2025-nji ýylyň Buker baýragynyň gysga sanawy yglan edildi

25.09.2025, 19:031,287

Buker baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň gysga sanawyny hödürledi. Sanawa alty eser girdi:

  • ·Flesh (“Syna”) – Dewid Salaý
  • ·The Rest of Our Lives (“Galan ömrümiz”) – Benjamin Markowis
  • ·The Loneliness of Sonya and Sunny (“Sonýa bilen Sanniniň ýalňyzlygy”) – Kiran Desai
  • ·The Land in Winter (“Gyşyna ýer”) – Endrýu Miller
  • ·Audition (“Diňlenişik”) – Keti Kitamura
  • ·Flashlight (“Çyra”) – Sýuzen Çoz

Şu ýyl emin agzalarynyň başlygy irlandiýaly ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl boldy. Şeýle-de, eminler toparyna ýazyjylar Aýobami Adebaýo we Kaýli Rid, The Guardian neşirinden tankytçy Kris Pauer hem-de aktrisa we neşirýatçy Sara Jessika Parker girdi.
Baýragyň ýeňijileri 10-njy noýabrda Londondaky dabarada yglan ediler. Iň gowy kitabyň awtory 50 müň funt sterling alar.
Geçen ýyl baýrak “Orbitada” romany üçin britaniýaly ýazyjy Samanta Harwä berildi. Onuň kitaby HKS-iň bortunda astronawtlaryň we kosmonawtlaryň durmuşyndan bir gün barada gürrüň berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.