Müsürde Giza piramidalarynyň gurluşyk döwrüne degişli täze nekropol tapyldy

27.02.2026, 21:3938

Müsüriň arheologlary Asuan şäheriniň garşysyndaky Kubbet-el-Hawa sebitinde öň mälim bolmadyk gadymy mazarlar toplumyny ýüze çykardylar. Müsüriň Milli maglumat gullugynyň habaryna görä, bu açyş biziň eýýamymyzdan öňki 2686–2181-nji ýyllar aralygyndaky Köne Patyşalyk eýýamyna — ýagny Gizanyň meşhur Beýik piramidalarynyň gurlan döwrüne degişlidir.

Nekropol Niliň günbatar kenarynda ýerleşip, ol gaýalaryň içinde oýulyp ýasalan guburlardan we çuň mazar şahtalaryndan ybarat. Geçirilen barlaglar bu toplumyň asyrlarboýy ulanylandygyny görkezýär: ilki Köne Patyşalyk döwründe oýulan kameralar soňra, Orta Patyşalyk eýýamynda hem giňeldilip, täze jaýlamalar üçin ulanylypdyr. Bu usul gadymy Müsürde giňden ýaýran hem bolsa, alymlary bu ýerdäki mazarlaryň örän dykyzlygy we toplumyň uzak wagtlap hyzmat edendigi geň galdyrdy.
Iň ähmiýetli tapyndylaryň biri bolsa dürli görnüşdäki we ölçegdäki takmynan 160 sany keramiki gap-gaçlary öz içine alýan iki sany mazar kamerasydyr. Bu gaplaryň köpüsi şu güne çenli gaty gowy saklanyp galypdyr. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, olar jaýlama däp-dessurlary üçin niýetlenen dürli suwuklyklary we däneleri saklamak üçin ulanylypdyr.
Gaplaryň üstündäki ieratik ýazuw (gadymy müsür ýazuwynyň bir görnüşi) bilen ýazylan hatlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu ýazgylaryň öwrenilmegi nekropolyň taryhy we şol döwrüň jaýlanyş däpleri barada täze ylmy maglumatlary berer diýlip garaşylýar. Häzirki wagtda hünärmenler tapyndylary dokumentleşdirip, olaryň ylmy beýanyny taýýarlaýarlar.