Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

07.07.2025, 05:474,436

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär.

Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar. Ýiti gülgüne reňkli krossowka türgeniň altyn logotipi we adidas nyşanynyň ýanynda, ökjede MESSI ýazgysy bilen bezeldi. Şeýle-de, aýakgap dilindäki birka we teksturaly burun dizaýnyň üstüni ýetirýär.
Ikinji reňk futbolçynyň argentinaly aslyna ýüzlenýär. Krem-ak reňk Argentinanyň milli baýdagynyň reňklerini ýada salýan gök zolaklar bilen utgaşýar. Messiniň ady we logotipi aýakgabyň dilinde, ökjesinde we ýokarky böleginde ýerleşdirildi.
Krossowkanyň satuwynyň başlanjak senesi we bahasy häzirlikçe belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.