Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi
09.02.2026 13:47
15k+

Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi

8-nji fewralda Lionel Messi «Inter Maýami» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen duşuşykda özüniň ajaýyp oýnuny görkezdi. Ol öz hasabyna bir gol we bir assist ýazdy. Champions Tour — 2026-nyň çäklerinde geçirilen «Inter Maýami» bilen Ekwadoryň «Barselonasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2:2 hasabynda tamamlandy
«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy
09.02.2026 00:09
8.9k+

«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy

«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi
Ronaldunyň oýnamakdan ýüz öwürmegi saud Pro-ligasyna $2,4 mlrd ýitgi getirdi
08.02.2026 15:40
20k+

Ronaldunyň oýnamakdan ýüz öwürmegi saud Pro-ligasyna $2,4 mlrd ýitgi getirdi

Saud Arabystanynyň Pro-ligasy özüniň okgunly ösüş döwründe iň agyr zarba bilen ýüzbe-ýüz boldy we bu wakanyň merkezinde Kriştianu Ronaldu durýar. Speedline portalynyň habar bermegine görä, amerikan teleýaýlymy FOX Sports liga bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi
Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi
08.02.2026 13:57
9.4k+

Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi

Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda şwesiýaly lyžaçy Ebba Anderssonyň kümüş medaly skiatlon ýaryşyndan soňky sylaglaýyş dabarasynyň edil yz ýanynda döwüldi. Bu barada SVT teleýaýlymy habar berýär
Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady
08.02.2026 04:46
11k+

Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady

Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi
Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler
08.02.2026 00:19
5.5k+

Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir
FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi
07.02.2026 16:20
2.6k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy
Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy
07.02.2026 15:41
4.2k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy
Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar
07.02.2026 13:10
7.3k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar
Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?
07.02.2026 09:33
3.9k+

Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi
2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler
07.02.2026 00:24
1.9k+

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi
Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi
06.02.2026 16:36
5.9k+

Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi

Canal+ teleýaýlymynyň žurnalistleri XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini düzdüler. Birinji orny Mýunheniň «Bawariýasynda» oýnaýan nemes golkiperi Manuel Noýer eýeledi. Ikinji orunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň we Turiniň «Ýuwentus» toparynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon ýerleşdi
Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi
06.02.2026 16:24
2.7k+

Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry rapid we blitz boýunça ýaryşlar boldy we olaryň netijeleri boýunça ýaş türgenleriň arasynda 72 medal paýlandy
Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär
06.02.2026 15:18
13k+

Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe her ýyl ejesi Faýza Lamariýä 4,5 million ýewro möçberinde iş hakyny töleýär. Bu barada derbyderbyderby.it portaly habar berýär. Portalyň maglumatyna görä, bu mukdar futbolçynyň girdejisiniň takmynan 30%-ine barabar
Abu-Dabi taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşyny kabul edýär
05.02.2026 23:31
1.2k+

Abu-Dabi taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşyny kabul edýär

2026-njy ýylyň 6–15-nji fewraly aralygynda Abu-Dabide taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşy geçiriler. Bu barada Gulf News neşiri habar berýär. Bu uly göwrümli sport çäresi Al-Aýn we Al-Dafra şäherlerini hem gurşap alar
Türkmenistanda VAR eminlerini taýýarlamak boýunça okuw maslahaty başlandy
05.02.2026 20:52
5.6k+

Türkmenistanda VAR eminlerini taýýarlamak boýunça okuw maslahaty başlandy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen bilelikde VAR ulgamyny özleşdirmek boýunça okuw maslahatyny gurnady. Bu barada sebit guramasynyň metbugat gullugy habar berýär
Snup Dog, Fabregas, Ibragimowiç… Sport we şou-biznes ýyldyzlary 2026-njy ýylyň Olimpiada estafetasyna gatnaşýarlar
05.02.2026 19:23
6.2k+

Snup Dog, Fabregas, Ibragimowiç… Sport we şou-biznes ýyldyzlary 2026-njy ýylyň Olimpiada estafetasyna gatnaşýarlar

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy Italiýanyň Gallarate, Busto-Arsisio, Lenýano, Saronno, Sewezo, Dezio, Monsa we Komo ýaly şäherlerinden geçdi. Alaw göterijileriň arasynda diňe bir sport ýyldyzlary däl, eýsem şou-biznesiň meşhur adamlary hem bar: reper Snup Dog, NBC üçin reportažlar taýýarlan we ýapylyş dabarasyna gatnaşan Pariždäki tejribesini gaýtalap, ýene-de fakel göterdi
Messi Dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin «Inter Maýamidäki» fiziki ýüküni azaldar
05.02.2026 13:23
10k+

Messi Dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin «Inter Maýamidäki» fiziki ýüküni azaldar

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna iň kadaly ýagdaýda gatnaşmak hem-de şikes almak töwekgelçiligini azaltmak üçin «Inter Maýami» klubundaky türgenleşik maksatnamasyny düýpli üýtgetdi. «The Touchline» neşiriniň «X» ulgamynda habar bermegine görä, futbolçy üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň bähbitleri häzirki wagtda klub bähbitlerinden ýokarda durýar
«Mançester Siti» we «Arsenal» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda duşuşarlar
05.02.2026 10:56
5.5k+

«Mançester Siti» we «Arsenal» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda duşuşarlar

Angliýanyň ligasynyň kubogynyň (Carabao Cup) finalynda «Mançester Siti» we «Arsenal» toparlary güýç synaşarlar. Kubok ugrundaky aýgytly duşuşyk 22-nji martda Londonyň meşhur «Uembli» stadionynda geçiriler. Hosep Guardiolanyň şägirtleri ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Nýukasly» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler
Ronaldu Aşgabada gelmezden öň ýene-de «Al-Nasrda» türgenleşiklerine başlady
05.02.2026 10:04
17k+

Ronaldu Aşgabada gelmezden öň ýene-de «Al-Nasrda» türgenleşiklerine başlady

​Kriştianu Ronaldu ýene-de «Al-Nasryň» ygtyýaryna geldi. Garaşylmadyk arakesmeden we uly zenzele turzan myş-myşlardan soň, portugaliýaly oýunçy topary bilen türgenleşiklerine dolanyp geldi diýip, abraýly insaýder Fabrisio Romano habar berdi
«Kamp Nou» 2029-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge dalaş edýär
05.02.2026 01:50
2.6k+

«Kamp Nou» 2029-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge dalaş edýär

«Barselona» futbol klubunyň öý stadiony bolan «Kamp Nou» 2028/29-njy ýyllar möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final oýnuny geçirmek üçin resmi taýdan dalaşgär hökmünde hödürlendi. Bu barada sports.ru neşiri habar berýär
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar
04.02.2026 16:04
9.4k+

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (GAR) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer
«Käbir kyssalar wagt talap edýär»: «Fenerbahçe» ahyrsoňunda Kanteni transfer etdi
04.02.2026 15:23
6.4k+

«Käbir kyssalar wagt talap edýär»: «Fenerbahçe» ahyrsoňunda Kanteni transfer etdi

Türkiýäniň «Fenerbahçe» kluby Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparynyň merkezi ýarym goragçysy N'Golo Kanteni resmi taýdan düzümine goşandygyny yglan etdi. Bu barada Stambul klubunyň metbugat gullugy habar berdi
Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi
04.02.2026 12:15
5.3k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi

4-nji fewrala geçilýän gije Dubaýda (BAE) PFL ligasynyň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen çempionlyk guşagyna dalaşgär iňlis pälwany Alfi Dewisiň arasyndaky duşuşykdan öň däp bolan «bakyşlaryň çaknyşygy» boldy
N'Golo Kanteniň «Fenerbahçä» transferi resminama alşylanda ýalňyşlyk sebäpli ýatyryldy
03.02.2026 19:59
5.4k+

N'Golo Kanteniň «Fenerbahçä» transferi resminama alşylanda ýalňyşlyk sebäpli ýatyryldy

Ýarym goragçy N'Golo Kanteniň ​«Al-Ittihad» saud klubundan Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyna amala aşyrylmaly  transferi tehniki näsazlyk sebäpli ýatyryldy. Stambul klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, transferiň bökdenmegi taraplaryň arasynda resminama çalşygy mahalynda ýüze çykdy
Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary kesgitlenildi
03.02.2026 14:08
1.5k+

Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary kesgitlenildi

Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň nusgawy tapgyry tamamlandy. 25-nji ýanwar we 1-nji fewral aralygynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilen ýaryşlara ýurduň ähli künjeginden 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky 487 türgen gatnaşdy
30 sekunt üçin 10 mln dollar: «Superboulyň» mahabat bahalary rekord goýýar
03.02.2026 12:27
6.1k+

30 sekunt üçin 10 mln dollar: «Superboulyň» mahabat bahalary rekord goýýar

2026-njy ýylyň «Superbouly» (Super Bowl) hatda oýun başlamazdan ozal täze rekordlary goýup başlady. 9-njy fewrala geçilýän gije geçiriljek amerikan futbolynyň final duşuşygy dünýäniň iň gymmat efir wagty statusyny ýene bir gezek tassyklady
Lukman «Atletiko» Madridiň düzüminde oýna çykar, «Liwerpul» 72 mln ýewro goragçy aldy
03.02.2026 10:14
4.5k+

Lukman «Atletiko» Madridiň düzüminde oýna çykar, «Liwerpul» 72 mln ýewro goragçy aldy

Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby Fransiýanyň «Renn» toparynyň 20 ýaşly goragçysy Žeremi Žakeni transfer edendigini resmi taýdan yglan etdi. Ýaş goragçy iňlis klubuna şu ýylyň tomsunda goşular. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, fransuz goragçysy mersisaýdlylara 60 million ýewro düşdi
Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy
03.02.2026 09:57
6.2k+

Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy
Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?
02.02.2026 13:33
3.7k+

Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?

Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady
Türkmen hünärmenleriniň ylmy işleri Nýu-Ýorkuň abraýly žurnalynda çap edildi
02.02.2026 12:36
3.1k+

Türkmen hünärmenleriniň ylmy işleri Nýu-Ýorkuň abraýly žurnalynda çap edildi

Türkmen hünärmenleriniň geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde neşir edilýän «Annals of Rehabilitation and Regenerative Medicine» atly halkara ylmy žurnalynda çap edildi. Bu makalalar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usulyýet merkeziniň alyp baran işleriniň netijeleri esasynda taýýarlandy
Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda
02.02.2026 12:22
21k+

Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda

Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin
Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy
01.02.2026 22:16
2.8k+

Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy

Ispaniýaly Karlos Alkaras möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiniň netijesinde 22 ýaşly Alkaras taryhda «Karýera Uly tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy
Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»
01.02.2026 17:46
6.9k+

Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»

Deloitte kompaniýasy möwsümdäki girdejileri boýunça futbol klublaryna baha berýän Money League ýyllyk reýtingini hödürledi. 2024/25 möwsüminiň lideri tas 1,2 mlrd ýewro girdeji bilen Madridiň «Realy» boldy. Dünýäniň öňdebaryjy 20 klubunyň umumy girdejisi ilkinji gezek 12 mlrd ýewrodan geçdi
UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi
01.02.2026 16:33
6.3k+

UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi

​1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 325 ýaryşy geçirildi. Esasy tutluşykda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aleksandr Wolkanowski reýtingde ikinji orunda durýan Diýego Lopesa garşy öz titulyny gorady
Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy
01.02.2026 11:41
9k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär
Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy
01.02.2026 09:09
3.2k+

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy
Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi
31.01.2026 17:28
8.6k+

Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi

CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar
Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär
31.01.2026 11:38
4.5k+

Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär

Indoneziýada futzal boýunça 18-nji Aziýa kubogynyň final tapgyry geçirilýär, ol 7-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň eminler düzüminde Türkmenistanyň iki wekili bar. FIFA-nyň emini Timur Ramazanow eýýäm «C» toparçasynda toparlaýyn tapgyryň Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyna eminlik etdi
UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
31.01.2026 10:36
4.7k+

UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçiriljek utulan-çykdy (play-off) oýunlarynyň bije çekişligi geçirildi. Ýaryşyň umumy tapgyrynyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda galan ýollanmalar ugrunda bäsleşer
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.