Beýik Britaniýada 10 mln dollarlyk 12 müň Samsung smartfony ogurlandy

06.08.2025, 17:539,613

Londonyň Hitrou howa menziliniň töwereginde Beýik Britaniýanyň taryhynda iň uly elektronika talaňçylyklarynyň biri bolup geçdi – näbelli adamlar 10,6 mln dollarlyk Samsung enjamlary bolan ýük ulagyny ogurlady. Bu barada Günorta Koreýanyň Yonhap agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Deslapky maglumatlara görä, jenaýatkärler ýükler howa ýoly arkaly ýurda getirilenden tiz wagtdan soň ulagy eýeledi. Ýük ulagyndan 12 müň töweregi gurluş ogurlandy, olaryň arasynda 5 müňden gowrak täze Galaxy Z Flip 7 we Galaxy Fold 7 eplenýän smartfonlary, Galaxy S25, Galaxy A16 modelleri, şeýle-de 5 müň töweregi Galaxy Watch 8 akylly sagady bar.
Habar berlişi ýaly, bu talaňçylyk doly meýilleşdirilipdir. Soňrak polisiýa konteýneri tapdy, ýöne içinde enjamlaryň galandygyny ýa-da ýokdugyny aýtmady.
Bar bolan maglumatlara görä, Samsung tutuş ýüki ätiýaçlandyrdy, şonuň üçin düýpli maliýe ýitgisini çekmez. Şol bir wagtyň özünde, sarp edijilere ulanylan smartfonlaryň bazaryndan enjam satyn alanyňda seresaply bolmak maslahat berildi: belli bolşy ýaly, ogurlanan tehnika blokirlenýär we resmi hyzmata degişli däldir.
Britaniýanyň polisiýa gullugy şeýle görnüşdäki ogurlanan elektronikanyň 75%-iniň daşary ýurtlara äkidilýändigini, munuň bolsa olary yzyna gaýtarmagy ep-esli kynlaşdyrýandygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.