Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy
10.06.2025 15:27
8.6k+

Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy

Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy
New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy
10.06.2025 13:06
4k+

New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy

New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi
Alkaras “Rolan Garrosyň” 5,5 sagat dowam eden finalynda Sinnerden üstün çykdy
09.06.2025 11:43
5.2k+

Alkaras “Rolan Garrosyň” 5,5 sagat dowam eden finalynda Sinnerden üstün çykdy

Dünýäniň ikinji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkaras Fransiýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynda (“Rolan Garros”) ATP reýtinginiň lideri, italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Oýun Parižiň toprak kortunda geçip, 4:6, 6:7 (4:7), 6:4, 7:6 (7:3), 7:6 (10:2) hasabynda tamamlandy
Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy
09.06.2025 11:13
12k+

Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň finalynda Ispaniýanyň toparyny utup, ýaryşda iki gezek ýeňiji bolan ilkinji topar boldy. Mýunhende geçirilen final oýnunyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy
Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy
08.06.2025 23:21
9.7k+

Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy

UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy
«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy
08.06.2025 21:07
9.6k+

«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy

Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi. Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy
Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy
08.06.2025 20:11
3.3k+

Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

Kanadaly Sammer Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Kanadada geçirilen ýaryşda 18 ýaşly türgen bu aralygy 3 minut 54,18 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy Awstraliýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Ariarna Titmusa degişlidi
Merab Dwalişwili rewanşda Şon O’Mellini ýeňip, iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady
08.06.2025 17:30
10k+

Merab Dwalişwili rewanşda Şon O’Mellini ýeňip, iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady

8-nji iýuna geçilen gije Nýuarkda (Nýu-Jersi, ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 316 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony Merab Dwalişwili bu diwizionda öňki çempion Şon O’Mellä garşy titul goragyny geçirdi
Sinner soňky 15 ýylda ilkinji bolup Jokowiçi yzygider dört gezek utdy
08.06.2025 11:04
3.8k+

Sinner soňky 15 ýylda ilkinji bolup Jokowiçi yzygider dört gezek utdy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner soňky 15 ýylda Nowak Jowokiçi yzygider dört gezek utan ilkinji oýunçy boldy. Olaryň soňky duşuşygy 6-njy iýunda “Rolan Garrosyň” ýarym finalynda boldy diýip, Tennis.com habar berýär
Kori Gauff “Rolan Garrosyň” finalynda Arina Sobolenkodan üstün çykdy
08.06.2025 10:59
3.2k+

Kori Gauff “Rolan Garrosyň” finalynda Arina Sobolenkodan üstün çykdy

Dünýäniň ikinji raketkasy, ABŞ-dan Kori Gauff Parižiň toprak kortunda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň (“Rolan Garros”) ýeňijisi boldy. Ol finalda dünýäniň birinji raketkasy, belarusly tennisçi Arina Sobolenkony utdy
«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner
07.06.2025 13:34
15k+

«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär
Ispaniýa Fransiýany 5:4 hasabynda utup, yzygider üçünji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy
06.06.2025 15:41
9.2k+

Ispaniýa Fransiýany 5:4 hasabynda utup, yzygider üçünji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýarym finalynda Fransiýany 5:4 hasabynda utdy. Oýun Ştutgartda geçirildi. Oýnuň dowamynda ispanlar iki gezek hasapda dört gol tapawudy saklady (4:0 we 5:1), ýöne soňky minutlarda has rahatlanyp, fransuzlara tas kambek etmäge mümkinçilik beripdi
Özbegistanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
06.06.2025 15:38
15k+

Özbegistanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

Özbegistanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar 5-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýundan soň ýaryşda özüne ýer kepillendirdi
Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hak alýan tälimçileriň biri boldy
06.06.2025 09:30
11k+

Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hak alýan tälimçileriň biri boldy

Italiýaly hünärmen Simone Indzagi Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 49 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder
Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy
05.06.2025 16:35
14k+

Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi
IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi
05.06.2025 10:14
11k+

IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi

Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) penalti urgusynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrdy. Olar guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Düzgünlere görä, eger 11 metrlik urgy wagtynda topa iki gezek deglen we şol bir wagtyň özünde top derwezä giren bolsa, emin urgyny ikilenç bellemeli
Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy
05.06.2025 10:09
10k+

Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy

Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok. Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy
“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi
04.06.2025 16:12
9.1k+

“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi

Simone Indzagi ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Interiň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Maglumat italýan klubunyň resmi saýtynda tassyklandy. Indzagi “Intere” 2021-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk etdi
Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy
04.06.2025 16:10
10k+

Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy
Karlsen ilkinji gezek Gukeşden ýeňlip, özüni saklap bilmedi: ýumruk bilen stola urup, dessine çykyp gitdi
04.06.2025 14:34
9k+

Karlsen ilkinji gezek Gukeşden ýeňlip, özüni saklap bilmedi: ýumruk bilen stola urup, dessine çykyp gitdi

Magnus Karlsen 19 ýaşly hindi grossmeýsteri Gukeş Dommarajudan ýeňleninden soň duýgularyna erk edip bilmedi. Oýundan soň ol ýumruk bilen stola urdy, metbugat wekilleri bilen gürleşmän, çaltlyk bilen ýaryşyň geçirilýän ýerini terk etdi
Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri geçirdiler
04.06.2025 14:13
5k+

Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri geçirdiler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini we welosipedli ýörişleri guradylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. 1-nji iýunda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy tarapyndan Daşkent şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda halkara ýaryşynda 15 medal gazandylar
04.06.2025 13:24
4.7k+

Türkmenistanly karateçiler Samarkantda halkara ýaryşynda 15 medal gazandylar

30-njy maý 1-nji iýun aralygynda Samarkantda (Özbegistan) kiokuşinkaý karate boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Erkekleriň agram derejelerinde türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler
UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi
04.06.2025 08:16
12k+

UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi

UEFA soňky bäş möwsümiň netijeleri boýunça täzelenen klub koeffisentleriniň reýtingini çap etdi. 2025/26 möwsüm başlamazyndan ozal bu sanawyň birinji basgançagynda Madridiň "Real" topary ýerleşýär. UEFA-nyň koeffisentleri klublaryň soňky bäş ýylda Ýewropa kuboklarynda gazanan üstünliklerini görkezýär
Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
04.06.2025 07:58
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Welosipedli ýöriş Aşgabatdaky Saglyk ýolundan badalga aldy. Ýörişe gatnaşyjylar Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady
03.06.2025 12:06
4.7k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady. "Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär
UEFA Çempionlar ligasy 2024/25-iň iň gowy oýunçylaryny we simwolik toparyny kesgitledi
02.06.2025 12:20
11k+

UEFA Çempionlar ligasy 2024/25-iň iň gowy oýunçylaryny we simwolik toparyny kesgitledi

“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Usman Dembele 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berilýär
UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer
02.06.2025 11:32
9.3k+

UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär. Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar
Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri we iň gowy asistenti şol bir oýunçy boldy
02.06.2025 11:27
9.4k+

Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri we iň gowy asistenti şol bir oýunçy boldy

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utdy. 2024/2025 möwsüminiň tamamlanmagy bilen ýaryşyň iň gowy bombardirleri we iň gowy assistentleri (gol pasyny berenler) kesgitlendi
“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer
02.06.2025 11:23
6k+

“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer

2025-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby bilen Angliýanyň “Tottenhemi” duşuşar. Bu oýun, adatça, täze möwsüm başlamazdan öň geçirilýär. Onda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi duşuşýar
“Maklareniň” sürüjisi Piastri Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
02.06.2025 08:07
1.9k+

“Maklareniň” sürüjisi Piastri Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjysy Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Barselonada geçirildi. Ikinji bolup pellehana Piastriniň topardaşy britaniýaly Lando Norris geldi
Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler
01.06.2025 13:51
3.2k+

Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler

29-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Gresiýanyň Olimpiýa şäherinde gumanoidleriň ilkinji Halkara olimpiadasy geçiriler. Adam şekilli robotlar sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çeýeligi, tizligi we emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezer
“Liwerpul” “Baýer” toparyndan Žeremi Frimpong bilen gol çekişdi
01.06.2025 13:47
4.3k+

“Liwerpul” “Baýer” toparyndan Žeremi Frimpong bilen gol çekişdi

“Liwerpul” Lewerkuzeniň “Baýeriniň” sag goragçysy Žeremi Frimpongyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Klubuň web sahypasynda 24 ýaşly niderlandly futbolçynyň iňlis kluby bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşandygy habar berildi
“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy
01.06.2025 02:49
16k+

“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçirilen final oýnunda Luis Enrikäniň topary “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Hasaby 12-nji minutda parižlileriň goragçysy Aşraf Hakimi açdy
Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar
31.05.2025 19:45
5.7k+

Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar

Çaganyň tomusky dynç alyş möwsümini nädip hem peýdaly, hem gyzykly geçirmeli? Sport ýerine düşen çözgüt bolup biler. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar
Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi
31.05.2025 10:59
4k+

Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi

Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy
“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi
31.05.2025 10:54
6.3k+

“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
30.05.2025 13:03
14k+

Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär
Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi
30.05.2025 12:27
4.8k+

Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi

Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy
“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy
29.05.2025 12:16
6.6k+

“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy

Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy
“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy
28.05.2025 23:06
5.1k+

“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Arne Slot Menejerler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Fergýusonyň hormatyna atlandyrylan baýragy aldy