Türkmenistan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň sanawyna teklip etmegi meýilleşdirýär

11.12.2025, 12:143,692

Türkmenistan «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdi. Bu teklibe 8-13-nji dekabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde serediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berildi.

Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş direktory Khaled Ahmed El-Enany, şeýle hem Hindistan  Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrleri çykyş etdiler.
Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şeýle hem  Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşýar.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan Konwensiýanyň çägindäki dürli sanawlaryna girizmek maksady bilen agza döwletler tarapyndan hödürlenen jemi 66 sany hödürnama seredilmegine garaşylýar. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.