Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
15.11.2025 22:01
4.7k+
Napoleonyň Waterloo söweşinde ýitirilen tumary 4,4 mln dollara satyldy
Napoleon Bonapartyň Waterloo söweşinde fransuz goşuny ýeňlenden soň ýitiren göwher tumary 3,5 mln Şweýsariýa frankyna (4,4 mln ABŞ dollary) satyldy. Bu barada Sotheby’s auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Harydyň başlangyç bahasy 120 – 200 müň frank boldy
15.11.2025 10:01
11k+
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11.2025 19:20
6.7k+
Saragt Babaýew we Gahryman Goçmyradow Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalary boldular
Stambulda «Beýik sähraň ruhy», «Türki dünýäniň suratkeşleri Çingiz Aýtmatowy hormatlaýarlar» atly halkara çeperçilik sergisiniň çäklerinde Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy
14.11.2025 19:12
2.9k+
Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek Aşgabatda konsert bilen çykyş eder
21-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçegiň konserti geçiriler. Woýseh Waleçek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Artur Rubinşteýn adyndaky halkara ýaşlar bäsleşiginiň, Italiýanyň Parma şäherinde geçirilen F
14.11.2025 18:35
2.8k+
Netflix “Awataryň” ikinji möwsümi çykmanka üçünjisini düşürip tamamlady
Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň üçünji möwsümini düşürmek işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi. Işler maý aýynyň ahyrynda başlady we alty aý töweregi dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde, üçünji möwsüm 2026-njy ýylyň başynda çykjak ikinji möwsüm bilen ugurdaş düşürildi
14.11.2025 18:16
2k+
EA tarapyndan döredilen aýdym ilkinji gezek Billboard çartynda birinji orny eýeledi
Billboard çartynyň kantri aýdymlarynyň reýtinginde ýerine ýetiriji Breaking Rust-yň Walk My Walk aýdymy birinji orny eýeledi. Bu çartyň başyna geçen emeli aň tarapyndan döredilen ilkinji aýdym diýip, Newsweek habar berýär
14.11.2025 18:12
1.6k+
“V – diýmek Wendetta” seriala öwrüler
HBO we Warner Bros. Television “V – diýmek Wendetta” (V — значит Вендетта) antiutopik trillerine esaslanýan serialyň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Serial üçin ssenarini Pit Jekson ýazar
14.11.2025 18:00
2.1k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki dynç gününde şowhunly çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 16-njy noýabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly
14.11.2025 11:41
3.8k+
Frensis Ford Koppola "Megalopolis" filmi şowsuz çykandan soň adasyny satdy
"Çokundyran atanyň" režissýory Frensis Ford Koppola "Megalopolis" epiki filmi çykdajylaryny ödemänden soň Belizedäki Coral Caye adasyny 1,8 million dollara satdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Koppola filmi döretmek üçin öz jübüsinden 120 million dollar çykardy, şol sanda çakyr önümlerini satmakdan alan girdejisini hem sarp etdi
14.11.2025 06:58
1.8k+
Aşgabatda kompozitor Moris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygyna konsert geçiriler
18-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Mouris Raweliň «Bolero» atly konserti geçiriler. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Wladimir Mkrtumow, Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederler
13.11.2025 19:39
12k+
Albaniýa bilen Gresiýanyň araçägindäki gowakdan dünýädäki iň uly kerep tapyldy
Alymlar dünýäniň iň uly möý kerebini tapdylar. Ol 106 inedördül metr meýdany tutýar we gowagyň dar geçelgesiniň diwaryny doly örtýär. Bu tor müňlerçe örtükli kerep aýlawyndan ybarat bolup, «ýamalan düşek» ýaly görnüşi emele getirýär diýip, Live Science neşiri belleýär
13.11.2025 19:06
5.8k+
Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy
Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi. «Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir
13.11.2025 18:57
4.1k+
“Alaň 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy
Internetde “Alaň” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler. Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler
13.11.2025 17:25
3.2k+
Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer
Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer. Ol režissýor we prodýuser Tom Forduň “Asmana bakyp ýygla” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Variety habar berýär. Film Enn Raýsyň 1982-nji ýyldaky adybir romany esasynda surata düşüriler
13.11.2025 11:22
10k+
Dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça sanaw taýýarlanyldy
World Population Review 2025-nji ýyl üçin dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň ortaça dowamlylygy barada deslapky maglumatlary çap etdi. Reýting Halkara zähmet guramasynyň (ILO) we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) maglumatlaryna esaslanýar
13.11.2025 11:16
5.2k+
Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy
ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy
13.11.2025 06:56
6.1k+
Wulkanlar, buz bölekleri... : halkara Chromatic Awards baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Halkara Chromatic Awards fotosurat bäsleşiginiň guramaçylary şu ýyl ýokary baha mynasyp bolan iň gowy tebigat we landşaft suratlarynyň toplumyny hödürlediler. 1-nji orun: Patagoniýadaky Fitz Roý dagynyň töweregindäki
12.11.2025 08:41
10k+
92 ýaşly amerikaly dünýäde işleýän iň garry santehnik diýlip ykrar edildi
92 ýaşly amerikaly Ross Palermo dünýäde işleýän iň garry santehnik hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Palermo bu kärde tas 75 ýyl bäri zähmet çekýär. Ol 1933-nji ýylda italýan immigrantlarynyň maşgalasynda dünýä indi we orta mekdebi tamamlan badyna 1951-nji ýylda işe başlady
12.11.2025 00:32
2k+
Buker baýragyny wenger-britan ýazyjysy Dewid Soloýyň romany aldy
2025-nji ýylyň Buker baýragyny “Flesh” (“Syna”) romany üçin Dewid Soloý aldy. Ýeňijä kubok we 50 müň funt sterling berildi. Baýragy ýazyja geçen ýylky ýeňiji Samanta Harwi gowşurdy. Şu ýyl eminler toparyna ýazyjy Aýobami Adebaýo, ýazyjy we tankytçy Kris Pauer, romançy Kaýli Rid, ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl we aktrisa Sara Jessika Parker girdi
11.11.2025 14:57
6.1k+
“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler
15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir
11.11.2025 14:20
3k+
Apple iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeldýär
Apple kompaniýasy iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, kompaniýa hemralary gyssagly jaňlardan daşary hem ulanmaga mümkinçilik berjek birnäçe tehnologiýany öwrenýär
11.11.2025 14:08
2.9k+
Aşgabatda Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler
15-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda meşhur nemes kompozitory Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler. Konsert maksatnamasynda belli türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, şol sanda Leýli Ökdürowanyň hem-de Gülnar Nuryýewanyň çykyşlary göz öňünde tutulýar
11.11.2025 10:17
5.4k+
Maýkl Jekson baradaky filmiň treýleri tomaşa boýunça rekord goýdy
Maýkl Jekson baradaky biografik filmiň treýleri hödürlenenden soňky bir günüň içinde 116 mln tomaşa ýygnady. Bu görkeziji aýdym-saz bilen bagly ähli biografik filmleriň arasynda iň ýokarysy boldy diýip, Deadline habar berýär
11.11.2025 01:14
8.9k+
Türkmenistanda howa +20 gradusa çenli maýlar
Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanda maýyl howa bolar. Ýakyn günlerde ýagyn bolmaz diýlip çaklanylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +20 gradusa çenli maýyl bolar. Aşgabatda az bulutly howa bolup, howa gündizlerine +18
11.11.2025 00:49
5.7k+
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we Arkadag şäherinde saglygyny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlar gowşuryldy
Türkmenistanda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy
11.11.2025 00:44
3.3k+
Oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berdiler
9-njy noýabrda Hasyl toýy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Bu barada TDH habar berýär
11.11.2025 00:39
7.1k+
Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginde Hasyl toýy toýlandy
9-njy noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň
10.11.2025 13:14
5.8k+
Arheologlar Keniýada 2,7 million ýyl ozal ýasalan «şweýsar pyçaklaryny» tapdylar
Arheologlar Keniýadaky Turkana basseýniniň töwereginde takmynan 2,75–2,44 million ýyl öňe degişli daş gurallary tapdylar. Bu gadymy gurallar olduwaý medeniýetine degişli bolup, irki adamlaryň häzirkizaman «şweýsar pyçaklary» ýaly köp funksiýaly ulanyş gurallary hökmünde hyzmat edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar
10.11.2025 11:48
10k+
Coca-Cola emeli aň tarapyndan döredilen täze Roždestwo mahabaty üçin ýene-de tankyt edildi
Coca-Cola emeli aňyň kömegi bilen döredilen täze Roždestwo mahabaty çykandan soň, ýene-de üns merkezine düşdi. Bu brendiň adaty animatorlaryň ýerine neýroulgamy ulanmaga eden ikinji synanyşygydyr we kompaniýa ýene-de tankyt astyna alyndy
10.11.2025 11:29
12k+
Russiýada 6 million ýyl öň ýaşap geçen äpet aýynyň galyndylary tapyldy
Russiýaly alymlar häzirki Russiýanyň günbatary bilen serhetdeş sebitlere hem golaý ýerleşýän Stawropol ülkesinden 5–6 million ýyl öň ýaşan äpet aýynyň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Paleontologiýa institutynyň direktory Alekseý Lopatin habar berdi
10.11.2025 11:01
2.2k+
Jonni Depp Dikkensiň "Roždestwo aýdymy" powestiniň täze ekranlaşdyrmasynda Skrujyň keşbini janlandyrar
Jonni Depp Çarlz Dikkensiň meşhur "Roždestwo aýdymy" powestiniň täze ekranlaşdyrylýan wersiýasynda Ebenezer Skrujyň keşbini janlandyrmaga taýýarlanýar. Paramount Pictures-iň taslamasyna "X" gorkunç trilogiýasy bilen tanalýan režissýor Ti Uest ýolbaşçylyk eder diýip, Nexus Point News habar berýär
10.11.2025 10:50
1.3k+
Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy
Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär. Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy: «Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin
10.11.2025 06:46
3.7k+
“Gremmi” üçin dalaşgärler yglan edildi: Kendrik Lamar 8, Ledi Gaga – 7 nominasiýada görkezildi
ABŞ-nyň Milli ýazgy sungaty we ylmy akademiýasy 2026-njy ýylyň “Gremmi” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Iň köp nominasiýa alan Kendrik Lamar boldy. Ol dokuz kategoriýada görkezildi we olaryň köpüsinde “GNX” albomy üçin baýraga dalaş edýär diýip, The New York Times habar berýär
10.11.2025 06:29
7k+
Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi
Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar
09.11.2025 22:36
6.5k+
«Moana» filminiň kinoremeýkiniň surata düşüriliş işleri tamamlandy
Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi. Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy
09.11.2025 20:54
2.3k+
Entoni Hopkins alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer
Ser Entoni Hopkins “Görnüşler” (The Species) atly täze taryhy dramada meşhur tebigatçy alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Darwiniň aýaly Emma Darwiniň keşbini britaniýaly aktýor Şarlotta Rempling ýerine ýetirer
09.11.2025 19:02
14k+
Maýamiden är-aýal iň garry jübüt hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Maýamiden amerikalylar Laýl we Eleonora Gittensler iň uzak ýaşan är-aýal hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Olaryň umumy ýaşy 216 ýyl 132 gün. Är-aýal 1942-nji ýylda durmuş gurdy. Laýl Gittens 108, Eleonora 107 ýaşynda
08.11.2025 18:36
8.8k+
Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy
Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär
08.11.2025 18:27
1.7k+
Collins sözlügi “Waýb-kodingi” ýylyň sözi hökmünde saýlady
Vibe coding (“waýb-koding”) adalgasy iňlis diliniň sözlügi Collins tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi diýlip saýlandy. Sözlükde bu sözüň emeli aňyň gündelik durmuşa we hünär işine artýan täsirini görkezýändigi bellenilýär
08.11.2025 18:04
4.9k+
GTA VI-nyň relizi ýene süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň noýabrynda çykar
Grand Theft Auto VI wideooýnunyň relizi ýene süýşürildi – oýun indi 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çykar. Bu barada Rockstar Games-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berildi. Işläp düzüjiler taslamany doly işläp gutarmak üçin köp wagtyň gerek boljakdygyny belledi
«
1
…
51
52
53
…
276
»
«
1
…
48
49
50
51
52
53
54
55
56
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.