Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy

16.09.2025, 14:4310,332

“Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” baýragyny aldy.

“Kriştianu Ronaldu, “Al-Nasryň” kapitany 2024/2025 möwsüminiň “Altyn butsy” baýragyny aldy – yzygider ikinji gezek. Baýragy oňa “Al-Nasryň” öňki kapitany we klubuň taryhynda iň gowy bombardir Majid Abdulla gowşurdy” – diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi.

2024/2025 möwsüminde Ronaldu 30 oýna gatnaşyp, 25 gol geçirdi we üç assist etdi. Hüjümçi “Al-Nasrda” 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýär, onuň klub bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli hereket edýär.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.