma üpjünçiligi bilen täzelener
18.07.2025 12:27
10k+
iPhone 17 täze A19 prosessoryny alar
Apple iPhone 17-niň esasy modelini täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrar. Bu barada insaýder we GF Securities-iň analitigi Jeff Pu habar berdi. Täze önümiň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarylmagyna garaşylýar. Punyň berýän maglumatyna görä, enjamyň adaty wersiýasy geçen ýylky modeline meňzeş 8 RAM göwrümini saklap galar
18.07.2025 10:56
9.9k+
Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy
Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär
18.07.2025 10:37
4.4k+
Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy (Kapowa gowagy hem diýilýär) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edildi. Gowak ýene-de 25 sany beýleki medeni ýadygärlikler bilen bilelikde sanawyň üstüni ýetirdi
18.07.2025 06:46
1.8k+
Android bilen ChromeOS smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin bir OS-a birleşdiriler
Google kompaniýasy Android we ChromeOS ulgamlarynyň esasynda bir umumy operasion ulgamyň işlenip taýýarlanýandygyny resmi taýdan tassyklady. Maglumaty Android ekoulgamynyň prezidenti Samir Samat tassyklady. Ulgamlary birleşdirmek boýunça işler eýýäm birnäçe ýyl bäri alnyp barylýar
18.07.2025 06:42
6.3k+
Karl III Bukingem köşgüniň tennis meýdançasyndaky 106 ýyllyk dress-kody ýatyrdy
Patyşa Karl III Bukingem köşgüniň tennis meýdançasynda tennisçileri ak eşik geýmäge borçlandyrýan düzgüni ýatyrdy. Bu barada The Times neşiri habar berýär. Täze düzgün 106 ýyl – 1919-njy ýylda kort gurlandan bäri hereket eden däbi ýatyrýar
17.07.2025 18:23
11k+
Agramy 25 kg bolan Ýerdäki iň uly Mars meteoriti auksionda 5,3 mln dollara satyldy
Sotheby’s auksionynda häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti satyldy. Auksion öýüniň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, onuň üçin gutarnykly baha 4,3 mln dollar boldy. Ýygymlary we çykdajylary göz öňünde tutup, alyjy, takmynan, 5,3 mln dollar töledi
17.07.2025 18:01
18k+
Ýaryşlarda ömrüne ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik at mobil oýnuň gahrymanynyň prototipine öwrüldi
20 ýyldan gowrak öň sport karýerasyny tamamlan 29 ýaşly ýapon çapuw aty "Haru Urara" 26-njy iýunda çykan Uma Musume Pretty Derbi mobil oýnundaky gahrymanyň prototipi boldy. Bu bir wagtlar yhlaslylygyň nyşanyna öwrülen haýwana täzeden gyzyklanma döretdi diýip, UPI ýazýar
17.07.2025 17:50
8.2k+
Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi
17.07.2025 17:34
2.8k+
“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi
77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär. Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy
17.07.2025 17:25
3.6k+
HBO "Biziň iň soňkymyz" serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny tassyklady
HBO-nyň we HBO Max-yň kontent boýunça ýolbaşçysy Keýsi Bloýs The Last of Us (“Biziň iň soňkymyz”) serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny habar berdi. Bu täze möwsümiň çykjak senesiniň ilkinji resmi tassyklamasy boldy diýip, Variety habar berýär
17.07.2025 14:38
6.2k+
Galaxy S26 Ultra täze ultra-inçe CoE OLED displeýine eýe bolar
Samsung Galaxy S26 Ultra flagman smartfony Color Filter of Encapsulation tehnologiýasyny ulanýan iň täze CoE OLED displeýine eýe bolar. Bu barada Ice Universe hytaý insaýderi habar berdi. CoE OLED beýleki displeýlerden adaty gatlaklaryň deregine reňk süzgüjiniň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar
17.07.2025 14:35
7.1k+
Amerikaly alymyň pişigi oňa eýýäm ikinji gezek näbelli bir wirusy açmaga kömek etdi
Pepper atly pişik ikinji gezek öý hojaýynyna, Floridadan mikrobiolog Jon Ledniskä täze, ozal ylma belli bolmadyk wirus ştammyny açmaga kömek etdi diýip, Gizmodo habar berýär. Pepper öýe jansyz gyzylguýruk syçany getirdi we Ledniski ony barlaghanada öwrenmek kararyna geldi
17.07.2025 14:33
3.4k+
Sazanda Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny aldy
Sazanda we Louis Vuitton-yň erkekler hatarynyň direktory Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny – Hormatly legion ordenini aldy. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär. 2023-nji ýylda aýdymçy, prodýuser we telekeçi iň uly fransuz moda öýleriniň birinde erkekler hatarynyň döredijilik direktory wezipesine bellendi
17.07.2025 14:30
5.9k+
Galaxy S25 Ultra 2025-nji ýylyň iň gowy smartfony boldy
Tom’s Guide neşiriniň bilermenleri 2025-nji ýylyň iň gowy on smartfonynyň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Galaxy S25 Ultra boldy. Bilermenleriň pikiriçe, umumy aýratynlyklary boýunça onuň bilen deňleşip biljek ýok
16.07.2025 17:43
4.8k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki onlaýn çykdy
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär
16.07.2025 13:39
3.9k+
Endrýu Garfild OpenAI kompaniýasyndaky dawa baradaky filmde Sem Altmanyň keşbini oýnar
“Möý adam” filminiň ýyldyzy Endrýu Garfild täze “Emeli” (Artificial) dramedisinde Sem Altmanyň keşbini ýerine ýetirer. Filme Luka Guadanino režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär. OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Ilýa Suskeweriň keşbini Ýura Borisow oýnar
16.07.2025 13:34
5.2k+
Bawariýanyň galalary, Karnak megalitleri we Minos köşkleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
ÝUNESKO Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze desgalary, şol sanda Fransiýadaky Karnak megalitlerini, Germaniýadaky patyşa Lýudwig II-niň galalaryny we Kritdäki Minos köşk toplumlaryny goşdy. Çözgüt ylmy gözlegler we tanyşdyryşlar bilen birlikde berlen arzalar gözden geçirilenden soň kabul edildi
16.07.2025 13:28
7.2k+
Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir
Grenlandiýanyň köp bölegi buz we gar bilen örtülendir, şonuň üçin adanyň ady şoňa ýaňzydylyp goýlan. Emma bu hemişe beýle bolmandyr. Alymlar üç kilometrlik buz gatlagynyň astyndan gadymy tundra ekoulgamynyň yzlaryny tapdylar
16.07.2025 12:55
6.4k+
Hermés-den iň gymmat Birkin ýantorbasyny satyn alyjynyň ady belli boldy
Sotheby’s auksionynda Hermés Birkin ýantorbasy üçin kimiň rekord 8,58 mln ýewro (10 mln dollar) töländigi belli boldy. Bu torba indi Allu ýapon kompaniýasynyň başynda duran Valuence Japan kompaniýasyna degişlidir
16.07.2025 12:48
2.7k+
Apple wintaž we könelişen enjamlaryň sanawynyň üstüni ýetirdi
Apple kompaniýasy birnäçe Mac, iPhone we iPad modellerini goşmak bilen, wintaž we könelişen önümleriniň sanawyny artdyrdy diýip, kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan MacRumors habar berýär. Wintaž enjamlarynyň hataryna korpusynyň şekilinden hem tanalýan 2013-nji ýylyň Mac Pro-sy goşuldy
16.07.2025 12:27
8.7k+
Wengriýanyň iň köne kitaphanasynda agaç tomzaklary ýüz müňlerçe seýrek kitaplara hüjüm etdi
Wengriýanyň iň gadymy kitap toplumy bolan Pannonhalmadaky orta asyr monastyr kitaphanasynyň işgärleri agaç tomzagy zerarly zeper ýeten 100 000 töweregi seýrek kitaplary gyssagly dezinseksiýa etmeklige girişdiler
16.07.2025 11:46
5.7k+
Angliýada Redýard Kiplingiň ýaşan jaýy 3,6 mln funt sterlinge satylýar
Londondan günorta-günbatardaky obada XIX asyryň ahyrynda iňlis ýazyjysy we şahyry Redýard Kiplingiň ýaşan we işlän jaýy satuwa çykaryldy. Gozgalmaýan emlägiň bahasy 3,6 mln funt sterlinge (takmynan, $4,8 mln) barabar diýip, Mansion Global habar berýär
16.07.2025 11:41
8.1k+
Hindistanyň iň baý adamy Mukeş Ambani telewizorlary kompýutere öwürmek isleýär
Reliance Industries konglomeratynyň düzümine girýän Jio Platforms hindi kompaniýasy telewizion pristawkalary ulanyjylar üçin wirtual PK hyzmatyny işe girizdi. Başlangyç Hindistanda millionlarça telewizorlary şahsy kompýuterlere öwürmäge gönükdirildi diýip, TechCrunch ýazýar
16.07.2025 06:41
3.5k+
Samsung gulakhalka we monjuk görnüşinde akylly gajetleri çykarar
Samsung kompaniýasy dakylýan akylly gurluşlarynyň hataryny diňe bir sagatlar we ýüzükler bilen çäklendirmek islemeýär. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bu hatara täze gurluşlary – äýnekleri, gulakhalkalary we monjuklary hem goşar diýip, Samsung-yň mobil bölümçesiniň operasion müdiri Won-jun Çoýa salgylanyp, CNN habar berýär
«
1
…
72
73
74
…
276
»
«
1
…
69
70
71
72
73
74
75
76
77
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.