OpenAI baradaky täze filmde Ilon Maskyň keşbini kimiň ýerine ýetirjekdigi belli boldy

29.07.2025, 11:323,718

“Kinostudiýa” serialyndaky keşbi bilen tanalýan aktýor Aýk Barinhols “Emeli” (Artificial) filminde telekeçi we dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi.

Filmiň önümçiligi Amazon MGM tarapyndan alnyp barylýar. Sýužeti OpenAI kompaniýasyna we onuň baş direktory Sem Altmana bagyşlanar.
Taslama Luka Guadanýino režissýorlyk eder. Şeýle hem filmde Endrýu Garfild (Altmanyň keşbinde), Ýura Borisow (kompaniýanyň esaslandyryjysy we ChatGPT-iň esasy döredijileriniň biri Ilýa Suskewer), Kuper Koh, Jeýson Şwarsmann we Kuper Hoffman dagy surata düşer.
Ilkinji görkezilişi 2026-njy ýyla meýilleşdirildi.
Ozal režissýor Darren Aronofskiý Mask hakda baýopik düşürmegi meýilleşdiripdi, emma taslama amala aşyrylman galdy.
Aýk Barinhols ozal “Öz janyna kast ediş toparynda” (“Отряд самоубийц”), “Goňşular. Uruş ýodasynda” (“Соседи. На тропе войны”) komediýasynda, şeýle hem “Oturylyşyk” (“Вечеринка”) serialynda surata düşüpdi. “Kinostudiýada” ýerine ýetiren keşbi üçin şu ýyl “Emmi” baýragyna  ilkinji dalaşgärligini aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.