Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

12.02.2026, 18:213,235

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi.

​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür. Ulanyjylaryň köpüsi goşunda diňe dünýäde möhüm wakalar bolup geçende girýärler. Ýöne biz adamlara X-i ulanmak üçin has köp sebäp döredýäris. Goý ol Grok emeli aňy bolsun ýa-da X Money maliýe hyzmatlary bolsun. Biz bu platformanyň adamlaryň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrülmegini isleýäris. Platformany has peýdaly etdigimizçe, gündelik işjeň ulanyjylaryň sanynyň hem bir milliarddan geçjekdigine ynanýaryn" — diýip, ol belledi.

Platformanyň topary esasy görkezijileriň ösüşi barada hem maglumat berdi. Täze ulanyjylaryň goşundyda sarp edýän wagty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43%, öňden bar bolan ulanyjylaryňky bolsa 20% artdy. Goşundynyň ýükleniş sany 60% ýokarlanyp, aýda 120 milliona ýetdi. Abunalardan gelýän girdeji 1 milliard dollardan geçdi. Ýanwar aýynda ulanyjylaryň işjeňligi iň ýokary derejä ýetdi we fewral aýynyň netijeleri boýunça bu görkezijiniň täzelenmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.