50 Cent «Street Fighter» filminde surata düşer: ol türgenleşýär, repçi hokgalary özi ýerine ýetirer

30.06.2025, 11:004,636

50 Cent ady bilen tanalýan meşhur repçi Kertis Jekson «Street Fighter» oýny esasynda düşürilýän täze filmiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada «The Hollywood Reporter» habar berýär.

Sazanda filmde Balrogyň – baş gahrymanyň goragçysy bolan professional boksçynyň keşbini ýerine ýetirer. KHBS-niň maglumatlaryna görä, 50 Cent eýýämden yzygiderli türgenleşikleri geçirýär we filmdäki hokgalaryň ählisini özi ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.
Filmde şeýle hem Jeýson Momoa (Blanka), Noa Sentineo (Ken), Orwill Pek (Wega), Roman Reýns (Akuma), Endrýu Kodzi (Rýu) we Kallina Lýan (Çun Li) çykyş eder. Taslamanyň režissýory Kitao Sakuraý bolar. Surata düşüriş işleriniň awgustda Awstraliýada geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Street Fighter» franşizasy 1987-nji ýylda çykan ilkinji arkada oýny bilen başlady. Seriýa dünýä derejesindäki meşhurlygyny 1991-nji ýylda çykan «Street Fighter II» oýny bilen gazandy. Iň soňky bölüm bolan «Street Fighter 6» bolsa 2023-nji ýylda çykdy we ýylyň iň gowy uruş oýny (faýting) hökmünde ykrar edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.