Oliweýra 11 ýyldan soň Holloueýden ar alyp, BMF guşagynyň eýesi boldy
08.03.2026 16:07
9.3k+

Oliweýra 11 ýyldan soň Holloueýden ar alyp, BMF guşagynyň eýesi boldy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra amerikaly Maks Holloueýi ýeňip, Las-Wegasdaky «Ti-Mobaýl» arenasynda geçirilen UFC 326 ýaryşynda BMF titulyny gazandy. Agşamyň esasy söweşinde garşydaşlar tutuş bäş raund söweşdi, şondan soň eminler biragyzdan ýeňşi Oliweýra berdi — 50:45
Rassel «Formula-1-iň» ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Mersedese» goşa ýeňiş getirdi
08.03.2026 15:59
1.9k+

Rassel «Formula-1-iň» ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Mersedese» goşa ýeňiş getirdi

«Mersedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyry bolan Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň topardaşy, italiýaly Andrea Kimi Antonelli eýeledi
Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy
08.03.2026 13:24
13k+

Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy

Şu tomusda taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler. Indi ýaryşyň doly sanawy hem mälim boldy — guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt UFC 326 ýaryşynyň dowamynda resmi duşuşyklary yglan etdi. Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk guşagy ugrunda Iliýa Topuriýa bilen Jastin Getjiniň arasyndaky tutluşyk bolar
Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz
07.03.2026 19:40
7k+

Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz

La Liga Ispaniýanyň futbol taryhyna bagyşlanan «Retro Matchday» (Retro oýun güni) atly taryhda ilkinji gezek geçiriljek aksiýany yglan etdi. Resmi habara görä, 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda La Ligadan (31-nji tapgyr) we Segundadan (35-nji tapgyr) jemi 38 klub meýdança öňki ýyllaryň dizaýnlaryndan ylham alnyp taýýarlanan lybaslarda çykar
Inýesta Marokkonyň milli ýygyndysynyň sport direktory boldy
07.03.2026 09:36
4.6k+

Inýesta Marokkonyň milli ýygyndysynyň sport direktory boldy

Marokkonyň Patyşalyk futbol federasiýasy «Barselonanyň» öňki ýarymgoragçysy Andres Inýestanyň milli ýygyndynyň sport direktory wezipesine bellenendigini mälim etdi. Bu barada «Atlas ýolbarslarynyň» ýolbaşçylygynyň täze düzümine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berildi
«Barselonanyň» prezidenti wezipesine dalaşgärler bellige alyndy: klubuň başyna kim geçer?
06.03.2026 17:35
9.1k+

«Barselonanyň» prezidenti wezipesine dalaşgärler bellige alyndy: klubuň başyna kim geçer?

Žoan Laporta we Wiktor Font «Barselona» futbol klubunyň prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Saýlawlara resmi taýdan gatnaşmak üçin her bir dalaşgär klubuň agzalaryndan 2337 sany gol ýygnamalydy
Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
06.03.2026 16:29
5.8k+

Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

Aşgabatda tamamlanan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 19 ýaşly FIDE ussady Amanmuhammet Hommadow ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby ilkinji gezek açyk kategoriýada birinjiligi eýelemegi başardy
Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi
06.03.2026 10:10
18k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi
Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler
05.03.2026 21:17
3.3k+

Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi
FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi posterini görkezdi
05.03.2026 16:07
5.9k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi posterini görkezdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi posterini neşir etdi. Bu şekil guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Ýaryş şu tomusda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler
«Realyň» oýunçylarynda yzly-yzyna gaýtalanýan şikes sebäpli içki derňew başlandy
05.03.2026 15:20
15k+

«Realyň» oýunçylarynda yzly-yzyna gaýtalanýan şikes sebäpli içki derňew başlandy

Madridiň «Real» topary oýunçylarynyň nobatdaky agyr şikesinden soň içki derňew işlerini başlady. El Mundo neşiriniň habar bermegine görä, muňa hüjümçi Rodrigonyň dyz siňriniň üzlüp, uzak wagtlap hatardan çykmagy sebäp boldy
Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär
05.03.2026 07:33
3.6k+

Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň russiýaly küştçi, grossmeýster, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin, şeýle hem Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklary boldy
«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi
04.03.2026 11:44
9.5k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady
Ar almagyň wagty geldi: 11 ýyldan soň Holloueý bilen Oliweýra rewanş duşuşygyny geçirer
03.03.2026 17:10
10k+

Ar almagyň wagty geldi: 11 ýyldan soň Holloueý bilen Oliweýra rewanş duşuşygyny geçirer

8-nji martda Las-Wegasda (ABŞ) ýylyň iň garaşylýan ýaryşlarynyň biri bolan UFC 326 geçiriler. Agşamyň esasy wakasy garyşyk söweş sungatynyň iki sany güýçli wekiliniň, ýeňil agramda (70 kg çenli) ozalky çempion, braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maks Holloueýiň arasyndaky rewanş duşuşygy bolar
Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady
03.03.2026 15:21
6.8k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň
Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy
03.03.2026 11:39
1.2k+

Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy

PLanetF1 neşiri Formula-1 toparlarynyň 2025 möwsümi üçin alan pul baýraklaryny hasaplady. Geň ýeri, soňky iki ýylyň Konstruktorlar kubogynyň eýesi bolan McLaren toparlarynyň arasynda 165,8 million dollar bilen dördünji orny eýeledi
Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy
03.03.2026 11:20
3.4k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy
Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň küşt täjini gaýtaryp aldy
02.03.2026 21:04
9.7k+

Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň küşt täjini gaýtaryp aldy

Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa uly ýeňiş gazanyp, üç ýyldan soň ýurduň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy
FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi
02.03.2026 18:53
13k+

FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy
FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika geldi
02.03.2026 15:19
4.8k+

FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika geldi

FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika gelip ýetdi we indi ýurda syýahat etmäge başlaýar diýip, Meksikanyň Daşary işler ministrligi X sosial ulgamynda habar berdi. Ministr Huan Ramon de la Fuente ýurduň öňde duran sport baýramçylygynda janköýerleriň we gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge doly taýýardygyna ynandyrdy
Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar
01.03.2026 11:00
7.7k+

Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar

Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär
«Barselonanyň»  wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi
01.03.2026 10:48
7.8k+

«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi

Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Barselonanyň» oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda «Wilýarrealy» 4:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu duşuşykda 18 ýaşly Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etmegi başardy
UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi
27.02.2026 19:52
8.6k+

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekilişiginiň yzýany, Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna çykan toparlar hem öz garşydaşlaryny bildiler. Bijä görä, çärýek finala çykmak ugrunda aşakdaky toparlar özara bäsleşerler:
Çempionlar ligasynda bije çekildi: 1/8 finalyň garşydaş toparlary bilen tanyş boluň
27.02.2026 17:04
12k+

Çempionlar ligasynda bije çekildi: 1/8 finalyň garşydaş toparlary bilen tanyş boluň

Şu gün Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Çäre UEFA-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda 1/8 finala göni çykan toparlar utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijileri bilen duşuşar
Arsen Wenger: FIFA dünýä boýunça 100 sany futbol akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär
27.02.2026 11:49
4.9k+

Arsen Wenger: FIFA dünýä boýunça 100 sany futbol akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýaş oýunçylaryň ukyplaryny durmuşa geçirmek üçin 100 ýurtda ýöriteleşdirilen akademiýalary açmagy maksat edinýär. Bu barada FIFA-nyň dünýä futbolyny ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger mälim etdi
Ronaldu Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň iň gowy klublarynyň birinde paý satyn aldy
26.02.2026 23:52
13k+

Ronaldu Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň iň gowy klublarynyň birinde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Almeriýa» futbol klubunyň paýnamalarynyň 25 göterimine eýe boldy. Ol bu paýy özüniň CR7 Sports Investments kompaniýasy arkaly satyn aldy
Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar
26.02.2026 09:40
6.5k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar
Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda
26.02.2026 05:55
13k+

Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy.  Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny
Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde uly üstünlik gazandy
25.02.2026 18:50
4.1k+

Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde uly üstünlik gazandy

Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçi gyzlary ajaýyp netijeleri görkezdi
«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy
25.02.2026 13:08
5.9k+

«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 1/8 finalyň ýene dört gatnaşyjysy belli boldy. Agşamyň esasy täsirli wakasy «Budýo-Glimt» toparynyň «Interden» üstün çykmagy boldy
«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy
25.02.2026 10:05
5.3k+

«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy

«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy
Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer
24.02.2026 17:59
5.9k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar
«Ýene bir gezek oýlan!»: Formula-1 täze möwsümiň öňüsyrasynda mahabat wideosyny görkezdi
24.02.2026 17:27
2.7k+

«Ýene bir gezek oýlan!»: Formula-1 täze möwsümiň öňüsyrasynda mahabat wideosyny görkezdi

Formula-1-iň täze möwsümi 6-njy martda Melburndaky ýaryş bilen açylar. Möwsümiň başlangyjy üçin çempionat tarapyndan aktýor Damson Idris we dünýä çempionatynyň ähli 22 pilotynyň gatnaşmagynda «All To Drive For» atly mahabat kampaniýasy başlandy
«Bize aklymyzdan azaşandyrys öýtdüler»: «Barselona»  Ýamaly €250 milliona PSŽ-ä satmakdan ýüz öwürdi
24.02.2026 14:20
15k+

«Bize aklymyzdan azaşandyrys öýtdüler»: «Barselona» Ýamaly €250 milliona PSŽ-ä satmakdan ýüz öwürdi

«Barselona» futbol kluby mundan iki ýyl ozal hüjümçi Lamin Ýamal üçin «Pari Sen-Žermeniň» hödürlän 250 million ýewrolyk transfer teklibini ret etdi. Bu maglumaty katalon klubynyň öňki prezidenti Žoan Laporta tassyklady
Dik Adwokat Kýurasaonyň milli ýygyndysyny terk etdi. Ol topary dünýä çempionatyna çykarypdy
24.02.2026 03:57
6.7k+

Dik Adwokat Kýurasaonyň milli ýygyndysyny terk etdi. Ol topary dünýä çempionatyna çykarypdy

Niderlandly tälimçi Dik Adwokat Kýurasaonyň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi. Ol bu çözgüdi gyzynyň agyr kesellemegi sebäpli kabul etdi we wagtyny maşgalasyna bagyşlamak isleýär. Onuň ornuny Fred Rýutten eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi
«Barselona» Remezan aýynda Ýamal üçin niýetlenen ýörite iýmitleniş meýilnamasyny düzdi
23.02.2026 13:43
11k+

«Barselona» Remezan aýynda Ýamal üçin niýetlenen ýörite iýmitleniş meýilnamasyny düzdi

​«Barselona» toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolan Lamin Ýamal üçin Remezan aýynyň başlamagyna öňünden taýýarlyk gördi. Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, klubuň lukmançylyk we dietologiýa bölümi futbolçy üçin agyz beklemäge we şol bir wagtyň özünde oňyn fiziki ýagdaýyny saklap galmaga mümkinçilik berýän aýratyn iýmitleniş we dikeldiş düzgünini işläp düzdi
Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi
23.02.2026 10:07
1.9k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi
ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar
23.02.2026 02:06
4.6k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi
«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy
22.02.2026 22:43
22k+

«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň geljekki meýilnamalary barada durup geçdi we karýerasyny bu ýurtda dowam etdirmek isleýändigini tassyklady. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär
Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy
22.02.2026 12:10
6.7k+

Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.