Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
16.07.2025 06:37
9.3k+
Merilin Monronyň pasport suraty 21 müň dollara satyldy
Bostondaky RR Auction auksionynda Merilin Monronyň 70 ýyl ozalky suraty 21 müň dollara satyldy. Surat 1954-nji ýylyň ýanwarynda aktrisanyň we onuň şol wagtky adamsy, beýsbolçy Jo Di Majionyň Ýaponiýa gezelenjinden öň pasport almak üçin ulanyldy
16.07.2025 06:22
1.7k+
Windows 11-e operasion ulgam sazlamalary bilen işlemek üçin emeli aň kömekçisi goşuldy
Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna täze EA kömekçisini goşdy. Ol gönüden-göni “Sazlamalar” programmasyna gurnaldy. Onuň wezipesi ulanyjylara zerur parametrleri tapmaga we meseläni adaty dilde beýan etmek arkaly ulgamy sazlamaga kömek etmekden ybarat
16.07.2025 06:12
5.2k+
Belizde maýalaryň gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary - Te Kaab Çaakanyň mazary tapyldy
Hýuston uniwersitetiniň arheologlary Karakolda (Beliz) maýalaryň bu gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary we onuň şa nesilşalygynyň esaslandyryjysy Te Kaab Çaagyň mazaryny tapdylar. Bu Merkezi Amerikanyň döwleti bolan Belizdäki iň uly maýa arheologik ýadygärliginde 40 ýyldan gowrak wagtlap geçirilen barlagda tapylan ilkinji şa mazarydyr
15.07.2025 17:47
7k+
HBO Garri Potter barada serialy düşürip başlady we baş gahrymanyň ilkinji suratyny görkezdi
Beýik Britaniýada Warner Bros. studiýasynda ýaş jadygöý Garri Potter barada serial surata düşürilip başlandy. J. K. Roulingiň ýedi kitabyny öz içine aljak serialyň premýerasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, Warner Bros
15.07.2025 14:50
3.7k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi soňky 8 ýylda DC-niň iň üstünlikli taslamasy boldy
Jeýms Gannyň režissýorlyk etmegindäki “Supermen” filmi dünýä prokatyna soňky sekiz ýylda DC Studios üçin iň gowy kassa ýygymlary bilen başlady diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Premýera güni film, deslapky görkezişleri hasaba almazdan, 56,5 mln dollar gazandy
15.07.2025 13:27
2.6k+
Google-yň Gemini emeli aňy ulanyjynyň messenjerlerindäki ähli habarlara girip biler
Google-yň Gemini AI modeli, messenjerleri goşmak bilen, smartfonlarda üçünji tarap programmalaryna girip biler. Bu barada korporasiýa ýakynda AI ulgamyna täzelenme hödürlände yglan etdi. Google täze funksiýanyň "ulanyjylar üçin peýdalydygyny" we Gemini-ä göni Android smartfonlaryndan habar ibermek we jaň etmek ýaly, gündelik işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýar
15.07.2025 13:17
4.9k+
Gün panellerinden emele gelen iň uly mural Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Kanadanyň Alberta welaýatynda ýerleşýän SunRise ýaşaýyş toplumy Gün panellerinden emele gelen ägirt uly mural mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adaty bolmadyk freska binanyň öň tarapynda 3205 inedördül metri tutýar diýip, Interesting Engineering ýazýar
15.07.2025 13:07
2.1k+
Microsoft millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder
Microsoft kompaniýasy Elevate atly bäş ýyllyk başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi, onuň çäklerinde korporasiýa millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder. Maliýe serişdeleri pul hemaýatlary, bulut tehnologiýalary we AI gurallary görnüşinde berler
15.07.2025 12:33
6.7k+
Emeli aň Dubaýdaky täze restoranda şef-aşpez wezipesine bellendi
Sentýabrda Dubaýda WOOHOO restorany öz işine başlar. Bu ýerde menýunyň we umumy konsepsiýanyň taýýarlanmagyna emeli aň jogap berer diýip, Reuters habar berýär. Tagamlar adaty aşpezler tarapyndan taýýarlanar, ýöne
15.07.2025 12:29
16k+
Günorta koreýaly balykçylar awlan 1,9 million dollarlyk balyklaryny deňze taşlamaly boldular
Günorta Koreýanyň balykçylyk gämisiniň ekipažy umumy bahasy 1,9 million dollar bolan 1300-den gowrak mawy reňkli ýuwaş umman tunesini suwa taşladylar. Bu barada ýerli hökümetiň maglumatyna salgylanýan South China Morning Post habar berdi
15.07.2025 12:19
3.9k+
Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi
Alymlar grafen oksidine we maşyn öwreniş algoritmlerine esaslanýan tagam duýuş datçiginiň täze neslini hödürlediler. Enjam adam duýgusyna ýakyn takyklyk bilen tagam duýmaga ukyply we agyzdaky şertleri gaýtalap, çygly gurşawda işläp bilýär diýip, Phys
14.07.2025 18:27
7k+
Magnus Karlsen ChatGPT bilen küşt oýnap, ýekeje malyny ýitirmän utdy
Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen ChatGPT bilen bir döw küşt oýnap, ony utdy. Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony emeli aň bilen oýnamakdan alan täsirlerini we ekran suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşdy
14.07.2025 18:18
3.1k+
“Lilo we Stiç” golliwud filmlerinden ilkinji bolup milliarda has golaýlady
Disney studiýasynyň “Lilo we Stiç” remeýki ýedi hepdäniň dowamynda 994,2 mln dollar ýygnady. Häzirki dinamikany göz öňünde tutsaň, “Lilo we Stiç” Hytaýyň “Neçža 2” animasiýasyndan soň, 1 mlrd dollardan geçjek ilkinji film bolup biler diýip, The Wrap neşiri habar berýär
14.07.2025 17:24
4.6k+
Spotify-da million diňleýjisi bolan meşhur rok-topary emeliň aňyň önümi bolup çykdy
5-nji iýunda ilkinji albomyny çykaran we Spotify-da bir million diňlenme gazanan The Velvet Sundown rok toparynyň dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilendigi anyklanyldy. Bu barada The New York Post habar berýär
14.07.2025 11:52
9.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi
13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi
14.07.2025 11:01
4.7k+
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar. Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar
14.07.2025 10:58
2k+
Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli
Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler. Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir
13.07.2025 19:12
1.7k+
YouTube “Trendde” bölümini ýapýar. Ol tematiki çartlar bilen çalşyrylar
YouTube 2015-nji ýyldan bäri hereket eden “Trendde” sahypasynyň we “Häzir trendde” sanawynyň ýapylýandygyny habar berdi. Olaryň deregine platforma tematiki çartlary işe girizer, olarda kontent aýdym-saz wideolary, podkastlar we kinotreýlerler ýaly kategoriýalar boýunça bölner
13.07.2025 19:10
4.9k+
Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň global wersiýalaryny tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň halkara wersiýalaryny hödürledi. Enjamlar displeý aýratynlyklary we kamera konfigurasiýasy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Esasy modeliň ekrany 6,6 dýuým, Pro wersiýasynyňky bolsa 6,8 dýuým
13.07.2025 19:01
4.3k+
«2025-nji ýylyň astronomik suratçysy» baýragynyň finalçylary yglan edildi
Grinwiç patyşalyk obserwatoriýasy bilen «BBC Sky at Night» žurnaly her ýyl geçirilýän «Astronomik suratçy» atly halkara bäsleşigiň gysga sanawyny yglan etdiler. 2025-nji ýylda bu bäsleşige 69 ýurtdan höwesjeň we professional suratçylar tarapyndan 5500-den gowrak ýüzlenme gelip gowuşdy
13.07.2025 18:34
13k+
Ispaniýada bir aýal ýumurtga goýmak üçin bulgurlaryň iň uly kolleksiýasyny ýygnady
Ispaniýanyň ýaşaýjysy Mariýa Hose Fuster ýumurtga goýmak üçin niýetlenen bulgurlaryň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, onuň kolleksiýasynda 15 485 sany şeýle predmet bar
12.07.2025 19:27
20k+
Kanadadan içi hatly çüýşe Atlantikany geçip, Irlandiýa bardy. Ol 13 ýyldan soň tapyldy
Irlandiýadan är-aýal Jon we Keýt Geý Atlantik ummanynyň günbatar kenarynda 2012-nji ýylda kanadaly jübüt tarapyndan Bell-Aýlend adasyndan iberilen içi hatly çüýşäni tapdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär
12.07.2025 19:24
13k+
Germaniýada arheologlar ýaşy 125 000 ýyl bolan gadymy ýag “fabrikasyny” tapdy
Arheologlar Germaniýadaky Noýmark-Nord diýen ýerde 172 haýwanyň – atlaryň, sugunlaryň we öküzleriň 2000-den gowrak süňk bölegini tapdy. Süňkler döwlüp, ýag almak üçin gaýnadylypdyr. Bu 125 müň ýyl ozal neandertallar tarapyndan ýagyň işlenmeginiň subutnamasydyr diýlip, Science Advances žurnalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar
12.07.2025 19:23
9.5k+
Gizadaky Sfinksiň aşagynda 1200 m çenli çuňlukda ýerasty gurluşlaryň yzlary tapyldy
Müsüri öwrenmek bilen meşgullanýan italiýaly alymlaryň topary Giza belentliginiň aşagynda ýerasty desgalaryň yzlarynyň tapylandygyny habar berdi. Daily Mail-iň ylmy gözlege gatnaşyjylara salgylanyp ýazmagyna görä, alymlar, esasan, Uly Sfinks heýkeliniň töwereklerine ünsi jemledi
12.07.2025 19:16
4.9k+
Jeýn Birkine degişli bolan Hermès ýantorbasy rekord 10 mln dollara satyldy
Asly Britaniýadan bolan fransiýaly aýdymçy we aktrisa Jeýn Birkine degişli bolan ilkinji Hermès Birkin ýantorbasy Sotheby’s auksionynda komissiýa tölegleri bilen birlikde rekord 10 mln dollara (8,6 mln ýewro) satyldy
12.07.2025 18:50
3.1k+
Samsung eplenýän üç ekranly smartfonynyň ýylyň ahyryna çenli çykjakdygyny tassyklady
Samsung 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde eplenýän üç ekranly smartfony çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada sarp ediş elektronikasy bölümçesiniň başlygy Ro The Mun The Korea Times neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi
11.07.2025 19:22
2.4k+
EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi
Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy
11.07.2025 19:19
6.2k+
“Muzeýdäki gije” komediýasy täze wakalar we gahrymanlar bilen täzeden düşüriler
20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar. Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli
11.07.2025 19:17
2.3k+
YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer
15-nji iýuldan YouTube emeli aňyň kömegi bilen döredilýän kontentden girdeji gazanmak mümkinçiligini çäklendirmek üçin hyzmatdaşlyk programmasynyň düzgünlerini täzelär. Bu barada kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, TechCrunch neşiri ýazýar
11.07.2025 19:15
2.7k+
Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär
11.07.2025 18:24
3.3k+
Jastin Biber “Swag” albomyny we Skylrk brendiniň ilkinji kolleksiýasyny çykardy
Jastin Biber täze “Swag” albomyny çykardy. Albom aýdymçynyň diskografiýasynda ýedinji boldy. Şol bir wagtyň özünde Biber täze “Skylrk” eşik brendinden ilkinji kolleksiýany hödürledi. Alboma 21 aýdym, şol sanda Druski, Gunna, Sexyy Red, Cash Cobain we beýleki artistler bilen bilelikdäki aýdymlar girdi
11.07.2025 14:42
5k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi dünýä prokatyna çykdy
11-nji iýuldan dünýä kinoteatrlarynda Jeýms Gannyň “Supermen” filmi görkezilip başlandy. Bu režissýoryň gözegçilik etmegindäki täzelenen DC kinoäleminiň ilkinji filmidir. Film Klark Kentiň ýaşlygy we onuň gahryman hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär
11.07.2025 10:56
5k+
Plastik gaplamalaryň 96%-i azyk önümlerini we içgileri mikroplastik bilen hapalaýar
Iýmit senagatynda ulanylýan plastik gaplamalaryň tas hemmesi azyk önümlerine we içgilere mikroplastikleriň ýa-da nanoplastikleriň düşmegine sebäp bolýar. Şweýsariýaly we norwegiýaly gözlegçiler 103 ylmy işi seljerip, şu netijä geldiler diýip, «npj Science of Food» neşiri habar berýär
11.07.2025 10:53
5.2k+
Redmi 15C we Poco C85 resmi tanyşdyrylmazdan öň suratlary peýda boldy
Xiaomi arzan bahaly täze Redmi 15C we Poco C85 smartfonlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Olaryň suratlary sertifikatlaşdyrylýan wagty internetde peýda boldy. Şeýle-de resmi ýaly görünýän şekil suratlary hem ýaýradyldy
11.07.2025 10:50
1.3k+
OpenAI Google Chrome bilen bäsleşmek üçin öz brauzerini işe girizer
OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňly hususy web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Kompaniýa onuň bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän Google Chrome bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar diýip, Reuters habar berýär
11.07.2025 01:26
3.4k+
Counterpoint dünýäde iň meşhur simsiz nauşnikleri saýlady
Apple AirPods nauşnikleri TWS-garnituralarynyň segmentinde iň köp satylýan model boldy. Apple korporasiýasy simsiz nauşniklaryň dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Oňa bazaryň tas dörtden bir bölegi degişli diýlip, Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar
10.07.2025 23:51
12k+
Nebraskada 50 ýaşly wagt kapsulasyny açdylar. Içinden hakyky awtoulag çykdy
ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Stýuard şäherinde, takmynan, 50 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wagt kapsulasy açyldy. Içindäki 5000-den gowrak predmetiň arasynda gowy ýagdaýda saklanyp galan hakyky Chevrolet Vega ýeňil ulagy hem bar diýip, The Drive ýazýar
10.07.2025 23:41
1.2k+
Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi
Microsoft kompaniýasy sahypa geçenden soň 300 millisekuntdan hem az wagtda mazmuny - teksti, suratlary ýa-da interfeýsiň elementlerini görkezip başlaýan Edge brauzeriniň tizliginiň gowulaşandygyny habar berdi. Bu barada The Verge neşiri habar berdi
10.07.2025 20:47
4.9k+
Şef-aşpez Jeými Oliwer dünýädäki iň uly aşpezlik sapagyny geçirdi
Meşhur britaniýaly şef-aşpez, restorator, teleýaýlym alyp baryjysy, öýde nahar taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz ediji Jeými Oliwer täze dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda iň köp gatnaşyjyly aşpezlik sapagyny geçirdi
10.07.2025 20:45
3.6k+
ByteDance ABŞ üçin TikTok-yň we CapCut-yň aýratyn wersiýalaryny çykarar
Hytaýyň ByteDance kompaniýasy diňe bir TikTok sosial ulgamynyň däl, eýsem CapCut wideoredaktorynyň aýratyn wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Olar diňe ABŞ-daky ulanyjylara gönükdiriler diýip, Business Insider habar berýär
«
1
…
73
74
75
…
276
»
«
1
…
70
71
72
73
74
75
76
77
78
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.