Türkmenistan we Italiýa arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar

31.05.2025, 10:424,235

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Italiýanyň degişli düzümleri bilen arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklary gazandy.

Ylalaşyklary özara alyşmak dabarasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş saparynyň çäklerinde geçirildi.
Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; 
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy.

Bu resminamalar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi diýip, TDH habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.