Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
14.05.2025 15:09
20k+
«Arkadag» FK-nyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragy kitaphananyň gurluşygyna gönükdiriler
«Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygy üçin berlen pul baýragy Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler
14.05.2025 14:52
3.3k+
Bred Pitt we Hawýer Bardem bilen “F1” filminiň täze treýleri çykdy
Apple TV YouTube kanalynda režissýor Jozef Kosinski tarapyndan düşürilen “F1” sport dramasynyň ikinji treýleri peýda boldy. Filmde baş keşpleri Bred Pitt we Hawýer Bardem ýerine ýetirdi. Film 25-nji iýunda dünýä prokatyna çykar
14.05.2025 14:46
3k+
iOS 18.5 täzelenmesiniň üsti bilen iPhone 13 ABŞ-da hemra aragatnaşygyna eýe boldy
Apple iOS 18.5 täzelenmesini çykardy. Esasy täzelikleriň biri iPhone 13, şol sanda mini, Pro we Pro Max wersiýalary üçin habarnamalary hemra arkaly ibermek mümkinçiligi boldy. Hyzmat Starlink tehnologiýasynyň esasynda T-Mobile operatory tarapyndan üpjün edilýär
14.05.2025 14:41
5k+
ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy
Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli
14.05.2025 14:26
1.9k+
Täze Bluetooth 6.1 standarty hödürlendi: ol maglumatlaryň goragyny güýçlendirýär we zarýady tygşytlaýar
Bluetooth SIG resmi taýdan Bluetooth 6.1 standartyny hödürledi. Ol arabaglanyşygy tiz ýa-da uzak etmeýär, ýöne maglumatlary has gowy goraýar we energiýany tygşytlamaga kömek edýär. Esasy aýratynlyk Random Resolvable Private Address (RPA) tehnologiýasynda jemlenýär
14.05.2025 13:38
9.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerini, türgenlerini hem-de janköýerlerini toparyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
14.05.2025 13:28
4k+
“Ýewrowideniýe – 2025-iň” finalyna çykan ilkinji 10 ýurt belli boldy
13-nji maýda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarym finaly geçirildi. Oňa 15 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Tomaşaçylaryň ses bermeginde finala olardan 10 aýdymçy çykdy diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy habar berdi
14.05.2025 11:14
3.2k+
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary: eplenýän iPhone, akylly äýnek we ... öý roboty
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin uly meýilnamalary bar, kompaniýa düýpgöter täze önümleri çykarmagy meýilleşdirýär, olar eplenýän iPhone, Apple Glass akylly äýnegi we öý roboty. Bloomberg-den Mark Gurmana salgylanýan Appleinsider-iň habar bermegine görä, esasy täze önüm köpden bäri garaşylýan eplenýän iPhone Fold bolar
14.05.2025 11:07
1.4k+
Samsung 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny görkezdi
Samsung kompaniýasy täzelenme ýygylygy 500 Gs bolan dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny hödürledi. Täze gurluş Odyssey OLED G6 hataryna degişli bolup, G60SF adyny aldy. Model diňe kümüşsöw reňkde we 27 dýuým diagonal bilen elýeterli bolar
14.05.2025 10:26
3.2k+
Bahreýn Wenesiýa binagärlik biennalesiniň baş baýragyny aldy
19-njy Wenesiýa binagärlik biennalesiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Iň gowy milli pawilýon üçin baş baýragy – “Altyn ýolbarsy” Heatwave taslamasy üçin Bahreýn aldy. Bu taslamanyň ýolbaşçysy binagär Andrea Faraguna boldy
13.05.2025 19:28
3.4k+
Prime Video Nikolas Keýj bilen “Möý adam: Nuar” serialynyň ilkinji tizerini görkezdi
Prime Video akym hyzmaty “Möý adam: Nuar” (Человек-паук: Нуар) serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Serialda baş keşbi ozal “Möý adam: Älemiň üsti bilen” (Человек-паук: Через вселенные) multfilminde bu gahrymana ses beren Nikolas Keýj ýerine ýetirdi
13.05.2025 14:23
16k+
Saud Arabystanynyň The Line «ýatan gökdiräni» sebitiň howasyny üýtgedip biler
Saud Arabystanynda alnyp barylýan birnäçe megataslama sebitiň howa şertlerine oňaýsyz täsir edip biler. Şol taslamalaryň biri hem geljekde Neom tehnologik toplumynyň paýtagty boljak «The Line» şäher-binasydyr diýip, klimat meseleleri boýunça bilermen Donald Wublza salgylanyp, «Financial Times» habar berýär
13.05.2025 14:16
3.4k+
Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi
Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir. Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi
13.05.2025 14:10
1.6k+
78-nji Kann kinofestiwaly açyldy
Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi
13.05.2025 13:21
7.5k+
Metallica-nyň Wirjiniýadaky konserti ýeriň yranmagyna sebäp boldy
Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Lane stadionynda geçirilen Metallica rok toparynyň konserti seýsmiki işjeňlige sebäp boldy. Bu barada ştatyň seýsmologiýa obserwatoriýasynyň (VTSO) maglumatlaryna salgylanyp, «Fox Weather» habar berýär
13.05.2025 13:11
9.1k+
Magtymguly etrabynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy
Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
13.05.2025 12:02
7.1k+
Baýragyň deňinden uçup geçen guşlar: «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginde baýrak almadyk suratlar çap edildi
Her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginiň guramaçylary öňki ýyllarda finala çykmadyk, emma ähmiýetli we üns çekmäge mynasyp suratlary sosial torlarynda paýlaşdy. Bu suratlar dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen guşlaryň gözelligini we suratçylaryň ussatlygyny görkezýär
13.05.2025 10:47
1.9k+
BAFTA TV baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: “Sýogun”, “Gök çyralar” we “Jenap Beýts vs. poçta bölümi”
Londonda 2024-nji ýylyň BAFTA TV baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Britan akademiýasy iň gowy seriallary we aktýorlyk işlerini belledi diýip, Deadline habar berýär. Şeýlelikde, “Gök çyralar” iň gowy drama serialy boldy
12.05.2025 22:58
6.9k+
“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi
"Minecraft kinoda" (“Minecraft в кино”) filmi 13-nji maýda onlaýn ýagdaýda görkeziler. Bu barada Warner Bros studiýasyna salgylanýan WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti hyýaly inedördül dünýä düşýän dört gahrymanyň töwereginde ýaýbaňýar
12.05.2025 16:46
7.6k+
Täze “Godzilla we Kong 3” filmi anons edildi, ol “Supernowa” adyny aldy
Monsterverse älemi boýunça Godzilla we Kong baradaky täze filmi döredijiler täze tizer çykaryp, onda geljekki filmiň adyny we sýužet barada käbir maglumatlary açyp görkezdi. Film “Supernowa” (Godzilla x Kong: Supernova) goşmaça ady bilen çykar
12.05.2025 16:42
5k+
Bad Bunny-nyň konsert syýahatyna petek almak üçin 300 müň adam nobata durdy
Puertorikoly repçi Bad Bunny-nyň Ýewropa boýunça konsert syýahaty üçin petek satuwy tizlik rekordyny goýýar. Madridde uly isleg sebäpli Metropolitano stadionynda konsertleriň sanyny ona ýetirmeli boldy. Petek üçin 300 müňden gowrak adam nobata durdy diýip, El Mundo habar berýär
12.05.2025 16:40
3.1k+
Google Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny üýtgetdi
Google kompaniýasy Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny täzeledi. Indi smartfonyň baş ekranyndaky gözleg paneli has giňeldi we döwrebap boldy. Ol Material 3 Expressive konsepsiýasyna laýyk gelýär – bu geljekki Android wersiýalarynda ulanyljak täze wizual stildir
12.05.2025 16:36
1.8k+
Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi
Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi
12.05.2025 16:19
5.6k+
Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy
Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b
12.05.2025 16:10
2.4k+
Şýamalan Jeýk Jillenholyň oýnamagynda romantik trilleri surata düşürýär
M.Naýt Şýamalanyň režissýorlyk etmeginde “Galyndy” (“Остаток”(“ Remain”)) romantiki trilleri 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda halkara derejesinde çykar. Bu barada Warner Bros-a salgylanýan Deadline habar berýär
12.05.2025 12:52
14k+
«Ahyrky nokatdaky» 71 ýaşly kaskadýor aýal «ot alyp», rekord goýdy
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň döredijileri dünýä rekordyny goýandyklaryny öňe sürýärler. Filmiň surata düşürilýän mahaly, 71 ýaşly kaskadýor aýal «oda berildi». Şeýlelikde, ol kameranyň öňünde «ýanan» iň garry adam boldy
12.05.2025 07:12
6.1k+
«Dünýäni üýtgetjek» Starlink Mini üçin 40 dollarlyk kiçijik router çykaryldy
SpaceX kompaniýasy ABŞ-da 40 dollarlyk kiçi ölçegli Starlink Router Mini-niň satuwyna başlady. Bu enjam internede birikmäniň hilini ýokarlandyrmak üçin döredildi, şeýle-de öý şertlerinde Wi-Fi zolagynyň giňeldilmegine mümkinçilik berýär
11.05.2025 22:39
9.9k+
53 ýyl ozal uçurylan «Kosmos-482» apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy
1972-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan Wenera planetasyny öwrenmek maksady bilen uçurylan «Kosmos-482» kosmos apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy. Bu barada «Roskosmos» habar berdi. TsNIIMaşyň berýän maglumatlaryna görä, apparat 10-njy maýda, Aşgabat wagty bilen sagat 11:24-de atmosferanyň dykyz gatlaklaryna giripdir
11.05.2025 22:16
1.7k+
Huawei kompaniýasy HarmonyOS-ly ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro-ny hödürledi
Huawei kompaniýasy HarmonyOS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro noutbugyny görkezdi. Onuň tanyşdyrylyşy ýörite çärede geçirildi we bu ýerde myhmanlar täze noutbuga we onuň programma üpjünçiligine baha berip bildi
11.05.2025 14:17
9.8k+
“2025-nji ýylyň iň gowy naturalist suratçysy” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Germaniýanyň Tebigat suratçylary jemgyýeti (GDT) “2025-nji ýylyň iň gowy naturalist suratçysy” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Konrad Wote bäsleşigiň absolýut ýeňijisi boldy. Ol şaglawugyň içinden geçip uçup ýören suw serçeleriniň suraty üçin baş baýragy aldy
11.05.2025 13:57
8.4k+
15 kadrda dünýä syýahat: BU Global Programs 2025 surat bäsleşiginiň jemleri jemlendi
BU Global Programs-yň guramaçylary her ýyl geçirilýän 13-nji surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Ol Boston uniwersitetiniň dünýäniň dürli künjeginden gelen dalaşgärleriň, talyplaryň, uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýär
11.05.2025 12:58
15k+
1941–1945-njy ýyllardaky gazet arhiwlerini gözlemek we sanlylaşdyrmak boýunça taslama işe girizildi
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Ýandeks” we Russiýanyň Milli elektron kitaphanasy (MEK) 1941-1945-nji ýyllaryň gazet arhiwlerini gözlemek we sanlaşdyrmak boýunça taslamany işe girizdi
10.05.2025 22:16
8.4k+
Faraon Tutanhamonyň hazynalarynyň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine geçirildi
Faraon Tutanhamonyň kolleksiýasyndan artefaktlaryň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine getirildi. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi habar berdi. Muzeýiň resmi açylyşy 3-nji iýula meýilleşdirilýär
10.05.2025 19:50
7.6k+
MrBeast-iň öz doglan güni üçin satyn alan mahabaty 7,3 million gezek görüldi
MrBeast hökmünde tanalýan YouTube blogeri Jimmi Donaldson özüni doglan güni bilen gutlamak üçin 27 ýaşynyň dolan güni X (öňki Twitter) sosial ulgamynda mahabat ýerini satyn aldy. Ekranlarda hiç hili düşündirmesiz we goşmaça tekstsiz ýönekeý “Doglan günüň bilen, MrBeast
10.05.2025 19:47
3.6k+
“Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” 2027-nji ýylyň dekabrynda çykar
Warner Bros. kinostudiýasy Ortaýer älemine esaslanýan täze filmiň çykjak senesini aýtdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” (Властелин колец: Охота на Голлума) atly film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kinoteatrlarda çykar we meýilleşdirilen iki filmiň birinji bölümi bolar
10.05.2025 14:49
6k+
“Betmen 2” režissýorsyz galdy. Film indiki ýazda düşüriler
“Betmen: Bölüm II” filminiň düşürilişi 2026-njy ýylyň mart aýyna süýşürildi. Film Londonda düşüriler diýip, Production Weekly habar berýär. Ozal taslamanyň režissýory hökmünde Mett Riwz bellenipdi, ýöne indi ol ssenariçi hökmünde görkezilýär
10.05.2025 14:42
1.1k+
Huawei kompýuterler üçin HarmonyOS operasion ulgamyny tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy HarmonyOS 5 (HarmonyOS NEXT) operasion ulgamyny hödürledi. Bu ulgam häzirki zaman emeli aň mümkinçiliklerine eýe bolup, esasan-da Hytaýyň kompýuter bazaryna gönükdirilendir. Bu barada «Huawei Central» habar berýär
10.05.2025 14:39
3k+
Netflix TikTok-a meňzeş wideo lentasyny işe girizýär
Netflix kompaniýasy ykjam goşundysynda täze funksiýanyň – TikTok-a meňzeş dik görnüşli gysga wideolardan ybarat lentanyň synag hökmünde ýakyn wagtda işe giriziljekdigini habar berdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär
10.05.2025 14:32
2.1k+
“Altyn globus” 2026-njy ýyldan iň gowy podkastlar üçin berlip başlanar
2026-njy ýyldan başlap “Altyn globus” baýragynda iň gowy podkast üçin täze kategoriýa peýda bolar. Baýragyň guramaçylary bu nominasiýada ilkinji ýeňijiniň baýragyň 83-nji gowşurylyş dabarasynda saýlanjakdygyny habar berdi diýip, Deadline ýazýar
10.05.2025 14:17
6.7k+
Iň howpsuz messenjerleriň sanawy düzüldi. Telegram 10-lukda ýok
Russiýanyň Artezio kompaniýasynyň analitikleri iň howpsuz messenjerleriň her ýylky sanawyny täzelediler. Bilermenleriň pikirine görä, howpsuzlygyny ýitiren meşhur Telegram messenjeri 2025-nji ýylyň sanawyndan aýryldy
«
1
…
86
87
88
…
276
»
«
1
…
83
84
85
86
87
88
89
90
91
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.