Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
22.02.2026 02:13
23k+
«Sen Amerika gerek!»: Tramp Ronalduny «iň beýik» diýip atlandyrdy we ony ABŞ-a çagyrdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu täsirli wideoýazgy arkaly ýüzlendi. Bu barada «Marca» neşiri habar berýär. Prezident özüniň «X» we «TikTok» sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda Ronaldunyň we özüniň gatnaşmagynda döredilen, eýýäm internetde meşhurlyk gazanan emeli aň (AI) wideosyny paýlaşdy
21.02.2026 17:02
1.8k+
McLaren we Lego Lando Norrisiň çempionlyk bolidiniň nusgasyny döretdiler
Lego kompaniýasy Lando Norrisiň 2025-nji ýylda "Red Bull" toparynyň agalygyny soňlan "MCL39" bolidiniň täze modelini tanyşdyrdy. Bu konstruktor "McLaren" toparynyň 2025-nji ýyldaky taryhy ýeňişlerine bagyşlanýar
21.02.2026 10:38
2.1k+
Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi
Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler
20.02.2026 13:41
8.5k+
Myhmanlar üstün çykdy: Ýewropa ligasynyň ilkinji pleý-off oýunlary nähili geçdi?
19-njy fewraldan 20-ne geçýän gije Ýewropa ligasynyň pleý-off (utulan-çykdy) tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyr aýratyn-da myhmançylykda oýnan toparlar üçin şowly boldy: birnäçe klub möhüm ýeňişleri gazanyp, 1/8 finala çykmak üçin gowy mümkinçilik gazandylar
20.02.2026 10:24
1.9k+
«Arsenal» Bukaýo Saka bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
Hüjümçi Bukaýo Saka «Arsenal» bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada London klubunyň resmi saýty habar berýär. Mundan ozal metbugatda täze şertnamanyň iňlis oýunçysynyň zähmet hakyny ep-esli ýokarlandyrjakdygy we wingeriň Ýewropanyň iň gowy oýunçylarynyň biri hökmünde statusyny tassyklaýandygy barada maglumatlar peýda boldy
19.02.2026 21:33
4.7k+
WBC boks boýunça dünýä çempionlaryna beriljek zynjyr bilen kulony görkezdi
Bütindünýä boks geňeşi (WBC) çempionlyk ýüzüginiň yzy bilen 2026-njy ýylyň WBC dünýä çempionatynyň esasy wakasyna bagyşlanan zynjyr bilen kulony hödürledi. Bu şaý-sepiň dizaýny WBC-niň ýaşyl boks elligi görnüşinde ýerine ýetirildi we ak altyndan ýasalyp, 800-den gowrak daşda ýerleşdirilen umumy agramy 18,9 karat töweregi zümerret we göwher daşlary bilen bezeldi
19.02.2026 17:30
7.6k+
Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy
Garyşyk söweş sungaty boýunça russiýaly türgen Islam Mahaçewe «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly at berildi. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär. Dabara Moskwada, Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde geçirildi
19.02.2026 15:37
4.8k+
Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler
Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar
19.02.2026 13:39
818
Apple TV-de ýaryş möwsüminiň öňüsyrasynda Formula-1 kanaly açyldy
Formula-1 boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň başlamagyna sanlyja günler galanda, Apple TV platformasynda bu ýaryşlara bagyşlanan aýratyn kanal işe girizildi. Bu täzelik Apple-iň ABŞ-da "Formula-1" ýaryşlaryny görkezmek üçin gol çeken bäş ýyllyk şertnamasynyň we bu sport baradaky täze çykan çeper filmiň uly üstünliginiň netijesidir
19.02.2026 11:24
5.9k+
Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi
Penşenbä geçýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off (utulan çykdy) tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Nýukasl» Bakuda uly hasap bilen ýeňiş gazandy, «Baýer» we «Budýo-Glimt» iki gol aratapawudy bilen üstün çykdylar, «Brýugge» bilen «Atletikonyň» duşuşygy bolsa 6 golly oýunda deňme-deňlik bilen tamamlandy
19.02.2026 06:27
20k+
«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi
18.02.2026 13:12
11k+
Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar
Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder
18.02.2026 10:13
9.8k+
ÇL: «Real» Lissabonda ýeniş gazandy, «Galatasaraý» «Ýuwentusy» derbi-dagyn etdi, PSŽ-den «kambek»
Geçen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Galatasaraý», «Borussiýa» (Dortmund), «Pari Sen-Žermen» we «Real» ýeňiş gazandylar. Lissabondaky dawa Lissabonda Madridiň «Realy» ýerli «Benfikadan» 1:0 hasaby bilen üstün çykdy
17.02.2026 20:42
7.8k+
Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy
ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi
17.02.2026 16:38
9.3k+
Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Al-Ahli» — «Esteglal» duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler
17.02.2026 15:35
2.6k+
Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi
Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi
17.02.2026 15:21
8.5k+
Taýson Fýuri we Arslanbek Mahmudow söweşden öň ilkinji "bakyşlaryň duşuşygyny" geçirdiler
Britaniýaly belli boksçy Taýson Fýuri we asly russiýaly Arslanbek Mahmudow aprel aýynda boljak uly söweşiň öňüsyrasynda ilkinji gezek Londonda duşuşdylar. Iki boksçynyň "bakyşlaryň çaknyşygy" dabarasy söweşe bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy
17.02.2026 14:01
3.6k+
Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek eneli ogul bilelikde çykyş etdiler
Italiýada geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynda sport taryhynda ilkinji gezek ene we ogul şol bir wagtda bäsleşiklere gatnaşdy. Meksikaly dag lyžaçysy Lasse Gaksiola Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Gyşky oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi
16.02.2026 10:36
10k+
Kim köp gazanýar, Holandmy ýa Mbappe? Transfermarkt hasabyny çykardy
Futbolçylaryň transfer bahasyny bahalandyrmak boýunça ýöriteleşen Transfermarkt portaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň iň köp hak alýan oýunçylarynyň reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi
16.02.2026 08:44
2k+
Norwegiýaly Ýohannes Klebo gyşky Olimpiadada 9 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy
Norwegiýaly lyžaçy Ýohannes Klebo gazanan altyn medallaryň sany boýunça gyşky Olimpiýa oýunlarynyň rekordyny goýdy. Ýekşenbe güni ol Norwegiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde estafetada ýeňiji boldy. 29 ýaşyndaky türgen üçin bu Italiýada geçirilýän häzirki Oýunlardaky dördünji altyn medaldyr
16.02.2026 03:37
5.1k+
«Inter Maýami» MLS-iň iň gymmat kluby boldy
«Forbes» amerikan žurnaly MLS klublarynyň gymmatlygy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawyň birinji ornuny bazardaky bahasy 1,35 mlrd dollara ýeten «Inter Maýami» eýeledi. Klubuň meýdançadan daşary täjirçilik üstünliklerine Lionel Messiniň topara goşulmagy uly täsir etdi
15.02.2026 17:16
2.5k+
Braziliýa gyşky Olimpiadada medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy
Braziliýa gyşky Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy. Milano we Kortina-d’Ampessoda geçýän ýaryşlarda gigant slalom boýunça altyn medal gazanan braziliýaly dag lyžaçysy Lukas Pinýeýro Broten bu taryhy üstünligiň eýesi boldy
14.02.2026 19:22
5.2k+
Türkmenistanda sportuň üç görnüşi boýunça Talyp ligalaryna badalga berildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol we woleýbol boýunça ýurduň Talyp ligalarynyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde tassyklanan 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär
14.02.2026 18:52
1.9k+
Igor Tudor möwsümiň ahyryna çenli "Tottenhemiň" baş tälimçisi boldy
Londonyň "Tottenhem" futbol kluby horwatiýaly hünärmen Igor Tudoryň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu baradaky habar "şporalaryň" resmi sahypasynda çap edildi. 47 ýaşly hünärmen topary şu möwsümiň ahyryna çenli türgenleşdirer
13.02.2026 16:27
7.2k+
«Real» UEFA bilen ylalaşyk gazanyp, Superligadan çykdy
Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) we Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy (ECA) bilen Superliga taslamasyna gatnaşmak bilen baglylykda ylalaşyk gazanandygyny habar berdi. «Ýewropa
13.02.2026 11:05
1.4k+
Fon Allmen 58 ýyldan soň bir Olimpiadada 3 altyn medal gazanan ilkinji dag lyžaçysy boldy
Şweýsariýaly dag lyžaçysy Franýo fon Allmen 58 ýyldan bäri dag lyžasy sporty boýunça bir Olimpiada oýunlarynda üç sany altyn medal gazanmagy başaran ilkinji türgen boldy. Italiýada dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ol çaltlandyrylan aşak düşme, toparlaýyn birleşme we supergigant ýaryşlarynda ýeňiji boldy
13.02.2026 06:12
10k+
«Atletiko» 4:0 hasap bilen «Barselonany» Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym finalynda derbi-dagyn etdi
Madridiň «Atletiko» topary Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Barselonany» uly hasap bilen ýeňdi. Madridde geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy, iň geň galdyryjy ýeri bolsa — gollaryň ählisi birinji ýarymda saldy
12.02.2026 20:44
2.3k+
Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup galar
Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysy bilen şertnamasyny uzaltdy. Ol 2028-nji ýyla çenli toparyň baş tälimçisi wezipesinde galar. «Biz saýlap alan ýolumyza wepaly. Täze şertnama gol çekilenden soň, Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli biziň “üç ýolbars” toparymyza ýolbaşçylyk eder» – diýip, Angliýanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi
11.02.2026 21:04
27k+
«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy
11.02.2026 17:50
5.3k+
«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy
Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi. Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi
11.02.2026 16:02
7.2k+
9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady
2,766 sekunt — Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilen Gdansk Speedcubing League ýaryşynda dokuz ýaşly Teodor Zaýdere Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça täze dünýä rekordyny goýmak üçin bary-ýogy şujagaz wagt gerek boldy
11.02.2026 11:54
26k+
«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar
10.02.2026 21:40
12k+
ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi
Milandaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiada oýunlarynda 21 ýaşly amerikaly figuraçy typyjy Ilýa Malinin ýaryşyň çäklerinde ýarym asyrlap gadagan edilen yza tarap saltony ilkinji gezek kanuny esasda ýerine ýetirip, taryha girdi
10.02.2026 20:23
16k+
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna bahreýnli eminler bellenildi
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 final tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga Bahreýnli eminler topary bellenildi
10.02.2026 18:19
5.8k+
«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta wezipesinden çekildi
«Barselonanyň» häzirki prezidenti Žoan Laporta we müdirler geňeşiniň birnäçe agzasy 15-nji martda geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärliklerini hödürlemek üçin wezipelerinden çekildi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär
09.02.2026 17:54
21k+
«Arkadag» – «Al-Nasr» oýny dünýäniň 168 ýurdunda görkeziler
Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlym merkezinde «“Arkadag” futbol kluby – türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy» atly media-forum öz işine başlady. Çärä Türkmenistandan we daşary ýurtlardan abraýly sport hünärmenleri, žurnalistler we hormatly myhmanlar gatnaşýar
09.02.2026 15:28
8.2k+
Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar
AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda Eminiň wideo kömekçisi (VAR) ulgamy peýdalanylar. Bu tehnologiýanyň Aşgabatda ulanylmagy, kabul ediji tarapyň duşuşygy halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar
09.02.2026 15:11
1.6k+
"Sietl" Superboulyň ýeňijisi boldy: Sport dünýäsiniň iň iri wakasy nähili geçdi?
Superboul — ABŞ-nyň Milli Futbol Ligasynyň (NFL) möwsüminiň final duşuşygy bolup, dünýäniň iň iri sport wakalarynyň biridir. Diňe bir ABŞ-nyň özünde bu oýna ýurduň her üçünji ýaşaýjysy tomaşa edýär. Ýeňiji topar amerikan futbolynyň baş baýragy bolan Lombardi kubogyny alýar
09.02.2026 14:15
12k+
Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler
Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy
09.02.2026 13:59
6.4k+
Türkmen erkin göreşijileri Groznyda geçirilen ýetginjekleriň ýaryşynda bäş medal gazandy
Groznyý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga atly halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça türkmen türgenleri dürli derejeli bäş sany medala mynasyp boldy. Türkmen toparynda iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew görkezdi
«
1
…
12
13
14
…
161
»
«
1
…
9
10
11
12
13
14
15
16
17
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.