Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

06.06.2026, 06:515,230
1 / 4

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir.

Ulag çäkli 499 nusgada öndiriler we eltip bermek işleri 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda başlanar.

Superkar uglerod süýümini giňden ulanýan gurluş dizaýny bolan Audi Space Frame-de guruldy. Gibrid güýç ulgamy 4,0 litrlik iki turbinaly V8 hereketlendirijisini üç elektrik hereketlendirijisi bilen birleşdirýär.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, awtoulag 0-dan 100 km/sag-a 2,6 sekuntda, 0-dan 200 km/sag-a 6,8 sekuntda çykýar we iň ýokary tizligi 350 km/sag-dan geçýär.

Model tigirleri doly hereketlendiriji Quattro Predictive Ride ulgamy, işjeň aerodinamika, uglerod-keramiki tormozlar we DRS funksiýaly işjeň yzky ganat bilen üpjün edilen.

"Audi Nuvolari duýgulary we öndürijiligi täze derejä çykarýar we Vorsprung durch Technik filosofiýasyny täze döwre nähili alyp barýandygymyzy görkezýär" - diýip, Audi-niň baş direktory Gernot Dýollner mälim etdi.

Kompaniýanyň tehniki direktory Ruwen Mor awtoulagda Formula-1 tehnologiýasyndan ylham alan çözgütleriň ulanylandygyny belledi.

Modeliň ady italýan ýaryş sürüjisi Tasio Nuwolarining hormatyna dakylypdyr. Kompaniýanyň wekilleriniň sözlerine görä, superkar ýokary öndürijiligi we sürüjä gönükdirilen dizaýny alamatlandyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.