Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy geçen hepdäniň söwdalary barada habar berdi
18.11.2025 11:27
2.1k+

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy geçen hepdäniň söwdalary barada habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
17.11.2025 15:09
16k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

17-nji noýabrda Daşkentde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak we gol çekmek dabarasy geçirildi
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi dabaraly açyldy
17.11.2025 14:49
12k+

Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi dabaraly açyldy

17-nji noýabrda Daşkentde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýewiň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Oňa Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň il sylaglary ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy
17.11.2025 14:44
8k+

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy

17-nji noýabrda Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy
Daşkentde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi
17.11.2025 14:27
7.7k+

Daşkentde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi

Şu gün, 17-nji noýabrda Daşkentde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Kuksaroý» köşgünde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy
Balkanabat Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlanýar
17.11.2025 12:20
5.7k+

Balkanabat Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlanýar

2025-nji ýylyň 20-22-nji noýabrynda Balkanabat şäheriniň köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär
Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy
17.11.2025 11:58
5k+

Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

17-nji noýabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymy Yslamabatda “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatynda çykyş etdi
17.11.2025 11:01
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymy Yslamabatda “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatynda çykyş etdi

11-12-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy B.Karaýew Pakistanda “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
2026-njy ýylda Türkmenistanda “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler
17.11.2025 10:35
3.3k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etdi. Bu barada 16-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde yglan edildi
Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi
17.11.2025 10:27
4.4k+

Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi

16-njy novabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Daşkent şäheriniň Kongres merkeziniň foýesinde Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini garşylady
Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy
16.11.2025 18:25
2.1k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hususan-da, Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýu, Müsür Arap Respublikasynyň
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11.2025 14:26
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar diýip, TDH habar berýär. Özbegistanyň Prezidentiniň
Adambaşyna iň ýokary girdeji boýunça ýurtlaryň arasynda Lihtenşteýn birinji boldy
16.11.2025 14:19
5.7k+

Adambaşyna iň ýokary girdeji boýunça ýurtlaryň arasynda Lihtenşteýn birinji boldy

Adam başyna iň ýokary girdejisi bolan on ýurduň ýedisi Ýewropada ýerleşýär. Bu maglumat Halkara pul gaznasynyň (HPG) 2025-nji ýylyň oktýabrdaky ýagdaýyna görä täzelenen reýtinginde görkezilýär. Sanawda absolýut lider Lihtenşteýn boldy
Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
16.11.2025 12:25
2.6k+

Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy
Oguljahan Atabaýewa ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
16.11.2025 12:15
1.7k+

Oguljahan Atabaýewa ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

15-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistana geldi
16.11.2025 12:05
8.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistana geldi

Şu gün, 16-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistana geldi. Daşkent şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar
Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen barýar
15.11.2025 10:37
10k+

Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen barýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar hem-de Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrar. Sapara görülýän taýýarlyk barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer wise-premýer, daşary işler ministri R
15-16-njy noýabrda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
15.11.2025 10:27
4.1k+

15-16-njy noýabrda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

15–16-njy noýabrda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçiriler. Sammite sebitiň
16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler
15.11.2025 10:09
3.3k+

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada degişli teklibi wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni Hökümet mejlisinde hödürledi
Dohada Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler
15.11.2025 09:54
2.6k+

Dohada Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler

2025-nji ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler. Bu boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada wise-premýer N
Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär
15.11.2025 09:42
6.1k+

Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde işler alnyp barylýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady
15.11.2025 09:26
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklaýan Karara gol çekdi. Resminama Türkmenistanyň
Türkmenistan Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
14.11.2025 19:25
8.9k+

Türkmenistan Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär
Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň ýolbaşçylygy bilen täze taslamalary okuw başlangyçlaryny maslahatlaşdy
14.11.2025 19:00
4.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň ýolbaşçylygy bilen täze taslamalary okuw başlangyçlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi
Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
14.11.2025 18:57
4.6k+

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Niger Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
14.11.2025 18:53
2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Niger Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Niger Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen ilçisi Seydou Zataou Alydan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli Parlamentiň saýtynda habar berilýär
Kataryň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
14.11.2025 18:50
2.8k+

Kataryň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

13-nji noýabrda Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al-Taher daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, R
Duşenbe şäherinde Türkmenistan - Täjigistan parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi
14.11.2025 18:44
1.3k+

Duşenbe şäherinde Türkmenistan - Täjigistan parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

13-nji noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çäginde Türkmenistan-Täjigistan parlamentara dostluk toparlarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi
R.Meredow Seýşellerden, Ganadan, Omandan, Türkiýeden we BAE-den kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdi
14.11.2025 17:34
5.7k+

R.Meredow Seýşellerden, Ganadan, Omandan, Türkiýeden we BAE-den kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdi

13-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen şu ýylyň dekabrynda geçiriljek foruma taýýarlyk boýunça telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň tapgyryny dowam etdi
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa boýunça halkara forumlaryň barşynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi
14.11.2025 17:23
4.5k+

Aşgabatda ulag-kommunikasiýa boýunça halkara forumlaryň barşynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi
Türkmenistan ýolagçylaryň monitoringiniň döwrebap ulgamlary arkaly serhetlerde gözegçiligi güýçlendirer
14.11.2025 09:52
8.9k+

Türkmenistan ýolagçylaryň monitoringiniň döwrebap ulgamlary arkaly serhetlerde gözegçiligi güýçlendirer

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri ýolagçy maglumatlaryny monitoringleşdirmegiň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan halkara duşuşyklaryna gatnaşdylar. Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýolagçy maglumatlary boýunça Resmi däl iş toparynyň bäşinji duşuşygy hem-de dokuzynjy bilelikdäki seminar 5–7-nji noýabr aralygynda Wenada geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde HGHK-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi
14.11.2025 06:51
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-nde HGHK-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen duşuşdy
Aşgabatda "Türkmentel" sergisi we ITTC 2025 forumy dowam edýär
13.11.2025 23:23
2.3k+

Aşgabatda "Türkmentel" sergisi we ITTC 2025 forumy dowam edýär

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy
13.11.2025 23:00
2.4k+

Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

12-nji noýabrda Brýussel şäherinde Owganystan boýunça Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow, sebit ýurtlarynyň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar
Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi
13.11.2025 20:08
3.6k+

Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Hususan-da, R.Meredow Jibutiniň
Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi
13.11.2025 20:00
2.3k+

Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Aly bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
13.11.2025 11:08
9.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Ketrin Konnollä Irlandiýayň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ketrin Konnollä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Irlandiýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi
ABŞ-da taryhda iň uzak dowam eden "şatdaun" tamamlandy
13.11.2025 10:46
13k+

ABŞ-da taryhda iň uzak dowam eden "şatdaun" tamamlandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda iň uzak dowam eden hökümet işiniň togtadylmagyna (“şatdaun”) nokat goýup, wagtlaýyn maliýeleşdirmäge degişli kanuna gol çekdi diýip, CNN habar berýär. Şeýlelikde, 40 günden gowrak dowam eden federal hökümetiň işiniň togtadylmagy resmi taýdan soňlandy
Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä gatnaşyjylary gutlady
12.11.2025 13:58
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özaraarabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy
12.11.2025 12:51
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy