Medeniýet we jemgyýet

Supermeniň heýkeli Günbatar Ýewropanyň iň beýik binasynyň depesini bezedi
05.07.2025 14:05
9.8k+

Supermeniň heýkeli Günbatar Ýewropanyň iň beýik binasynyň depesini bezedi

Londonda Günbatar Ýewropanyň iň beýik binasy bolan Shard diňiniň depesinde Supermeniň hakyky heýkeli goýuldy. Beýikligi 3,3 metr we agramy 120 kg bolan heýkel Jeýms Gannyň täze filmini mahabatlandyrmak üçin aýna plastikden we eko-şepbikden döredildi
Telegram-da maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan funksiýa peýda boldy
05.07.2025 06:34
3.3k+

Telegram-da maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan funksiýa peýda boldy

Telegram messenjerinde maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan ýerli mehanizm peýda boldy. Täze funksiýany ilkinji bolup «Kod Durowa» sahypasynyň redaksiýasy ýüze çykardy. Mundan ozal şol sahypa Telegram-da faktçekingiň işe girizilip bilinjekdigi barada habar beripdi, indi bolsa onuň işleýändigini tassyklaýan ilkinji subutnama peýda boldy
Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy
05.07.2025 06:25
2.8k+

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi
Bezosyň Wenesiýadaky toýy brendleri 222 mln dollar baýatdy
04.07.2025 19:22
16k+

Bezosyň Wenesiýadaky toýy brendleri 222 mln dollar baýatdy

Jeff Bezos bilen Loren Sançesiň Wenesiýadaky toýy brendlere 222 mln dollar girdeji getirdi. Şeýle baha metbugatda, sosial ulgamlarda we mediakanallarda agzalýar diýip, Launchmetrics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, WWD habar berýär
BTS topary harby gullukdan soň ilkinji albomy we konsert syýahatyny anons etdi
04.07.2025 18:56
4.9k+

BTS topary harby gullukdan soň ilkinji albomy we konsert syýahatyny anons etdi

BTS K-pop topary harby gulluk sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň döredijilik işine gaýtadan başlady. Topar täze albomyň üstünde işläp başlandygyny we onuň reliziniň 2026-njy ýylyň ýazyna meýilleşdirilendigini aýtdy diýip, CNN habar berýär
Maýli Saýrus, Timoti Şalame we Demi Mur Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alar
04.07.2025 18:47
3.6k+

Maýli Saýrus, Timoti Şalame we Demi Mur Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alar

Demi Mur, Timoti Şalame, Emili Blant we Maýli Saýrus Los-Anjelesiň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyza mynasyp bolar. Olaryň atlary 2026-njy ýylda öz gazananlaryny Golliwud alleýasynda ebedileşdirjek 33 adamyň sanawyna girdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär
04.07.2025 18:42
1.7k+

Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär

Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa  kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär. Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär
Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi
04.07.2025 17:58
11k+

Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň öňündäki meýdançada UFC tutluşygyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ol ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly Aýowa ştatyndaky çykyşynda habar berdi
Honor dünýäde iň inçe eplenýän smartfon Magic V5-i hödürledi
03.07.2025 23:09
3.4k+

Honor dünýäde iň inçe eplenýän smartfon Magic V5-i hödürledi

Honor kompaniýasy Hytaýda Magic V5 eplenýän smartfonyny hödürledi. Öndürijileriň aýtmagyna görä, ol dünýäde şeýle gurluşlaryň arasynda iň inçesidir. Dünýä derejesinde tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar
“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi
03.07.2025 22:36
6.3k+

“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi
Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi
03.07.2025 18:17
2.2k+

Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi

Warner Bros. Animation “Pişik” (The Cat in the Hat) multfilminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol Doktor Sýuzyň adybir ertekisiniň ekranlaşdyrmasydyr. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirilýär
Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy
03.07.2025 14:59
5.3k+

Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy

Joby Aviation kompaniýasy Dubaýa özüniň ilkinji köpçülikleýin dik uçuş we gonuş elektrik uçaryny (eVTOL) iberdi. Aerotaksiniň täjirçilik hyzmaty 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýa birnäçe uçuş synaglaryny tamamlap, logistikany işlemäge girişdi
Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar
03.07.2025 14:56
3.5k+

Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar

Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy
Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar
03.07.2025 14:54
2k+

Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar

Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar. Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid Glass stilindäki täze dizaýn bolar
ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi
03.07.2025 14:36
6.2k+

ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi

Waşington amerikan ştatynda tirannozawrlaryň ýel berilýän eşiklerini geýen adamlaryň arasynda ylgaw boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu barada CBS News habar berýär. Çäre Emerald Downs aýlawynda geçirildi. Oňa 300-den gowrak adam gatnaşdy
Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy
03.07.2025 14:26
8.2k+

Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy

Eurojackpot ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli Norwegiýanyň onlarça müň ýaşaýjysy millioner bolandyryn öýdüp, emosional tolgunmany başdan geçirdi. Olar Norsk Tipping programmasynda hakyky utuşdan birnäçe müň esse ýokary bolan utuşy gördi
Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy
03.07.2025 11:14
8.3k+

Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Victory 45-47 ady bilen öz atyr hatarynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Atyrlar onuň 2016-njy we 2024-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişleriniň şanyna döredildi (Tramp Ak tamyň hasap boýunça 45-nji we 47-nji ýolbaşçysy boldy)
Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy
03.07.2025 10:29
4.3k+

Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy

Basketbolçy Maýkl Jordanyň awtografy bolan “Fleer Michael Jordan rookie card” toplumyndan kolleksiýa kartoçkasy Joopiter auksionynda 2,5 mln dollara satyldy. Bu barada ESPN habar berýär. Bu Maýkl Jordanyň üçünji iň gymmat kartoçkasy boldy
Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy
02.07.2025 14:07
5.8k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy
02.07.2025 14:03
4.3k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer
Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi
02.07.2025 11:13
3.1k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär
YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 
02.07.2025 00:55
1.8k+

YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)
01.07.2025 19:48
12k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31
PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji gezek täzelendi. Indi ol HDR-y, animasiýany we Exif-i goldaýar
01.07.2025 19:27
2.8k+

PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji gezek täzelendi. Indi ol HDR-y, animasiýany we Exif-i goldaýar

PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji resmi täzelenmesini aldy. Oňa ýokary dinamiki diapazonly (HDR) şekilleri goldamak mümkinçiligi goşuldy. Şeýle ýagdaýda faýlyň ölçegi bary-ýogy 4 baýt artýar. Şeýle hem standart ilkinji gezek resmi taýdan APNG formatyny (Animated PNG) ykrar etdi
Täze agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda Tom Holland, Jeýkob Elordi we Harris Dikinson bar
01.07.2025 19:10
6k+

Täze agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda Tom Holland, Jeýkob Elordi we Harris Dikinson bar

Amazon täze Jeýms Bonduň keşbi üçin 30 ýaşdan kiçi britaniýaly aktýor gözleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, dalaşgärleriň arasynda Jeýkob Elordi («Soltbern»), Tom Holland («Möý adam») we Harris Dikinson («Erbet gyz») bar
Ýewropany yssy gurşap aldy: Birnäçe ýurtda howa howpunyň iň ýokary derejesi yglan edildi
01.07.2025 17:09
7.6k+

Ýewropany yssy gurşap aldy: Birnäçe ýurtda howa howpunyň iň ýokary derejesi yglan edildi

30-njy iýunda Ýewropada aşa yssy howa boldy, temperaturanyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar. Ispaniýada, Portugaliýada, Italiýada, Fransiýada, Germaniýada we Beýik Britaniýada howa duýduryşlary yglan edildi
Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar
01.07.2025 14:08
8k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler
Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy
01.07.2025 14:06
1.9k+

Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy

Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär. Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň
Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
01.07.2025 13:52
2.2k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan
Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy
01.07.2025 13:42
10k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär
Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder
30.06.2025 19:40
15k+

Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder
Huawei kompaniýasy Pura 80 hatarynyň global tanyşdyryş senesini yglan etdi
30.06.2025 18:48
3.8k+

Huawei kompaniýasy Pura 80 hatarynyň global tanyşdyryş senesini yglan etdi

Huawei kompaniýasy täze Pura 80 smartfon hataryny 10-njy iýulda dünýä bazaryna hödürlär. Dünýä boýunça tanyşdyrylyş dabarasy Dubaýda geçiriler. Bu barada kompaniýanyň resmi beýannamasyna salgylanyp, Gizmochina portaly habar berdi
“Mugthorlar” kinematografçylar tarapyndan XXI asyryň iň gowy filmi hökmünde saýlandy
30.06.2025 18:46
5.7k+

“Mugthorlar” kinematografçylar tarapyndan XXI asyryň iň gowy filmi hökmünde saýlandy

The New York Times žurnaly Golliwuddan we bütin dünýäden kinematografçylaryň pikiri boýunça XXI asyryň iň gowy 100 filminiň sanawyny hödürledi. Pikir soraşma kinopudagyň 500-den gowrak wekili, şol sanda režissýorlar, aktýorlar we ssenariçiler gatnaşdy – olaryň arasynda Pedro Almodowar, Sofiýa Koppola, Barri Jenkins, Gilýermo Del Toro, Jon Turturro we Julianna Mur bar
Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär
30.06.2025 18:38
5.1k+

Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda täze “Formula 1” filmi ABŞ-da we Kanadada 55,6 million dollar, dünýäde bolsa 88,4 million dollar girdeji gazandy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Filmiň dynç günleriniň umumy girdejisi 144 million dollardan geçdi we bu prodýuserleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy
Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler
30.06.2025 18:26
13k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy
Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi
30.06.2025 17:17
12k+

Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi

27-nji iýunda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäheriniň merkezinde dikuçardan dollar seçildi. «Fox 2 Detroit» teleýaýlymynyň habaryna görä, waka günortan şäheriň iň gatnawly çatryklarynyň birinde bolup geçipdir
“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy
30.06.2025 17:06
3.8k+

“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy

“28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň dünýädäki kassa ýygymy 100 mln dollardan geçdi. Režissýor Denni Boýluň kartinasy bu görkezijä 20-nji iýunda bolan premýerasyndan soň dokuz günüň içinde ýetmegi başardy. Film franşizada eýýäm iň köp girdeji gazanan boldy
50 Cent «Street Fighter» filminde surata düşer: ol türgenleşýär, repçi hokgalary özi ýerine ýetirer
30.06.2025 11:00
4.6k+

50 Cent «Street Fighter» filminde surata düşer: ol türgenleşýär, repçi hokgalary özi ýerine ýetirer

50 Cent ady bilen tanalýan meşhur repçi Kertis Jekson «Street Fighter» oýny esasynda düşürilýän täze filmiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada «The Hollywood Reporter» habar berýär. Sazanda filmde Balrogyň – baş gahrymanyň goragçysy bolan professional boksçynyň keşbini ýerine ýetirer
Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar
30.06.2025 10:53
4.3k+

Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär
«Galaxy Buds Core» Samsung-yň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan iň arzan nauşnigi boldy
30.06.2025 10:46
2.5k+

«Galaxy Buds Core» Samsung-yň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan iň arzan nauşnigi boldy

Samsung täze simsiz nauşnigini - Galaxy Buds Core-y hödürledi. Bu model kompaniýanyň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan (ANC) iň arzan nauşnigi bolup durýar. Täze nauşnik Galaxy Buds FE-den has arzan bolsa-da, onuň esasy aýratynlyklaryny saklaýar, şeýle-de ýokary hilli audiokodekleri goldaýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.