“Skibidi”, “delulu” we “tradwaýf” näme? Kembrij sözlüginde täze sözler peýda boldy
Kembrij sözlügine “skibidi”, “tradwaýf” we “delulu” sözleri girdi. Bu internet medeniýetiniň iňlis diline ýetirýän täsiriniň artýandygyny görkezýär diýip, The Guardian habar berýär. “Internet medeniýeti iňlis dilini üýtgedýär we bu hadysa syn etmek, onuň netijelerini bolsa sözlükde bellige almak gyzykly” – diýip, sözlügiň leksik programmasynyň ýolbaşçysy Kolin Makintoş belledi