«Ilon — ýadro bombasy ýaly bir adam»: Wenesiýada Mask baradaky film görkezildi

Şu gün, 11:552,310
1 / 2

Wenesiýa kinofestiwalynda bäsleşikden daşgary režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, Ilon Mask baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi.

Takmynan dört sagat dowam edýän film Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkeziler, 16-njy oktýabrda bolsa kinoteatrlara çykar.

Filmi döredijiler 48 sekuntlyk tizeri hem köpçülige hödürledi. Onda milliarder barada dürli pikirler beýan edilýär. Käbirleri Masky häzirki döwrüň iň beýik oýlap tapyjysy we «Demir adam» diýip atlandyrsa, beýlekiler ony kellesi bulam-bujar, hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirdiler.

Tizer wideo kosmos gämisiniň partlaýşy we «Ilon — bu ýadro bombasy» diýen sözler bilen tamamlanýar.

Tizerde Talking Heads toparynyň fortmeni Dewid Birniň Let Me Sell You a Dream atly täze aýdymy hem ýaňlanýar.

Film kinoteatrlardaky görkezilişinden soň HBO we Max platformalarynda çykar.