Medeniýet we jemgyýet

Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi
22.05.2025 12:26
985

Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi

Apple her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň konferensiýasyny – WWDC 2025-i resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy iýundan 13-nji iýun aralygynda geçiriler. Ol 9-njy iýunda, duşenbe güni sagat 22:00-da (Aşgabat wagty) esasy tanyşdyrylyş bilen açylar
Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi
21.05.2025 15:15
12k+

Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi

Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply
Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar
21.05.2025 15:07
15k+

Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar

Barmaklar uzak wagtlap suwda saklansa, olaryň derisi ýygyrt-ýygyrt bolýar. Uzak wagtlap muny deriniň çişmegi bilen baglanyşdyryp geldiler, ýöne Bingemton uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary başga netijä geldiler
Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi
21.05.2025 14:24
1.2k+

Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi

Hindi zenan ýazyjysy Banu Muştagyň “Heart Lamp” (“Ýürek-çyra”) kitaby Halkara Buker baýragyny aldy. The Washington Post-yň belleýşi ýaly, taryhda ilkinji gezek baýrak aýratyn romana däl-de, kyssalar toplumy üçin berildi
ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy
21.05.2025 11:33
11k+

ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy

Metaphone amerikan startapy daşky görnüşi boýunça telefona meňzeýän akril plitkasyny satuwa çykardy. Bu “gajet” nomofobiýa – telefonsyz galmak gorkusy bilen göreşmek üçin döredildi we onuň bahasy 20 dollar. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol dumskrollingden – habarlar lentasyny ýa-da sosial ulgamlary yzygiderli dörmek endiginden saplanmaga kömek edýär
“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy
21.05.2025 11:25
3.3k+

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy

HBO Max “Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialynyň – “Ol” filminiň prikweliniň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Onuň premýerasynyň güýzde bolmagyna garaşylýar. Serialyň wakalary režissýor Endi Muskettiniň Stiwen Kingiň romanyna esaslanan filmlerindäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçýär
Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy
21.05.2025 11:09
7.5k+

Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy

Aprel aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby täze üstünligi hasaba aldy: Wýetnamyň asmanyna bir wagtyň özünde 10 518 kwadrokopter galyp, dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
Fransiýada 3000-den gowrak adam rekord goýmak üçin smurflaryň eşigini geýdi
21.05.2025 11:04
8.3k+

Fransiýada 3000-den gowrak adam rekord goýmak üçin smurflaryň eşigini geýdi

Fransiýanyň Landerno kommunasynda smurflaryň eşigindäki adamlaryň sany boýunça dünýä rekordy goýuldy. Çärä 3076 töweregi adam gatnaşdy. Ertekilerdäki gök jandara hatda şäheriň häkimi Patrik Leklerk hem öwrüldi diýip, France 24 habar berýär
Huawei EA we hemra aragatnaşygy bilen Nova 14 smartfon hataryny çykardy
20.05.2025 22:00
3.3k+

Huawei EA we hemra aragatnaşygy bilen Nova 14 smartfon hataryny çykardy

Huawei kompaniýasy Hytaýda Nova 14 smartfon hataryny hödürledi. Hatara esasy model bilen birlikde Pro we Ultra wersiýalary girdi. Smartfonlaryň ählisi Harmony OS 5 operasion ulgamynda işleýär we emeli aň funksiýalaryny goldaýar
Jakomettiniň "Uly inçe kellesine" alyjy tapylmady. Bahasyny gaty gymmat gördüler
20.05.2025 15:27
8.6k+

Jakomettiniň "Uly inçe kellesine" alyjy tapylmady. Bahasyny gaty gymmat gördüler

Alberto Jakomettiniň "Uly inçe kelle" ady bilen hem tanalýan "Diýegonyň uly kellesi" heýkeline Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksion öýünde alyjy tapylmady. 70 million dollar diýip goýlan başlangyç bahasy gaty gymmat görüldi diýip, New York Post ýazýar
Ak-gara tebigat: Monochrome Photography Awards bäsleşinden çap bolmadyk suratlar
20.05.2025 14:22
7.8k+

Ak-gara tebigat: Monochrome Photography Awards bäsleşinden çap bolmadyk suratlar

Monochrome Photography Awards bäsleşiginiň guramaçylary ýaryşyň täze möwsümine gatnaşjaklaryň arzalaryny kabul edip başladylar. Isleg bildirýänler öz işini 2025-nji ýylyň 6-njy iýulyna çenli tabşyryp biler. Şu mynasybetli bäsleşigi guraýjylar ýabany tebigata bagyşlanan ozal çap edilmedik ak-gara suratlary çap etdiler
British Photography Awards bäsleşiginde “Haýwanlar” kategoriýasy boýunça iň gowy suratlar yglan edildi
20.05.2025 14:15
7.5k+

British Photography Awards bäsleşiginde “Haýwanlar” kategoriýasy boýunça iň gowy suratlar yglan edildi

British Photography Awards bäsleşiginiň guramaçylary geçen ýyl boýunça “Haýwanlar” kategoriýasynyň ýeňijilerini yglan etdiler. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen suratlary saýlap aldylar, olarda ýabany tebigatyň durmuşynda seýrek gabat gelýän we manyly pursatlar surata alnypdyr
Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar
20.05.2025 10:45
9.2k+

Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar

X sosial ulgamynda HBO-nyň “Garri Potter” serialyny düşürmäge taýýarlyk işlerinden ilkinji surat peýda boldy. Kadrda baş gahrymanyň çagalykda ýaşan ýeri bolan Privet Drive köçesindäki jaýlar görünýär. Suraty UnBoxPHD akkaunty paýlaşdy
Bu eýýäm geň… Emeli aň aragatnaşyk kadalaryny we dili özbaşdak oýlap tapyp başlady
20.05.2025 10:44
3.7k+

Bu eýýäm geň… Emeli aň aragatnaşyk kadalaryny we dili özbaşdak oýlap tapyp başlady

Uly dil modellerine (LLM) esaslanýan emeli aň modelleri sosial kadalary we dil düzgünlerini özbaşdak döretmäge ukyplydyr. Şeýle netijä Siti Sen-Jorj uniwersitetiniň (London) we Kopengageniň IT uniwersitetiniň alymlary geldi
Kanadaly erkek adam lotoreýadan $57,29 mln utdy. Bu ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy
20.05.2025 10:42
15k+

Kanadaly erkek adam lotoreýadan $57,29 mln utdy. Bu ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy

Kanadaly Jastin Simporios «Lotto Max» lotereýasyndan 80 million Kanada dollary (takmynan, 57,29 million ABŞ dollary) utdy. Onuň utan jekpoty ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy diýip, «The Economic Times» habar berýär
Huawei eplenýän displeýli ilkinji noutbugy çykardy. Bahasy $3300
20.05.2025 10:34
2.6k+

Huawei eplenýän displeýli ilkinji noutbugy çykardy. Bahasy $3300

Huawei Hytaýda MateBook Fold Ultimate Design noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “ýokary durulygy bolan çeýe displeýli dünýäde ilkinji PK” diýip atlandyrýar. Noutbugyň agramy 1,16 kg, korpusynyň ýogynlygy bolsa açyk ýagdaýda 7,3 mm barabar
Hytaýda domino stilinde “kart öýjagazyny” düzüp, ýykmak boýunça rekord goýuldy
20.05.2025 10:33
4k+

Hytaýda domino stilinde “kart öýjagazyny” düzüp, ýykmak boýunça rekord goýuldy

Hytaý topary Wang Lei's Domino World domino stilinde 51 725 oýun kartyndan konstruksiýa düzmek we ýykmak bilen Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada zakon.kz portaly habar berýär. Rekord üçin kartlary ýelden goraýan penjireler bilen ýörite ýapyk bina guruldy
Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy
20.05.2025 10:31
2.6k+

Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy

Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady
OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer
20.05.2025 07:46
3.1k+

OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer

«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady
20.05.2025 07:37
3.9k+

Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady

Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär. Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy
Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly
20.05.2025 07:20
5.1k+

Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly

Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi. Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar
Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler
20.05.2025 07:16
2k+

Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler

Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär. Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler
Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi
19.05.2025 22:31
7.6k+

Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi
Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär
19.05.2025 19:01
5.7k+

Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär

EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi
Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar
19.05.2025 18:55
4.2k+

Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar

Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär
Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi
19.05.2025 18:53
2.9k+

Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi

Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir
Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar
19.05.2025 18:18
2.6k+

Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar

Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar
19.05.2025 18:09
2.3k+

YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar

Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer
“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler
19.05.2025 17:50
4.8k+

“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler

Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler. Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär
Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman sagatlaryny we Watch Fit hataryny hödürledi
19.05.2025 17:45
1.6k+

Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman sagatlaryny we Watch Fit hataryny hödürledi

Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman smart-sagatlaryny hem-de Watch Fit 4 we Watch Fit 4 Pro modellerini hödürledi. Watch 5 sagady 42  we 46 mm korpus diametrleri bilen elýeterlidir. Olaryň ikisi-de eSIM-i goldaýar we sport bilen meşgullanmak, saglyk ýagdaýyňa gözegçilik etmek üçin laýyk gelýär
Garwardda demokratiýanyň düýbüni tutan ilkinji resminamalaryň biri ýüze çykaryldy
19.05.2025 17:17
2.5k+

Garwardda demokratiýanyň düýbüni tutan ilkinji resminamalaryň biri ýüze çykaryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garwardyň hukuk mekdebiniň kitaphanasynda 80 ýyl saklanan we Azatlyklaryň beýik hartiýasynyň nusgasy hasaplanyp gelen golýazmanyň asyl nusgadygy kesgitlenildi. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär
Acer akylly ýüzügi we ikitaraplaýyn terjime funksiýasy bolan nauşnigi görkezdi
19.05.2025 15:07
2.7k+

Acer akylly ýüzügi we ikitaraplaýyn terjime funksiýasy bolan nauşnigi görkezdi

Computex 2025 sergisiniň öňüsyrasynda Acer kompaniýasy özüniň emeli aňly ilkinji dakylýan gurluşlaryny hödürledi. Bu FreeSense Ring smart-ýüzügi we AI TransBuds nauşnigidir. FreeSense Ring ýüzügi ultra-ýeňil titan ergininden ýasaldy
London marafony Brand Finance reýtinginde birinji orny eýeledi
19.05.2025 15:05
2.3k+

London marafony Brand Finance reýtinginde birinji orny eýeledi

London marafony 2025-nji ýylda Brand Finance kompaniýasy tarapyndan düzülen marafon brendleriniň dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, Nýu-Ýork we Pariž marafonlary ýerleşdi
Acer ýelek ýaly ýeňil, ýöne kuwwatly noutbuk hödürledi
19.05.2025 15:04
1.9k+

Acer ýelek ýaly ýeňil, ýöne kuwwatly noutbuk hödürledi

Acer kompaniýasy Computex 2025 sergisinde täze Swift Edge 14 AI flagman noutbugyny görkezdi. Gurluş ykjam dizaýny we ýokary öndürijiligi birleşdirýär. Ol Microsoft Copilot+ programmasy boýunça döredildi we bu ony Windows 11-de EA bilen işlemek üçin amatly edýär
“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
19.05.2025 15:00
3k+

“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) ilkinji dynç günleri 102 mln dollar ýygnady diýip, Variety habar berýär. Bu horror franşizanyň ähli bölümleriniň arasynda iň gowy başlangyçdyr. Öňki rekord 2009-njy ýylda çykan dördünji filme degişlidi – 27 mln dollar
12 ýyl mundan ozal çykan GTA V-iň satuwy soňky çärýek 5 mln nusga artdy
18.05.2025 22:52
5.2k+

12 ýyl mundan ozal çykan GTA V-iň satuwy soňky çärýek 5 mln nusga artdy

Take-Two Interactive kompaniýasy soňky çärýek üçin maliýe hasabatyny hödürläp, Rockstar Games taslamalary boýunça maglumatlar bilen paýlaşdy. Hasabata görä, GTA V-iň satuwy 215 mln nusga ýetdi, bu bolsa fewral aýyndaky 210 mln bilen deňeşdirilende 5 mln nusga köpdür
Paramount “Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” multfilminiň relizini yza süýşürdi
18.05.2025 22:46
2.8k+

Paramount “Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” multfilminiň relizini yza süýşürdi

“Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” (Легенда об Аанге: Последний маг воздуха) animasion filmi garaşylandan giç çykar. Paramount reliziň 2026-njy ýylyň ýanwaryndan oktýabryna süýşürilendigini habar berdi diýip, Variety ýazýar
ABŞ-da daşary ýurtlulara baýrak hökmünde amerikan raýatlygyny berjek şüweleňi döretmek isleýärler
18.05.2025 22:37
12k+

ABŞ-da daşary ýurtlulara baýrak hökmünde amerikan raýatlygyny berjek şüweleňi döretmek isleýärler

ABŞ-nyň Içeri goranmak ministrliginde “Amerikaly” ady bilen realiti-şouwy döretmek pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onda daşary ýurtlular amerikan raýatlygy ugrunda bäsleşip biler diýip, edaradaky çeşmä salgylanyp, The Daily Beast habar berýär
Rianna 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze aýdym çykardy: ol “Smurflara” saundtrek boldy
18.05.2025 22:33
5.1k+

Rianna 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze aýdym çykardy: ol “Smurflara” saundtrek boldy

Rianna “Smurflar kinoda” animasion filmine saundtrek bolan täze “Friend of Mine” aýdymyny çykardy. Bu onuň 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji relizi boldy, soňky gezek ol “Gara babyr: Wakanda baky” filmi üçin “Born Again” aýdymyny çykarypdy
«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär
18.05.2025 16:44
1.3k+

«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär

Microsoft korporasiýasy täze «Copilot Voice» atly ses bilen dolandyrylýan mümkinçiligi synag edip başlady. Bu aýratynlyk Windows 11 ulanyjylaryna diňe «Hey, Copilot!» diýmek arkaly emeli aň kömekçisi bilen söhbetdeşlige başlamaga mümkinçilik berer