Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
06.05.2025 21:09
2.7k+
“Awatar: Aang hakynda rowaýat” multserialynyň dowamy 2027-nji ýylda çykar
“Aang hakynda rowaýat” multserialynyň dowamy bolan “Awatar: Ýedi gaçybatalga” 2027-nji ýylda çykar. Maglumat Toy World žurnalynyň maý aýyndaky sanynda, Paramount-yň geljekki taslamalary baradaky bölümde peýda boldy
06.05.2025 21:04
2k+
Nýu-Ýorkda 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň laureatlary yglan edildi. Doly sanaw baýragyň saýtynda ýerleşdirildi. “Jemgyýete hyzmaty üçin” nominasiýasynda baýragy ABŞ-da çaga aýyrtmagy gadagan etmegiň netijeleri baradaky reportaž üçin ProPublica täjirçilik däl guramasy aldy
06.05.2025 16:19
6.8k+
Maldiwleriň Prezidenti metbugat maslahatynyň dowamlylygy boýunça rekord goýdy
Maldiwleriň Prezidenti Mohamed Muizzu taryhda iň uzak dowam eden metbugat maslahatyny geçirdi. Bu barada The Daily Guardian habar berýär. Bellenilişi ýaly, metbugat maslahaty şenbe güni ýerli wagt bilen 10:00-da başlady we giç agşam tamamlandy
06.05.2025 16:18
2.7k+
Ilon Maskyň Grok çat-boty indi gürleşip bilýär
xAI kompaniýasy Grok çat-botuny täzeläp, oňa ses aragatnaşygy funksiýasyny goşdy. Indi ulanyjylar ses arkaly sorag berip, audio jogaplary alyp bilýär. Funksiýa iOS gurluşlarynyň eýeleri üçin Grok programmasynda elýeterlidir
06.05.2025 16:13
3.2k+
“Gök gürrüldedijiler*” prokata şowly başlap, kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy
“Gök gürrüldedijiler*” (Громовержцы* / Thunderbolts*) filmi 4-nji maýda tamamlanan dynç günlerinde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy. Variety we The Hollywood Reporter neşirleriniň habar bermegine görä, ilkinji uikendde film ABŞ-da 76 mln dollar we daşary ýurtlarda 86,1 mln dollar gazandy
06.05.2025 16:05
3.7k+
"Unutma", "Özgeleriň durmuşy", "Ýedi": Collider neşiri soňky 30 ýylyň iň gowy 10 trillerini saýlady
Amerikanyň abraýly Collider neşiri soňky 30 ýylda çykan iň oňat on trilleriň sanawyny çap etdi. Sanawa, awtorlaryň pikirine görä, dartgynly atmosferasy, garaşylmadyk sýužet öwrümleri we ajaýyp aktýorlyk ussatlygy bilen tapawutlanýan filmler girdi
06.05.2025 10:35
4.5k+
Tom Felton “Garri Potter” boýunça täze serialyň toparyna goşuldy
Garri Potter baradaky filmlerde Drako Malfoýyň keşbi bilen tanalýan aktýor Tom Felton ýazyjy Joan Roulingiň kitaplaryna esaslanýan täze serialyň döredijilik geňeşçisi boldy. Bu barada CBR habar berýär. Ol döredijilik geňeşçisi hökmünde HBO-nyň taslamasyna gatnaşar
05.05.2025 22:37
3.5k+
Microsoft şu gün Skype-y hemişelik ýapýar. Messenjer 22 ýyllap işledi
2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan başlap, Skype öz işini doly bes edýär. Messenjeriň eýesi bolan Microsoft korporasiýasy bu barada ulanyjylara öňünden duýduryş beripdi. Ulanyjylara iki mümkinçilik hödürlenýär: olar ähli kontaktlaryny we hasaplaryny saklap, Teams programmasyna geçip bilerler ýa-da hatlarynyň arhiwini göçürip alyp bilerler
05.05.2025 16:08
5.5k+
“1234”, “söýgi”, “Gün”, “çaý”… internetdäki parollaryň 94%-i örän gowşak bolup çykdy
Soňky ýyllarda internet ulgamyna şahsy maglumatlaryň syzýan ýagdaýlary köp boldy. Cybernews-den gözlegçiler şeýle bazalardan 19 milliard paroly seljerip, şeýle netijä geldi: parollaryň 94%-i gowşak, bir görnüşli we aňsat bilinýärdi
05.05.2025 15:29
6.1k+
“Gaty sesli ümsüm surat”: World Press Photo ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady
World Press Photo gaznasy ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady. Şu ýyl ýeňiji 2024-nji ýylyň mart aýynda Ysraýylyň Gaza tarap howa hüjüminden soň iki elini ýitiren palestinaly oglanjyk Mahmud Ajžuryň suraty boldy
05.05.2025 14:51
2k+
Raýan Reýnolds Dedpul we X adamlar barada täze filmiň üstünde işleýär
Aktýor Raýan Reýnolds Dedpuly X adamlar bilen birleşdirjek täze filmiň ssenarisiniň üstünde işleýär. Bu barada The Hollywood Reporter portaly habar berýär. Taslama heniz ssenariniň tamamlanmandygy üçin Marvel Studios-a hödürlenmedi
05.05.2025 13:05
11k+
8 ýaşly oglanjyk howlusyndan 140-180 million ýyllyk galyndyny tapdy
Derbişir graflygynyň Matlok şäherinden (Beýik Britaniýa) sekiz ýaşly Elliott atly oglanjyk öýleriniň howlusyndan ammonitleriň galyndylaryny tapdy. Ammonitler - 140-180 million ýyl ozal ýura döwründe ýaşap geçen gadymy deňiz mollýuskalary
05.05.2025 12:57
1.9k+
Deadline 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawyny hödürledi: birinji – “Tapmaça 2”
Deadline neşiri 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawyny hödürledi. Birinji orny “Tapmaça 2” eýeledi. 200 mln dollar býujet we 500 mln dollar umumy çykdajy bilen onuň arassa girdejisi 650 mln dollar boldy
05.05.2025 12:16
13k+
Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäniň iň uly we iň kiçi itleriniň arasynda duşuşyk geçirdi
Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäniň iň uly we iň kiçi itleriniň arasynda geçen duşuşygyň suratyny çap etdi. Haýwanlar ABŞ-nyň Aýdaho-Fols şäherinde duşuşdy. Ýer togalagynyň iň uly iti - Rejinald lakamly ýedi ýaşly nemes dogy
05.05.2025 12:03
4.3k+
Jeýms Kemeron «Hirosimanyň ruhlary» esasynda film düşürer
Jeýms Kemeron Çarlz Pellegrinonyň «Hirosimanyň ruhlary» (Ghosts of Hiroshima) romanyny ekranlaşdyrmak isleýär. Bu barada režissýor «Deadline» neşirine gürrüň berdi. Režissýor «Awatar» tamamlanansoň, surata düşüriş işlerine başlamagy meýilleşdirýär
05.05.2025 08:57
10k+
Howa maglumaty: +41 gradusa çenli yssy, hepdäniň ortasynda ýagyş
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
05.05.2025 07:37
1.8k+
Telegram 200 adama çenli toparlaýyn jaňlary işe girizýär
Telegram-yň soňky täzelenmesi ulanyjylara 200 adama çenli gatnaşyjylar bilen toparlaýyn jaňlary hödürleýär. Bu barada messenjeriň esaslandyryjylarynyň biri bolan Pawel Durow özüniň Telegram kanalynda habar berdi
05.05.2025 00:09
14k+
Green Card DV-2026 lotereýasynyň netijeleri çap edildi
ABŞ-nyň Döwlet departamenti «Diversity Immigrant Visa Program» (DV-2026) maksatnamasynyň, ýagny Green Card lotereýasynyň netijelerini çap etdi. Arza tabşyranlar netijeleri şu resmi web salgysy arkaly barlap bilerler
04.05.2025 19:50
2k+
WhatsApp-yň aýlyk ulanyjy sany 3 milliarddan geçdi
Häzirki wagtda WhatsApp-yň aýlyk işjeň ulanyjy sany 3 milliarddan geçýär diýip, Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg çärýekleýin maliýe hasabatyndan soň geçirilen brifingde mälim etdi. Bu barada «TechCrunch» habar berýär
04.05.2025 19:48
4k+
«Joker: Iki adamlyk telbelik» 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmi boldy
«Joker: Iki adamlyk telbelik» (Джокер: Безумие на двоих) filmi Warner Bros. kompaniýasyna 144,25 mln dollar zyýan ýetirdi we 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu antireýtingi «Deadline» neşiri düzdi
04.05.2025 15:14
5.7k+
Google Gemini suratlary «fotoşoplamagy» öwrendi
Gemini çat-boty suratlary işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Google öz blogynda täze algoritmiň nämeler edip bilýändigi barada düşündirdi. Suratlary üýtgetmek üçin indi diňe çat-bot bilen adaty dilde gürleşmek ýeterlik
04.05.2025 14:37
3.7k+
Xiaomi soňky 10 ýylda ilkinji gezek Hytaýdaky iň uly smartfon öndürijisi boldy. Apple bäşinji orna düşdi
Xiaomi kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça alanyňda, soňky on ýylyň dowamynda ilkinji gezek içerki smartfon bazarynda lider boldy. «Canalys» analitikleriniň hasaplamalaryna görä, hasabat döwründe öndüriji 13,3 million smartfon satyp, bazaryň 19%-ine eýe boldy
04.05.2025 14:29
1.3k+
Meta EA ses kömekçisi bilen aýratyn programma çykardy
Meta resmi taýdan özbaşdak Meta AI programmasyny işe girizdi. Ozal emeli aň Facebook, Instagram, WhatsApp we Messenger programmalarynda elýeterlidi, indi bolsa ony ýörite programmanyň üsti bilen ulanmak bolýar
04.05.2025 14:20
3.5k+
Emeli aň ýazyjylyk ussatlygy boýunça okuw sapaklaryny geçmegi üçi Agata Kristini “janlandyrar”
BBC Maestro platformasyndaky bilim taslamasyna gatnaşdyrmak üçin emeli aň arkaly Agata Kristini “janlandyrarlar”. Iňlis ýazyjysynyň sanly awatary ýazyjylyk ussatlygy boýunça sapak berer diýip, The Independent gazeti habar berdi
04.05.2025 13:40
9.6k+
Täze barlaglar pişigiň eldekileşdirilmeginiň ýakymsyz syrlaryny açdy
Gadymy Müsürde gurbanlyk bermek üçin haýwanlara bolan isleg sebäpli pişikler eldekileşdirilipdir. Munuň şeýledigini halkara alymlar toparlary tarapyndan alnan genetiki maglumatlar tassyklaýar. Barlaglar entek gözden geçirilmedi we bioRxiv platformasynda ýerleşdirilmedi
04.05.2025 02:21
5.2k+
Starbucks awtomatizirlemekden ýüz öwrüp, has köp baristany işe almaga başlady
Starbucks baristalaryň sanyny artdyrmagy, iş çalşygyny uzaltmagy we öňki awtomatizirleme syýasatyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Bu barada The Guardian habar berýär. Kompaniýanyň baş direktory Braýan Nikkol maýadarlar bilen gürrüňdeşlikde işgärleriň sanynyň azaldylmagynyň hyzmatyň hiline ýaramaz täsir edendigini aýtdy
04.05.2025 02:20
2.2k+
Emeli aň Duolingo platformasyna 148 täze dil okuwyny döretmäge kömek etdi
Duolingo indi 148 sany täze dil okuwynyň bardygyny habar berdi. Olary çalt döretmek üçin kompaniýa generatiw emeli aňdan peýdalandy. Ozal şeýle okuwlary döretmek üçin birnäçe ýyl gerek bolýardy, indi bolsa muny EA-nyň kömegi bilen has tiz etmek bolýar
03.05.2025 12:18
12k+
Türkmen bagşylary Hywada IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlik gazandylar
26 — 28-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwaly geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý bagşyny bir ýere jemlän bu festiwala Daşoguz welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar
03.05.2025 12:12
5.3k+
Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi
03.05.2025 11:58
2.5k+
Spotify-yň ulanyjylarynyň sany 678 milliona ýetdi. Olar hyzmata 4,2 mlrd ýewro girdeji getirdi
Spotify aýdym-saz hyzmaty 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça ulanyjylaryň sanynyň artandygyny habar berdi. Mart aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, premium ulanyjylaryň sany 268 milliona ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12% köpdür
03.05.2025 11:44
1.9k+
Frensis Ford Koppola kino sungatyna goşandy üçin AFI baýragy bilen sylaglandy
Los Anjelesde (ABŞ) geçirilen 50-nji «AFI Life Achievement Award» gowşurylyş dabarasynda Frensis Ford Koppola iň ýokary baýrak bilen sylaglandy. Oňa bu sylagy meşhur režissýorlar Stiwen Spilberg bilen Jorj Lukas gowşurdy
03.05.2025 11:42
12k+
Uzak wagtlap ýitip gidendir öýdülen balyk Indoneziýada surata düşürildi
Indoneziýanyň latimeriýasy (Latimeria menadoensis) ilkinji gezek tebigy gurşawynda surata düşürildi. Suratlar Molukk adalarynyň töwereginde düşürildi. Bu barada gözlegiň netijeleri «Scientific Reports» žurnalynda neşir edildi
03.05.2025 11:30
5.1k+
GTA 6-nyň çykarylyşy bir ýyl yza süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň maý aýynda çykar
Rockstar Games studiýasy GTA 6-nyň haçan çykaryljakdygyny aýtdy. Täze oýun 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda PS5 we Xbox Series üçin çykar. Bu barada kompaniýa sosial torlarda we resmi web sahypasynda aýratyn beýanat bilen habar berdi
03.05.2025 11:20
1.3k+
WhatsApp-yň web-wersiýasy audio we wideo jaňlar funksiýasyna eýe bolar
2025-nji ýylyň ahyryna çenli WhatsApp messenjeriniň web wersiýasynda ulanyjylara audio we wideo jaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän funksiýa elýeterli bolar diýip, WABetaInfo habar berýär. Ondan öň jaňlar diňe Android we iPhone üçin ykjam programmalarda, şeýle hem Windows we macOS üçin desktop wersiýasynda bardy
03.05.2025 10:57
2.3k+
«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar
Netflix striming hyzmaty «Tudum 2025» atly uly tanyşdyryş çäresini yglan etdi. Bu çärede onlaýn-kinoteatrda iň köp garaşylýan täze taslamalar baradaky täzelikleri paýlaşmak meýilleşdirilýär. Tudum-yň treýlerinde «Kalmar oýnunyň» 3-nji möwsüminden, «Wan Pis» serialyndan, «Pyçaklary çykarmak 3» filminden we beýleki meşhur taslamalardan bölekler görkezildi
03.05.2025 10:51
2.5k+
Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar
Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi
03.05.2025 09:27
3.1k+
“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar
“Sýogun” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar. Bu barada FX teleýaýlymynyň wekilleri Deadline neşirine habar berdi. Hiroýuki Sanada lord Ýosi Toranaganyň keşbine gaýdyp geler, Kosmo Jarwis bolsa ýene-de britaniýaly deňizçi Jon Blektorny oýnar
03.05.2025 09:26
5.3k+
Bugatti we Jacob & Co. içinde V16 hereketlendirijisi bolan goşar sagadyny çykardy
Bugatti kompaniýasy Jacob & Co. bilen bilelikde içinde V16 hereketlendirijisiniň kiçijik modeli bolan goşar sagadyny çykardy. Bu mehanizm ýönekeý bir bezeg däldir – ol Tourbillon giperkarynyň hakyky hereketlendirijisiniň işleýşini görkezýär
02.05.2025 16:06
5.9k+
Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
02.05.2025 15:57
9.1k+
Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy
30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler
«
1
…
88
89
90
…
276
»
«
1
…
85
86
87
88
89
90
91
92
93
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.