Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
31.12.2025 08:50
6.8k+
Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi
Ýewropa kosmos agentligi (ESA) guramanyň esasy taslamalaryny we ylmy barlaglaryny özünde jemleýän 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň ýygyndysyny hödürledi. Çap edilen kadrlaryň arasynda Germaniýadaky LUNA desgasynda astronawtlaryň türgenleşik pursatlary bar
29.12.2025 13:53
13k+
ABŞ-da taryhdan öňki nägehanyň awtobus ululygyndaky ilkinji takyk nusgasy döredildi
ABŞ-da Deinosuchus schwimmeri görnüşiniň skeletiniň ylmy taýdan takyk ilkinji nusgasy döredildi. Bu taryhdan öňki alligator hatda dinozawrlaryň hem ýüregine dowul salmagy başarypdyr we öz döwrüniň iň howply ýyrtyjylarynyň biri hasaplanypdyr
29.12.2025 12:40
2.7k+
Şweýsariýaly inženerler jansyz langustinleriň gabyklaryndan robot ýasadylar
Lozanna Federal Politehniki mekdebiniň (EPFL) ýanyndaky CREATE laboratoriýasynyň inženerleri öli langustinleriň ekzoskeletlerini esas hökmünde ulanyp, biogibrid robotlaryny işläp düzdüler. Berk hitinden ybarat bolan bu organiki gurluşlar biologik berkligi we bogun membranalarynyň çeýeligini özünde jemleýän täsin gurluşlary döretmäge mümkinçilik berdi
29.12.2025 12:03
4.7k+
NASA we Boeing geljekki uçarlar üçin has uzyn we inçe ganatlary döredýärler
NASA-nyň we Boeing-iň inženerleri täze görnüşli, uzaldylan we inçe ganatyň nusgasyny synagdan geçirdiler. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluş ýangyç sarp edilişini we zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin niýetlenendir
29.12.2025 11:56
3.2k+
Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar
Glazgo uniwersitetiniň alymlary elektromagnit şöhlelenmesiniň 99,97%-den gowragyny yzyna serpikdirip bilýän örän inçe, çeýe we dury nanoplýonkany oýlap tapdylar. Bu material Wi-Fi we 5G signallarynyň täsir edýän şertlerinde geýilýän sensorlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň we çeýe displeýleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin niýetlenendir
29.12.2025 11:06
2.8k+
Alymlar ýaldyrawuk tomzaklaryň aragatnaşyk ýörelgesinden peýdalanyp, ýerden daşardaky aňy gözlemegi teklip etdiler
Arizona ştatynyň uniwersitetiniň alymlary ýerden daşary aňy gözlemek üçin täze strategiýany hödürlediler. Ol biologik aragatnaşyk ýörelgelerine we pulsarlary (neýtron ýyldyzlaryny) fon hökmünde ulanmaga esaslanýar
29.12.2025 11:00
2.4k+
Alymlar beýnä ünsüni jemlemäge kömek edýän gen tapdylar
Rokfeller institutynyň alymlary Nature Neuroscience žurnalynda ünsüň tebigatyna bagyşlanan ylmy işlerini çap etdiler. Gözlegler ünsi jemlemek ukybynyň diňe bir beýnidäki peýdaly signallaryň güýçlenmegine däl, eýsem "fon" işjeňliginiň (beýnidäki artykmaç sesleriň) peselmegine-de baglydygyny görkezýär
27.12.2025 10:34
1.5k+
Xiaomi Smart Home Screen 11-i — akylly öý üçin smart-displeýini çykardy
Xiaomi resmi taýdan özüniň ilkinji premium derejeli akylly displeýini — Smart Home Screen 11-i yglan etdi. Täze önüm planşetiň we smart-kolonkanyň mümkinçiliklerini birleşdirýän, akylly öý ekoulgamyny dolandyryş merkezi hökmünde hödürlenýär
26.12.2025 11:55
7.8k+
Hytaýyň robotlary konsertinde deň salto aşyp hemmeleri haýran galdyrdy
Hytaýyň "Unitree Robotics" kompaniýasynyň "G1" modelli alty sany adamşekilli (antropomorf) roboty aýdymçy Wan Lihunyň çykyşy wagtynda sinhronlykda (deň) öňe tarap salto aşyp görkezdiler. Gonkongyň "South China Morning Post" (SCMP) gazetiniň ýazmagyna görä, Çendu şäherinde geçen şüweleňde "Open Fire" aýdymy ýerine ýetirilende, robotlar tans toparynyň agzalary hökmünde çykyş etdiler
26.12.2025 09:16
7.8k+
Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar
Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy
25.12.2025 13:47
9.1k+
Täze Zelandiýada önelgesiz hasaplanan seýrek takahe guşlaryndan nesil peýda boldy
Täze Zelandiýadaky goraghanada uçmaýan we ozal önelgesiz hasaplanan seýrek takahe guş jübüdi garaşylmadyk ýagdaýda jüýje çykardy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Bendigo atly erkek we Beýtaa atly urkaçy guş iki ýyl ozal goraghana köpelmeýän jübüt hökmünde getirilipdi
25.12.2025 13:14
6.5k+
Ispaniýada ýük gämisine dünýäde iň uly "wakuumly" ýelken gurnaldy
Ispaniýanyň portundaky Fluvius Tavy uniwersal ýük gämisine dünýäde iň uly aerodinamik sorujy ýelkeni oturdyldy. Interesting Engineering neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa däp bolan ýelkenli çözgütlerden ýedi esse ýokary göterijilik güýjüni döredýär
24.12.2025 10:36
12k+
Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady
23-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 06:13-de Günorta Koreýanyň Innospace hususy kompaniýasynyň raketasynyň ilkinji orbital uçurylyşy amala aşyryldy. Bu synanyşyk şowsuz tamamlandy: uçurylandan takmynan 30 sekunt soň raketa ýere gaçdy we bortundaky ähli ýük ýitirildi
23.12.2025 18:50
3k+
Global internet trafigi 19% ösdi, onuň ep-esli bölegini botlar emele getirýär
2025-nji ýylda global internet trafigi 19% ýokarlanyp, geçen ýylky 17% görkezijisinden geçdi. Şol bir wagtyň özünde, adamlar tarapyndan döredilýän trafigiň paýy 43,5%-e çenli peseldi. Cloudflare platformasynyň statistikasyna görä, emeli aň (EA) botlarynyň peýda bolmagy has göze ilýär
23.12.2025 18:27
5.9k+
Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy
Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi
23.12.2025 18:00
5.2k+
Gadymy ösümlikler güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, mör-möjekleri özüne çekmek üçin gozalaryny gyzdyrypdyrlar
Biologlaryň halkara topary ösümlikleriň, güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, ýylylyk ýaýratma — "görünmeýän ýagtylyk" — arkaly mör-möjekleri özüne çekendigini anyklady. Bu açyş mezozoý eýýamynda agdyklyk eden, infragyzyl yşaratlara esaslanýan aragatnaşyk kanalynyň bolandygyny subut edýär
23.12.2025 13:31
7.2k+
Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosa uçan ilkinji adam boldy
Germaniýaly 33 ýaşly aerokosmos inženeri Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosda bolup gören ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Uçuş Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard suborbital kapsulasynda amala aşyryldy diýip, CNN habar berýär
22.12.2025 16:26
3.3k+
Amerikan startapy dünýäniň iň ykjam emeli aň superkompýuterini hödürledi
Amerikanyň Tiiny AI startapy, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan dünýäniň iň kiçi şahsy emeli aň (EA) superkompýuteri hökmünde ykrar edilen Tiiny AI Pocket Lab enjamyny tanyşdyrdy. Täze önüm barada Interesting Engineering neşiri habar berýär
22.12.2025 14:44
3.9k+
NASA Günüň ýüzündäki plazma partlamasynyň iň jikme-jik kadrlaryny çap etdi
NASA-nyň Parker Solar Probe apparaty Günüň ýüzünden zyňylýan Gün maddasynyň şu wagta çenli iň aýdyň suratlaryny almagy başardy. Suratlarda gyzgyn plazmanyň bir böleginiň partlamadan soň kosmosa gitmän, tersine, yzyna öwrülip, ýyldyza tarap "U-öwrümini" amala aşyrýandygy görünýär
22.12.2025 13:32
4.7k+
Amsterdamda uçarlary çekmek üçin elektrik tirkeg ulaglary ulanylyp başlandy
Niderlandlaryň KLM Royal Dutch Airlines awiakompaniýasy uçarlara hyzmat etmek üçin ilkinji Goldhofer elektrik tirkeg ulaglaryny ulanylyşa girizdi. Täze tehnika Amsterdamdaky Shiphol howa menzilinde, ýurduň iň uly howa merkezleriniň birinde işläp başlady
21.12.2025 13:20
3.7k+
Fizikler eliňde ody saklamaga mümkinçilik berýän dury materialy oýlap tapdylar
Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň fizikleri binalary ýylatmagyň usullaryna düýpli täsir edip biljek MOCHI diýlip atlandyrylýan dury ýylylyk izolýasiýa materialyny döretdiler. Bu özboluşly oýlap tapyş barada Science žurnalynda habar berildi
21.12.2025 13:09
2.9k+
SPHEREx teleskoby alty aýyň dowamynda tutuş Älemiň jikme-jik infragyzyl kartasyny döretdi
SPHEREx kosmos teleskoby alty aýyň içinde tutuş asman sferasynyň infragyzyl şöhlelerdäki ilkinji doly kartasyny düzmegi tamamlady. Apparat adamyň gözüne görünmeýän 102 dürli spektral diapazonda ýüz millionlarça galaktikany surata aldy
20.12.2025 19:24
2.5k+
NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar
NASA-nyň Perseverance marsroweri birnäçe tehniki synaglardan üstünlikli geçdi we geljekki ýyllarda Marsda gözleg missiýasyny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini barlamak boýunça müdirlik (NASA) habar berdi
20.12.2025 18:38
2.7k+
Thunderbird orbital stansiýasynyň suratlary peýda boldy: ol kosmosda açylýar
Max Space amerikan startapy giňelýän modul tehnologiýasyna esaslanýan Thunderbird täjirçilik orbital stansiýasynyň renderlerini hödürledi. Taslama stansiýanyň bir gezekde Falcon 9 raketasy bilen uçurylmagyny göz öňünde tutýar: ýygnalan görnüşde modul obtekateliň aşagyna ýerleşýär, orbitada bolsa açylyp, ilkibaşdaky möçberinden ep-esli ulalýar
19.12.2025 17:16
3.8k+
NASA-nyň orbitadaky enjamy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy
NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbital enjamynyň bortuna gurnalan HiRISE (High Resolution Imaging Experiment) kamerasy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy. Ýubileý surat missiýa başlanandan tas 20 ýyl soň düşürildi
18.12.2025 22:07
2.9k+
Arheologlar Müsürde 4400 ýyllyk Gün ybadathanasyny tapdy
Kairiň golaýyndaky Abusir nekropolynda ýaşy, takmynan, 4400 ýyl bolan Gadymy Müsüriň Gün ybadathanasynyň harabalygy tapyldy. Bu ybadathana, çen bilen, b.e.öň 2420-nji ýyldan 2389-njy ýyl aralygynda V nesilşalygyň döwründe dolandyran faraon Niuserrä degişli bolupdyr
18.12.2025 18:23
4.1k+
Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasyna zeper ýetenden soň, onda gorag panelleri gurnaldy
Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynda kosmos galyndysynyň kiçijik böleginiň üç kosmonawty dokuz günläp "gabap" saklan hadysasyndan takmynan bir aý soň, ekipaž stansiýanyň gurluşyna üýtgeşmeler girizmäge başlady diýip, CGTN döwlet teleýaýlym ulgamy habar berýär
18.12.2025 13:23
6.5k+
Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi
Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady
17.12.2025 12:05
4.7k+
Türkmenistandan üç startap Digital StartUp Awards bäsleşiginde maýa goýum almagy başardy
Daşkent şäherinde geçirilen "Digital StartUp Awards" bäsleşiginiň Incubation Track tapgyrynyň jemleýji gününde (Demo Day) Türkmenistanyň üç startapy — Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby — her biri 10 000 dollar möçberinde maýa goýum serişdelerini almaga hukuk gazandylar
17.12.2025 11:16
2.7k+
Astronomlar ilkinji gezek Günüň daşky serhediniň kartasyny çyzdylar
Astronomlar ilkinji gezek Günüň atmosferasynyň daşky serhediniň — Alwen üsti (Alfvén surface) hökmünde tanalýan zolagyň yzygiderli iki ölçegli kartasyny düzdüler. Bu serhet Gün şemalynyň magnit tolkunlarynyň tizliklerinden geçip, yzyna dolanmaz ýaly Günüň täsirinden çykýan we planetalarara giňişlige ýaýraýan sebitidir
17.12.2025 11:12
4.5k+
Türkmen alymlary çölleşmä garşy göreşmek üçin bionanokompozit material döretdiler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň hünärmenleri gumuň göçmegi we çölleşmek meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Bu ylmy-barlag işleriniň çäklerinde sianobakteriýalaryň biomassasy esasynda dökülýän çägeleri berkitmek we olaryň göçmeginiň öňüni almak üçin bionanokompozit material (BNKM) döredildi
16.12.2025 19:18
5.2k+
Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini açdylar: Ol tas 110 ýyllap köpçüligiň göz öňünde durdy
Paleontologlar köne kolleksiýalaryň arasyndaky muzeý witrinasynda dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Bu, alymlaryň 1916-njy ýylda tapylan ördek burunly gadrozawridanyň nusgasyny täzeden öwrenenlerinden soň ýüze çykdy
15.12.2025 17:03
8.9k+
Tanis şäherinden tapylan 225 heýkeljik mazarda ýatan faraonyň adyny anyklamaga ýardam etdi
Arheologlar Nil deltasyndaky gadymy Tanis şäherinde ýerleşýän şa mazaryndan 225 sany jaýlamak üçin niýetlenen heýkeljik tapdylar. Bu artefaktlaryň ýüzündäki nyşanlar atsyz sarkofagda ýatan merhumyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berdi: ol faraon Şeşonk III bolup çykdy
15.12.2025 15:06
4.8k+
400 müň ýyllyk oduň yzy tapyldy: neandertallar Homo sapiens-den has öň ot ýakypdyr
Arheologlar Suffolk graflygyndaky arheologik ýadygärligiň çäginde adamlaryň 400 müň ýyl mundan ozal – öňki hasap edilenden tas 350 müň ýyl ir ot ýakmagy öwrenendigine subutnama tapdy. Ylmy gözleg Nature žurnalynda neşir edildi
15.12.2025 08:34
1.8k+
ABŞ-da gatanda CO₂-ni siňdirýän beton işlenip düzüldi
Massaçusetsdäki Wuster Politehniki Institutynyň (WPI) alymlary Fermentatiw Gurluşlyk Materialy (ESM) diýlip atlandyrylýan innowasion gurluşyk materialyny işläp düzdüler. Onuň esasy aýratynlygy uglerod-negatiw bolmagydyr: gatama prosesinde ol kömürturşy gazyny çykarman, tersine, atmosferadan kömürturşy gazyny işjeň özüne siňdirýär
14.12.2025 23:36
5.8k+
Geň soňlama: Hytaýda daşdan düwnüp heläk bolan gadymy guş tapyldy
Paleontologlar Hytaýyň Týanýu Tebigy Taryh Muzeýiniň zat saklanýan ýerlerinde adaty bolmadyk açyş etdiler. Geçirilen barlagda öň mälim bolmadyk guş görnüşiniň köp sanly ýuwdulan daşlardan düwnüp ölendigini görkezýän galyndy tapyldy
12.12.2025 16:06
5.5k+
Pasha adasyndaky äpet daş tokgalary bäsdeşligiň netijesi bolup çykdy – täze barlag
Öň Pasha adasyndaky ýüzlerçe äpet daş tokgalary ýerli jemgyýetiň wekilleri tarapyndan bir serdaryň ýolbaşçylygynda döredilen diýlip hasaplanýardy. Ýöne täze barlagyň awtorlary bu tassyklamany şübhe astyna aldylar
11.12.2025 09:39
2.4k+
Midea dünýäde ilkinji alty elli gumanoid roboty hödürledi
Hytaýyň Midea kompaniýasy resmi taýdan täze nesil Miro U gumanoid robotyny hödürledi. Bu alty mehaniki eli we tigirli aýaklary bolan dünýäde ilkinji gumanoid bolar. Robot çylşyrymly senagat meselelerini çözmek we önümçiligi awtomatizirlemek üçin döredildi
11.12.2025 09:36
1.3k+
SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr
11.12.2025 09:32
2k+
NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi
ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) MAVEN (Mars Atmosphere and Volatile EvolutioN) Mars zondy bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Bu enjam Gyzyl planetanyň atmosferasyny öwrenmek bilen meşgullanýar
«
1
…
13
14
15
…
79
»
«
1
…
10
11
12
13
14
15
16
17
18
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.