Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi

25.06.2025, 11:3113,367

Jonni Depp Madriddäki Niño Jesús hassahanasynda bejergi alýan çagalary begendirmek üçin ýene-de kapitan Jek Worobeýiň keşbinde peýda boldy diýip, People neşiri habar berýär.

Aktýor meşhur garakçynyň keşbinde hassahananyň otaglaryna aýlanyp, kiçijik hassalar bilen salamlaşdy, olara “bäş berdi” we ruhlaryny göterdi. Bu duşuşyk  Ispaniýada režissýor Mark Webbiň “Serhoş” (“Пьяница”) filmi surata düşürilýärkä  arakesme wagtynda boldy.
Neşir Deppiň şeýle duşuşyklar üçin Jek Worobeýiň keşbini yzygiderli ulanýandygyny belleýär. Şu ýylyň mart aýynda ol San-Sebastýandaky çagalar hassahanasyna, ondan öň bolsa Bilbaodaky, Wankuwerdäki, Pariždäki, Londondaky, Brisbendäki we ABŞ-nyň birnäçe şäherindäki lukmançylyk edaralaryna baryp gördi.
"Serhoş" filmi aktýoryň Ember Herd bilen bolan kazyýet işinden soň ikinji uly taslamasy bolar. Ondan öň ol "Žanna Dýubarri" taryhy dramasynda keşpde oýnapdy.
Deppiň ekranda Jek Worobeýiň keşbine gaýdyp geljekdigi barada maglumat ýok. 2024-nji ýylyň maý aýynda “Karib deňziniň garakçylary” franşizasynyň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Entertainment Weekly gazetine beren interwýusynda: “Eger bu maňa bagly bolsa, [Jonni] hökman gaýdyp gelerdi” - diýdi. Şeýle hem, Brukhaýmer studiýanyň birbada iki täze filmiň üstünde işleýändigini tassyklady. Birinjisi - “Ölüler erteki gürrüň bermeýär” atly ssenariniň awtory Jeff Natanson bilen işleýän rebuty. Ikinji taslama Margo Robbiniň studiýasy tarapyndan gözegçilik edilýär, onuň edebi esasyny Kristina Hodson (“Ýyrtyjy guşlar”) ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.