Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

25.05.2026, 10:192,970
1 / 2

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp boldy.

Altyn medallary gazananlar:

  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýmyrat Ýediýew — 22–39 ýaş toparynda, 70 kg çenli agramda;
  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şyhnazar Şirzadow — 18–21 ýaş toparynda, 70 kg çenli agramda;
  • Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate merkeziniň başlygynyň orunbasary Myrataly Amanow — 40 ýaşdan ýokary toparda, 90 kg çenli agramda;
  • Aly Begmyradow — 12–13 ýaş toparynda, 40 kg çenli agramda;
  • Jeýhun Baýrammämedow — 10–11 ýaş toparynda, 30 kg çenli agramda.

Kümüş medallary eýelänler:

  • Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň kapitany Meýlis Paşagulyýew — 22–39 ýaş toparynda, 90 kg çenli agramda;
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgäri Annadurdy Gurbangylyjow — 22–39 ýaş toparynda, 80 kg çenli agramda;
  • Aýnur Nurjanowa — 14–15 ýaş toparynda, 45 kg çenli agramda.

Bürünç medala 22–39 ýaş toparynda we 90 kg-den ýokary agram derejesinde Myrat Ekäýew mynasyp boldy.

Bu halkara çempionata ABŞ, Moldowa, Wengriýa, Belgiýa, Italiýa, Rumyniýa, Türkmenistan, Ýaponiýa, Ukraina we Germaniýa ýaly ýurtlardan 350-ä golaý türgen gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.