Medeniýet we jemgyýet

«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar
03.05.2025 10:57
2.4k+

«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar

Netflix striming hyzmaty «Tudum 2025» atly uly tanyşdyryş çäresini yglan etdi. Bu çärede onlaýn-kinoteatrda iň köp garaşylýan täze taslamalar baradaky täzelikleri paýlaşmak meýilleşdirilýär. Tudum-yň treýlerinde «Kalmar oýnunyň» 3-nji möwsüminden, «Wan Pis» serialyndan, «Pyçaklary çykarmak 3» filminden we beýleki meşhur taslamalardan bölekler görkezildi
Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar
03.05.2025 10:51
2.5k+

Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar

Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi
“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar
03.05.2025 09:27
3.1k+

“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar

“Sýogun” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar. Bu barada FX teleýaýlymynyň wekilleri Deadline neşirine habar berdi. Hiroýuki Sanada lord Ýosi Toranaganyň keşbine gaýdyp geler, Kosmo Jarwis bolsa ýene-de britaniýaly deňizçi Jon Blektorny oýnar
Bugatti we Jacob & Co. içinde V16 hereketlendirijisi bolan goşar sagadyny çykardy
03.05.2025 09:26
5.4k+

Bugatti we Jacob & Co. içinde V16 hereketlendirijisi bolan goşar sagadyny çykardy

Bugatti kompaniýasy Jacob & Co. bilen bilelikde içinde V16 hereketlendirijisiniň kiçijik modeli bolan goşar sagadyny çykardy. Bu mehanizm ýönekeý bir bezeg däldir – ol Tourbillon giperkarynyň hakyky hereketlendirijisiniň işleýşini görkezýär
Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
02.05.2025 16:06
5.9k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy
02.05.2025 15:57
9.1k+

Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy

30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler
Hindistanda hakyky pilleriň deregine robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy
02.05.2025 15:45
8.9k+

Hindistanda hakyky pilleriň deregine robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy

Hindistanyň Kerala ştatynda dini däp-dessurlarda robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy. Aýna süýümden we rezinden ýasalan metal karkasly bu mehaniki jandarlar hakyky pilleriň hereketlerini we sesini gaýtalap bilýär diýip, Goodnet habar berýär
Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler
02.05.2025 13:07
6.6k+

Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler

Müsür Giza piramidalarynyň durkuny täzelemek işlerine 51 mln dollar bölüp berer. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti eýýäm birnäçe wagtdan bäri dolandyryşyň pesligi, iriziji söwdagärler, adamlaryň köp bolmagy we haýwanlara ýowuz daralmagy sebäpli tankyt edilýär diýip, DailyExpress habar berýär
Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy
01.05.2025 23:43
17k+

Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy

Amerikaly aýdymçy Beýonse ABŞ we Ýewropa boýunça Cowboy Carter konsert syýahatyna başlady. Onuň çäklerinde ilkinji konsert Kaliforniýanyň Inglwud şäherinde geçirildi we bu ýerde ol özüniň tehnologiki taýdan çylşyrymly çykyşy bilen muşdaklary haýran galdyrdy
Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler
01.05.2025 20:10
7.2k+

Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler

3-nji maýdan 18-nji maý aralygynda Brýusseldäki Poelaert meýdançasynda The View syn ediş çarhynda mugt aýlanmak bolýar. Bu aksiýa Samsung tarapyndan täze Galaxy S25 smartfonlaryny mahabatlandyrmagyň çäklerinde gurnaldy
WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär
01.05.2025 20:04
9.3k+

WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär

Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy
Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi
01.05.2025 15:26
20k+

Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi

116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär
UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar
01.05.2025 14:27
13k+

UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar

A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy
Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?
01.05.2025 14:01
4.8k+

Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?

Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki hem teatr-sirk şüweleňini hödürleýär. 4-nji maýda tomaşaçylara halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de,  “Türkmen jigitleri” toparynyň zehinli artistleriniň çykyşlary garaşýar
Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy
01.05.2025 13:35
6k+

Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy

Kerpiç örüji-dikeldijileriň “Naslediýe” mekdebiniň arheologlary, etnograflary we beýleki hünärmenleri Inguşetiýa daglaryndan ýaşy 3000 ýyldan gowrak bolan gadymy äpet binalary we mazary tapdylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, mekdebiň müdiri Ramzan Sultygowyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär
Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder
01.05.2025 12:56
3.5k+

Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder

«Smart Pikachu» atly hytaýly insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, geljekki Xiaomi 16 öz bäsdeşleriniň arasynda iň uly batareýa eýe bolar. Şeýle-de insaýder smartfonyň dizaýny we tehniki häsiýetleri bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary hem paýlaşdy diýip, «GSMArena» habar berýär
82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy
01.05.2025 12:29
8k+

82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär
Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy
01.05.2025 11:13
2.3k+

Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy

Deadline neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, “Dedpul we Rosomaha” filminiň girdejisi we çykdajylary barada çen-takmyn maglumatlary hödürledi. Olardan ugur alsaň, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň biri Marvel studiýasyna, takmynan, 400 mln dollar girdeji getirdi
“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy
01.05.2025 11:11
4.4k+

“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy

Geçen dynç günleriniň jemi boýunça “Şalaryň şasy” multfilmi ABŞ-da 54,7 mln dollar gazandy. Film meşhur bolan “Mugthorlar” filminden ($53,8 mln) öňe geçip, amerikan prokatynda iň girdejili koreý kinotaslamasy boldy diýip, Deadline habar berýär
Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar
30.04.2025 15:22
2.7k+

Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar

Amerikaly režissýor Aleksandr Peýn 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Dünýäniň iň esasy üç kinofestiwalynyň biri 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety habar berýär
Meteozond aşagyndan sagatda 800 km tizlikde uçup barýan uçary wideo düşürdi
30.04.2025 14:17
13k+

Meteozond aşagyndan sagatda 800 km tizlikde uçup barýan uçary wideo düşürdi

Sosial torlarda atmosferanyň ýokary gatlaklarynda howa maglumatlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Doroti» taslamasynyň howa şaryna berkidilen kameradan düşürilen wideo meşhur boldy diýip, «Petapixel» ýazýar. Ýerden örän beýige çykarylan 360 gradusly kamera bilen düşürilen wideoda, sagatda 800 kilometr tizlik bilen uçýan uçaryň meteozonda tarap güýçli ses bilen gelýändigini görmek bolýar
Kurt Kobeýniň döwlen gitarasy 101,5 müň dollara satyldy
30.04.2025 14:04
6k+

Kurt Kobeýniň döwlen gitarasy 101,5 müň dollara satyldy

Sazanda Kurt Kobeýniň döwük gitarasy Tehasly kolleksionere 101,5 müň dollara satyldy. Saz guraly başda çaklanylandan has gymmat bahadan satyldy diýip, «TMZ» ýazýar. Kobeýn bu gitarany 1992-nji ýylda "Nirvana" toparynyň Ýewropadaky konsert saparynyň dowamynda döwüpdi
Nikol Kidman Kann kinofestiwalynda «Women in Motion» baýragyny alar
30.04.2025 13:53
3.8k+

Nikol Kidman Kann kinofestiwalynda «Women in Motion» baýragyny alar

13-24-nji maý aralygynda geçiriljek 78-nji Kann kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümini yglan etdiler. Emin agzalarynyň başynda meşhur fransuz aktrisasy Žýulýet Binoş durýar. Onuň
76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi
30.04.2025 13:39
1.7k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi. Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar
Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady
30.04.2025 13:20
8.4k+

Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady

Rotterdamdaky (Niderlandlar) Boýmans wan Beningen muzeýinde bir çaga tötänleýin Mark Rotkonyň “Goýy gyzylda çal, mämişi, №8” suratyny zaýalady. Onuň bahasy 50 mln ýewro barabar. Bu waka muzeýiň kolleksiýasyndan saýlama eserleriň görkezilýän Depot zalynda bolup geçdi diýip, BiBiSi habar berýär
Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar
30.04.2025 13:06
1.1k+

Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar

“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi. Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar
Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy
30.04.2025 12:31
11k+

Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy

Britaniýaly daýwer Birinji jahan urşy döwrüniň suwa gark bolan gämisini 300 funt sterlinge (399 dollar) satyn aldy. Ol gäminiň satylýandygy baradaky bildirişi ýanwar aýynda sosial ulgamlarda gördi diýip, The Telegraph ýazýar
“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar
30.04.2025 12:19
4.7k+

“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar

Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler
Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy
30.04.2025 11:47
7.7k+

Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy

Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy
Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy
30.04.2025 11:33
1.1k+

Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy

Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy. Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär
«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy
30.04.2025 11:22
7.9k+

«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy

«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär. Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy
Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär
30.04.2025 11:06
6.1k+

Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär

Xiaomi 2025-nji ýylyň aprel aýynda ýedi sany smartfon modeli üçin goldawyň bes ediljekdigini (EOL-nyň tamamlanjakdygyny) habar berdi. Bu ýagdaý programma üpjünçiliginiň täzelenmeleriniň, şol sanda howpsuzlyk üçin möhüm paçlaryň we täze operasion ulgamyň wersiýalarynyň çykarylmagynyň bes ediljekdigini aňladýar diýip, «Gizchina» ýazýar
Tehasda Demirgazyk Amerikanyň iň uly dinozawrynyň äpet galyndysy tapyldy
29.04.2025 20:32
12k+

Tehasda Demirgazyk Amerikanyň iň uly dinozawrynyň äpet galyndysy tapyldy

Tehas ştatynyň (ABŞ) «Big-Bend» milli seýilgähinde Sul-Ross döwlet uniwersitetiniň (SRSU) talyplary tötänden taryhy tapyndynyň üstünden bardylar: gadymy dünýäniň hakyky titany bolan alamozawra degişli äpet daşlaşan oňurga tapyldy
Britaniýaly adam ýitip barýan görnüşi goramak üçin guş eşiginde 85 km pyýada geçdi
29.04.2025 14:01
17k+

Britaniýaly adam ýitip barýan görnüşi goramak üçin guş eşiginde 85 km pyýada geçdi

Mett Trewelýan seýrek guş görnüşi bolan uly ýylkyçynyň ýitip barýandygyna ünsi çekmek üçin onuň eşiginde 85 km ýoly pyýada geçdi. Bu guş 2015-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň Gyzyl kitabyna girýär diýip, Independent we New York Post habar berýär
“Matrisa” we Village Roadshow-yň beýleki filmleri studiýanyň batmagy sebäpli satylar
29.04.2025 11:18
5.8k+

“Matrisa” we Village Roadshow-yň beýleki filmleri studiýanyň batmagy sebäpli satylar

Village Roadshow Entertainment Group-yň filmler ýygyndysy satuwa çykarylar. Çözgüt Golliwudyň meşhur studiýasynyň bankrot bolmagynyň çäklerinde kabul edildi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Aktiwleriň bahasy 417,5 mln dollar bilen bahalandyrylýar
Xiaomi Garri Potteriň stilinde aksessuarlary hödürledi
28.04.2025 18:23
5.6k+

Xiaomi Garri Potteriň stilinde aksessuarlary hödürledi

Redmi Turbo 4 Pro smartfonynyň çykmagy bilen bir hatarda Xiaomi kompaniýasy Garri Potteriň stilinde döredilen aksessuarlar kolleksiýasyny görkezdi. Oňa kolonka, daşarky akkumulýator, syçanjyk we klawiatura girdi
Samsung Galaxy S25 Edge 5,8 mm-lik ultra inçe korpusy we 200MP kamera eýe bolar
28.04.2025 17:21
10k+

Samsung Galaxy S25 Edge 5,8 mm-lik ultra inçe korpusy we 200MP kamera eýe bolar

Samsung 13-nji maýda Galaxy S25 Edge smartfonyny yglan etmegi meýilleşdirilýär, satuwlar 23-nji maýda başlar. Bu barada metbugat habarynyň garalamasyna meňzeýän syzylma salgylanýan GSMArena neşiri habar berýär
Niderlandlarda şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany gymmatly sungat eserini zibile taşlapdyr
28.04.2025 17:20
7.9k+

Niderlandlarda şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany gymmatly sungat eserini zibile taşlapdyr

Niderlandlaryň Apeldorn şäherinde şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany sungat eserini zyňypdyr diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýitirilen eserleriň arasynda amerikaly suratkeş Endi Uorholyň 1980-nji ýyllaryň ortalarynda döreden şa zenany Beatriksiň portreti hem bar
Apple Tom Henksiň düşmeginde “Greýhaund” harby dramasynyň dowamyny çykarar
28.04.2025 17:18
3.8k+

Apple Tom Henksiň düşmeginde “Greýhaund” harby dramasynyň dowamyny çykarar

Apple kompaniýasy Tom Henksiň düşmeginde Ikinji jahan urşy döwrüniň esminçisi (harby deňiz gämisi) hakdaky filmiň dowamy bolan “Greýhaund 2-niň” önümçiligine başlady diýip, Deadline neşiri habar berýär. Oskar baýragyny alan aktýor ýene öz keşbine gaýdyp geler
Winsan Kassel, Izabel Ýupper we Katrin Denew Asgar Farhadiniň täze filminde surata düşerler
28.04.2025 14:05
3.3k+

Winsan Kassel, Izabel Ýupper we Katrin Denew Asgar Farhadiniň täze filminde surata düşerler

Eýranly režissýor Asgar Farhadi "Parallel wakalar" atly täze filmini surata düşürer. Film Fransiýanyň öňdebaryjy aktýorlarynyň gatnaşmagynda Parižde düşüriler diýip, Variety habar berýär. Taslamada Wensan Kassel