Kriştianu Ronaldu öýlenýär. Jorjina Rodriges adaglanandygyny aýtdy
12.08.2025 14:13
20k+

Kriştianu Ronaldu öýlenýär. Jorjina Rodriges adaglanandygyny aýtdy

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu öz söýgülisi Jorjina Rodrigese durmuşa çykmagy teklip etdi. Adaglama barada Jorjina sosial ulgamlarda habar berip, nika ýüzüginiň suraty we “Razy. Şu we ähli ömrümde” (Sí, quiero
“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy
11.08.2025 15:45
7.5k+

“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy

"Barselona” möwsümden öňki taýýarlygyny Žoan Gamperiň Kubogy ugrunda “Komo 1907” toparyna garşy oýun bilen tamamlady. Bu Seriýa A ligasyna täze goşulan topar bolup, oňa kataloniýalylaryň öňki oýunçysy Sesk Fabregas tälim berýär
UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy
11.08.2025 15:01
10k+

UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy

UEFA “Barselonanyň” iki oýunçysyna geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Intere” garşy jogap oýnundan soň doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy. Bu barada AS gazeti habar berdi. Katalon klubunyň hüjümçileri Lamin Ýamal we Robert Lewandowski doping işgäriniň görkezmesini berjaý etmedi we düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda derrew barlag nokadyna gelmedi
“Kristal Pelas” “Liwerpuly” utup, taryhynda ikinji kubogyny gazandy
11.08.2025 14:36
6k+

“Kristal Pelas” “Liwerpuly” utup, taryhynda ikinji kubogyny gazandy

Londonyň “Kristal Pelas” kluby Angliýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda penalti tapgyrynda “Liwerpuly” utdy. Topar öz taryhynda we 2025-nji ýylda ikinji titulyny gazandy. Mundan öň klub finalda “Mançester Sitini” utup, Angliýanyň Kubogyny gazanypdy
Şeşko “ManÝunaýtediň” düzümine goşuldy, Inýigo Martines “Barselonadan” gidýär
09.08.2025 19:19
10k+

Şeşko “ManÝunaýtediň” düzümine goşuldy, Inýigo Martines “Barselonadan” gidýär

“Mançester Ýunaýted” 22 ýaşly sloweniýaly hüjümçi Benýamin Şeşko bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Klub bilen oýunçynyň şertnamasy 2030-njy ýylyň iýunyna çenli hereket eder. Resmi däl maglumatlara görä, “MÝ” transfer üçin “RB Leýpsige” 76,5 mln ýewro töledi, şeýle-de 8,5 mln ýewro möçberde bonus göz öňünde tutuldy
Kriştianu Ronaldu "Altyn topy" ýalan diýip atlandyrdy
09.08.2025 18:16
23k+

Kriştianu Ronaldu "Altyn topy" ýalan diýip atlandyrdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň portagaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Altyn top» baýragyny guramaçylaryň adalatlylygyna şübhelenýändigini aýtdy. «Meniň üçin bu galp», – diýip, futbolçy şu ýyl baýrak üçin iň esasy dalaşgärler barada berlen soraga jogap berdi
Küşt boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhda ilkinji gezek FIDE-niň reýtinginde ilkinji 50-lige girdi
09.08.2025 15:19
9.2k+

Küşt boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhda ilkinji gezek FIDE-niň reýtinginde ilkinji 50-lige girdi

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň jemleri boýunça taýýarlanan dünýä reýtinginde 50-lige girdi. Bu taryhy üstünlik ýygyndymyzyň soňky üç ýylyň dowamynda gazanan uly ösüşiniň netijesidir
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleriň sanawy yglan edildi
09.08.2025 14:21
11k+

Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleriň sanawy yglan edildi

“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal 21 ýaşa çenli dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysyna berilýän Kopa baýragyna dalaşgärleriň sanawyna goşuldy. Bu barada “Altyn top” baýragynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi
Oliweýra Braziliýada geçiriljek UFC ýaryşynda azerbaýjanly Fiziýew bilen söweşer
09.08.2025 08:32
10k+

Oliweýra Braziliýada geçiriljek UFC ýaryşynda azerbaýjanly Fiziýew bilen söweşer

Ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen azerbaýjanly Rafael Fiziýewiň söweşi 11-nji oktýabrda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek promouşeniň söweş agşamynyň esasy wakasy bolar. Bu barada UFC-niň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi
France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi
08.08.2025 17:03
14k+

France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

France Football fransuz žurnaly 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär. 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga 30 futbolçy dalaş edýär, olaryň arasynda dokuz oýunçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan
US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln
08.08.2025 15:09
3.4k+

US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar
Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi
07.08.2025 16:27
20k+

Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi

Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi. “Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy
Euronews türkmenistanly küştçüleriň üstünlikleri barada gürrüň berdi
07.08.2025 15:35
4.3k+

Euronews türkmenistanly küştçüleriň üstünlikleri barada gürrüň berdi

Halkara Euronews täzelikler saýty Türkmenistanyň küşt sporty boýunça gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi. Habarda ýurdumyzyň bu sport babatda halkara giňişliginde orunlaryny berkitmek ugrundaky möhüm tagallalary bellenilip geçilýär
Son Hyn Min we Tomas Mýuller MLS ligasynyň klublaryna geçdi
07.08.2025 15:24
7.4k+

Son Hyn Min we Tomas Mýuller MLS ligasynyň klublaryna geçdi

MLS-iň “Los-Anjeles” kluby hüjümçi Son Hyn Min bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnama 2028-nji ýylyň ahyryna ýa-da 2029-njy ýylyň ortasyna çenli uzaltmak mümkinçiligi bilen 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär
Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň tumary kofe çaşkasy boldy
07.08.2025 11:56
4.4k+

Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň tumary kofe çaşkasy boldy

7-nji noýabrdan 21-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda geçiriljek VI Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşlaryň resmi tumaryny hödürledi. Ol Finžaal atly kofe çaşkasy boldy. Guramaçylaryň habar berşi ýaly, tumaryň obrazy araplaryň kofe üçin çaşkasyna esaslanýar
Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer
05.08.2025 10:58
15k+

Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer

Russiýaly Islam Mahaçew 15-nji noýabrda Nýu-Ýorkdaky meşhur “Medison-skwer-garden” arenasynda awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen titul söweşini geçirer. Bu barada ABŞ-da geçirilen metbugat maslahatynda ýeňil agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow habar berdi
“ManÝunaýted” ýer dawasy sebäpli täze stadionyň gurluşygyna başlap bilmeýär
05.08.2025 10:56
10k+

“ManÝunaýted” ýer dawasy sebäpli täze stadionyň gurluşygyna başlap bilmeýär

“Mançester Ýunaýted” futbol kluby täze stadionyň gurluşygyna taýýarlyk tapgyrynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, işe başlamak üçin kluba häzirki “Old Trafford” stadionynyň gapdalyndaky ýer bölegini satyn almak gerek
Sabina Kadyrowa kuraş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistana altyn medal getirdi
04.08.2025 19:37
9.9k+

Sabina Kadyrowa kuraş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistana altyn medal getirdi

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy kuraş boýunça 14-nji Aziýa çempionatynda 16 medal gazandy. Ýaryş 2025-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Günorta Koreýanyň Geosan şäherinde geçirildi
Nowak Jokowiç “Le-Man” fransuz futbol klubunyň maýadary boldy
04.08.2025 16:29
5.3k+

Nowak Jokowiç “Le-Man” fransuz futbol klubunyň maýadary boldy

Braziliýanyň OutField wençur gaznasy “Le-Man” fransuz futbol klubunyň egindeş eýesi boldy. Klubuň maýadarlarynyň biri serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç boldy diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Dünýäniň öňki birinji raketkasyndan başga-da, maýa goýum taslamasyna gatnaşyjylaryň arasynda “Formula-1-iň” öňki iki sürüjisi: braziliýaly Felipe Massa we daniýaly Kewin Magnussen bar
“Bawariýa” ýüz ýyl ozalky logotip bilen oýun eşigini hödürledi
04.08.2025 16:26
5.7k+

“Bawariýa” ýüz ýyl ozalky logotip bilen oýun eşigini hödürledi

Mýunheniň “Bawariýasy” geljek möwsüm üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Toplumyň dizaýny gözenek nagşy bilen gara reňkde ýerine ýetirildi. Köýnekçäniň ýeňiniň agzy we ýakasy gyzyl, şeýle-de ýaşyl öwüşginler bilen bezeldi
“Maklaren” yzygider dördünji gezek ilkinji iki orny eýeläp, “Formula-1-iň” rekordyna golaýlady
04.08.2025 13:27
3.3k+

“Maklaren” yzygider dördünji gezek ilkinji iki orny eýeläp, “Formula-1-iň” rekordyna golaýlady

“Maklaren” toparynyň ýaryşa gatnaşyjylary yzygider dördünji gezek “Formula-1-iň” münberinde ilkinji iki orny eýeledi. Ýekşenbe güni geçen Wengriýanyň Gran-prisinde birinji bolup pellehana Lando Norris, ikinji bolup onuň topardaşy Oskar Piastri geldi
Magnus Karlsen küşt boýunça Kibersport dünýä kubogynda ýeňiş gazandy
03.08.2025 23:42
3.9k+

Magnus Karlsen küşt boýunça Kibersport dünýä kubogynda ýeňiş gazandy

Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony Magnus Karlsen Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Kibersport dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) çägindäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Norwegiýaly dünýä çempiony bu ýaryşda Team Liquid toparynyň düzüminde çykyş etdi
ABŞ-da “Barselonanyň” we “Realyň” weteranlarynyň duşuşygy geçiriler
03.08.2025 17:00
12k+

ABŞ-da “Barselonanyň” we “Realyň” weteranlarynyň duşuşygy geçiriler

“Barselonanyň” we Madridiň “Realynyň” weteranlary ýene-de meýdançada duşuşar – bu gezek 9-njy we 13-nji sentýabrda ABŞ-da iki oýun geçiriler. Bu barada katalon klubunyň metbugat gullugy habar berdi. Weteran El-Klasikosy Harrisonda (Nýu-Jersi) we Fort-Loderdeýlde (Florida) geçiriler
Son Hyn Min «Tottenhemden» gidýändigi barada habar berdi
02.08.2025 19:29
16k+

Son Hyn Min «Tottenhemden» gidýändigi barada habar berdi

Londonyň “Tottenhem” futbol klubunyň hem-de Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Son Hyn Min iňlis toparyndan gidýändigini mälim etdi. Klubuň kapitany tomusky transfer döwründe topar bilen hoşlaşar diýip, Sky Sports habar berýär
Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy
02.08.2025 18:12
5.5k+

Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

23-29-njy iýul aralygynda Malaýziýada Kuçing şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda janköýerleriň başbozarlygy üçin “PSŽ-ä” jerime saldy
02.08.2025 17:43
11k+

UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda janköýerleriň başbozarlygy üçin “PSŽ-ä” jerime saldy

UEFA “Pari sen-Žermen” klubuna Çempionlar ligasynyň finalynda klubuň janköýerleriniň özüni talabalaýyk alyp barmandygy üçin 148 müň ýewro jerime saldy. Bu barada Sport.es neşiri habar berýär. Final oýnunda fransuz kluby Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utup, ilkinji gezek Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy
02.08.2025 17:41
5.4k+

Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol klubunyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Futbolçy neşiriň täze sanynyň daşyny X sosial ulgamynda paýlaşdy. Suratda Holand ellerini kellesiniň yzynda goýan görnüşde dur we “GOLA GÖNÜKDIRILEN” (GOAL ORIENTED) ýazgysy bar
“Liwerpul” “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň stilindäki wideo bilen täze eşigini tanyşdyrdy
02.08.2025 14:25
4.2k+

“Liwerpul” “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň stilindäki wideo bilen täze eşigini tanyşdyrdy

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/26 möwsümi üçin öýde we myhmançylykda ulanyljak eşik toplumyny hödürledi. Ol Adidas bilen hyzmatdaşlyk dikeldilenden soň ilkinji toplum boldy. Klub eşigini “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň äheňinde düşürilen wideoda görkezdi
“Galatasaraý” Osimheni türk kluby üçin rekord 75 mln ýewro satyn aldy
01.08.2025 19:15
7.4k+

“Galatasaraý” Osimheni türk kluby üçin rekord 75 mln ýewro satyn aldy

Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Italiýanyň “Napoli” klubundan “Galatasaraý” türk klubuna geçdi. Bu barada Stambulyň futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. 26 ýaşly hüjümçi bilen şertnama dört ýyl möhlet bilen baglaşyldy
Futbol boýunça DÇ-2026-nyň bije çekişigi dünýäniň iň uly şar şekilli zalynda geçer
01.08.2025 15:10
9.2k+

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň bije çekişigi dünýäniň iň uly şar şekilli zalynda geçer

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişigi 5-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriler. Bellemeli ýeri, şäheriň özi ýaryşyň ýekeje-de oýnuny kabul etmeýär. ESPN-iň maglumatlaryna görä, bije çekişik 17,5 müň tomaşaça niýetlenen dünýäniň iň uly şar görnüşli binasy bolan “Sfera” zalynda geçiriler
IFAB eminlere milli çempionatlarda beden kameralaryny dakynmaga rugsat berdi
31.07.2025 20:35
5.7k+

IFAB eminlere milli çempionatlarda beden kameralaryny dakynmaga rugsat berdi

Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Geňeşi (IFAB) eminler tarapyndan kameralaryň ulanylmagyny makullady diýip, El Partidazo de COPE habar berýär. Kameralar telewideniýäniň teleýaýlymlaryna wideolary geçirmek üçin ulanylar
“Barselona” Kobi Braýantyň hormatyna “Leýkersiň” reňkinde eşik toplumyny hödürledi
31.07.2025 14:14
6.4k+

“Barselona” Kobi Braýantyň hormatyna “Leýkersiň” reňkinde eşik toplumyny hödürledi

“Barselona” 2025/26 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Köýnekçe gara we benewşe öwüşgin bilen sary reňkde ýerine ýetirildi – ol Kobi Braýantyň çykyş eden “Los-Anjeles Leýkers” basketbol toparynyň reňklerine salgylanýar
“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy
31.07.2025 13:13
5.2k+

“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy

Luis Dias resmi taýdan Mýunheniň “Bawariýasynyň” oýunçysy boldy. Klub kolumbiýaly wingeriň “Liwerpuldan” geçendigini we onuň bilen 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dörtýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi
Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 1 minut 52,69 sekuntda 30 müň dollar gazandy
31.07.2025 08:54
6.5k+

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 1 minut 52,69 sekuntda 30 müň dollar gazandy

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Rekord Singapurda geçirilýän sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionatynda ýarym finalda ýüzülende goýuldy
Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar
30.07.2025 13:43
3.7k+

Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.  Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi
Angliýanyň milli zenanlar futbol ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatyny utdy
29.07.2025 12:35
5k+

Angliýanyň milli zenanlar futbol ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatyny utdy

Angliýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy. Bazelde geçen ýaryşyň finalynda iňlis topary häzirki dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň toparyny utdy. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa Angliýa has takyk boldy – 3:1
“Maklarenden” Oskar Piastri Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Norris – ikinji
28.07.2025 11:57
1.9k+

“Maklarenden” Oskar Piastri Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Norris – ikinji

“Maklaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň 13-nji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Spa-Frankorşam awtodromynda geçirildi. Howa şertleri sebäpli ýaryş gijräk başlady
“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy
27.07.2025 19:48
7.4k+

“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy

Londonyň “Arsenaly” Lissabonyň “Sporting” klubunyň hüjümçisi Wiktor Dýokereş bilen şertnama baglaşdy. Çeşmeleriň we Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, transfer mukdary 63,5 mln ýewro (goşmaça 10 mln bonus) boldy
Aşgabatdaky Kikboks we Boks zaly çagalar hem ýetginjekler üçin türgenleşikleri guraýar
26.07.2025 17:04
5.9k+

Aşgabatdaky Kikboks we Boks zaly çagalar hem ýetginjekler üçin türgenleşikleri guraýar

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks we Boks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary hem ýetginjekleri sportuň kikboks we boks görnüşleri boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar. Sportuň bu görnüşleri boýunça ussat tälimçiler islendik çaganyň fiziki işjeňligini, tizligini we çydamlylygyny ýokarlanmaklaryna, beden taýýarlygyny taplamaklaryna, urgy tehnikalaryny özleşdirmeklerine ýardam ederler
43 ýaşly şotlandiýaly aýal öz erkek bäsdeşinden 2 sagat öňe geçip, ultramarafonda ýeňiji boldy
26.07.2025 12:23
7.2k+

43 ýaşly şotlandiýaly aýal öz erkek bäsdeşinden 2 sagat öňe geçip, ultramarafonda ýeňiji boldy

43 ýaşly şotlandiýaly aýal Anna Razerford 160 kilometrden gowrak aralygy 17 sagat 23 minutda ylgap geçip, Rat Race ultramarafonynda ýeňiji boldy. Edinburgh Live-iň habar bermegine görä, ol özüniň ýakyn erkek bäsdeşinden iki sagatdan gowrak öňe geçip, täze ýaryş rekordyny goýdy