Syýahatçylyk

ABŞ Green Card lotereýasyna tabşyrýanlaryň her birinden 1 dollardan alyp başlar
18.09.2025 11:09
12k+

ABŞ Green Card lotereýasyna tabşyrýanlaryň her birinden 1 dollardan alyp başlar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-da ýaşamak üçin ýaşaýyş ýeriniň görnüşine (Green Card / Diversity Immigrant Visa) eýe bolmak boýunça lotereýa gatnaşmak üçin $1 möçberinde hasaba alyş tölegini girizdi. Töleg arza tabşyrylanda hökümetiň ygtyýarly töleg portaly arkaly onlaýn görnüşde alynýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi
15.09.2025 18:46
26k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär
Finlýandiýada ömrüň has uzak dowam edýän sebiti tapyldy
12.09.2025 18:26
8.4k+

Finlýandiýada ömrüň has uzak dowam edýän sebiti tapyldy

Finlýandiýanyň günbataryndaky şwed dilli Ostrobotniýa sebitinde ortaça ömür dowamlylygy 83,1 ýaşa ýetýär, bu bolsa ýurduň umumymilli görkezijisinden (81,6 ýaş) ýokary we dünýädäki ortaça derejeden (73,1 ýaş) has ýokarydyr
ABŞ immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary almagyň düzgünlerini güýçlendirdi
11.09.2025 06:40
7.6k+

ABŞ immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary almagyň düzgünlerini güýçlendirdi

ABŞ-nyň häkimiýetleri daşary ýurtly raýatlar üçin immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary, şol sanda B1/B2 syýahatçylyk wizalaryny almagyň düzgünlerini güýçlendirdi. Indi resminamalary diňe öz raýatlygyň degişli bolan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýurduňda tabşyryp bolýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi
Iň gymmat ýaşaýyş jaýlary bolan şäherleriň sanawy düzüldi
03.09.2025 17:08
14k+

Iň gymmat ýaşaýyş jaýlary bolan şäherleriň sanawy düzüldi

Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bütin dünýäde ýokarlanýar, ýöne käbir şäherlerde bu ösüş aýratyn göze ilýär. Esasy sebäbi - boş ýeriň ýetmezçiligi hem-de öýlere we jaýlara bolan islegiň ýokary bolmagy. Birnäçe megapolislerde ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy maşgalanyň ýyllyk girdejisinden 10, 12 we hatda 14 esse ýokarydyr
Edinburgly doganlar 139 günde Ýuwaş ummanyny kürekli gaýykda ýüzüp geçip rekord goýdular
03.09.2025 11:59
7.5k+

Edinburgly doganlar 139 günde Ýuwaş ummanyny kürekli gaýykda ýüzüp geçip rekord goýdular

Edinburgly üç dogan Jeými, Ýuen we Lahlan Makleýnler Ýuwaş ummanyndan kürekli gaýykda ýüzüp geçmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdular. BBC-niň habar bermegine görä, olar Peruwyň kenaryndan Awstraliýa çenli 14 848 kilometr aralygy 139 gün, 5 sagat 52 minutda ýüzüp geçdiler
Osakada EKSPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
01.09.2025 00:32
2.8k+

Osakada EKSPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

29-njy awgustda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli guruljak geljegiň şäheriniň - Telosanyň render suratlary görkezildi
27.08.2025 16:14
15k+

ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli guruljak geljegiň şäheriniň - Telosanyň render suratlary görkezildi

Daniýaly arhitektor Býarke Ingels hem-de onuň BIG studiýasy täze şäher — Telosanyň ilkinji şekillerini görkezdiler. Bu megapolisi gurmak pikiri amerikaly milliarder Mark Loranyň taslamasydyr. Täze şäher ABŞ-nyň Newada ştatynyň çölünde dolulygyna noldan gurlar
Bvlgari 2030-njy ýyla çenli Abu-Dabide täze kaşaň dynç-alyş toplumyny gurar
24.08.2025 17:46
7.9k+

Bvlgari 2030-njy ýyla çenli Abu-Dabide täze kaşaň dynç-alyş toplumyny gurar

Bvlgari Hotels & Resorts Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide täze dynç alyş toplumyny we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada ylalaşyk baglaşdy. Toplumyň açylyşy 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär. Bvlgari Resort & Mansions Abu Dhabi hususy adada ýerleşer
Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär
23.08.2025 18:31
9.7k+

Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär

Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly syýahatçylar üçin mugt içerki uçuş maksatnamasyny teklip etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 700 mln bat bölüp bermek meýilleşdirilýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar
Döwlet departamenti ABŞ-nyň wizasy bolan 55 mln adamy düzgün bozma barlagyndan geçirer
22.08.2025 19:06
14k+

Döwlet departamenti ABŞ-nyň wizasy bolan 55 mln adamy düzgün bozma barlagyndan geçirer

21-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamenti amerikan wizalary bolan 55 milliondan gowrak daşary ýurtlynyň migrasiýa kanunyň düzgünlerini bozup bilendigini ýa-da ýokdugyny barlar. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär
Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi
22.08.2025 19:04
19k+

Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp wizasy bilen baglanyşykly ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Gateway wizalar merkezi mälim etdi. Üýtgetmler 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girýär
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň meşhur ýerleri boýunça täze syýahatçylyk ugry döredildi
22.08.2025 15:27
12k+

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň meşhur ýerleri boýunça täze syýahatçylyk ugry döredildi

Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirýän täze halkalaýyn syýahatçylyk ugry döredildi. Serhetara syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen bu taslama ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 15-den gowrak desgany öz içine alýar
Tailandda syýahatçylar kriptowalýutalaryny milli pullaryna çalşyp bilerler
22.08.2025 08:02
3.2k+

Tailandda syýahatçylar kriptowalýutalaryny milli pullaryna çalşyp bilerler

Tailandyň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylaryň kriptowalýutalaryny bat puluna (taý milli puly) çalşyp, ýurtda syýahat edýän wagty harçlamaga mümkinçilik berjek TouristDigiPay atly täze programmasyny işe girizer diýip, Bloomberg habar berýär
Tokio iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak üçin şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi
21.08.2025 16:15
5.1k+

Tokio iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak üçin şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi

Ýaponiýanyň paýtagty 2025-nji ýylda uzak aralykdan işi we dynç alşy utgaşdyrmak üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Şweýsariýanyň International Workplace Group (IWG) kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Anywhere Barometer gözleginde habar berilýär
Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy
16.08.2025 23:34
13k+

Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy

Hytaýyň Heçi okrugynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik kert gaýada gurlan kitap dükany açyldy. Bu barada News-Asia neşiri ýazýar. Dükan 2025-nji ýylyň maýynda işläp başlady we birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhmany özüne çekdi
Türkiýäniň üç sany awiakompaniýasy uçuş wagtynda powerbanklary ulanmagy gadagan etdi
16.08.2025 18:15
8.9k+

Türkiýäniň üç sany awiakompaniýasy uçuş wagtynda powerbanklary ulanmagy gadagan etdi

"AJet" türk awiakompaniýasy uçuş wagtynda kuwwaty 100 watt-sagatdan ýokary bolan powerbanklary ulanmagy gadagan etdi. Mundan ozal şeýle çäklendirmeleri Turkish Airlines we Pegasus hem girizipdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Jidda howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar
14.08.2025 16:55
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Jidda howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Kazan (Tatarystan Respublikasy, RF) we Jidda (Saud Arabystany) şäherlerine göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen täze tertipde bellenilýär
Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär
14.08.2025 16:30
9.9k+

Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär

Türkiýäniň häkimiýetleri azyk galyndylaryny azaltmak üçin ýurduň myhmanhanalarynda “şwed stolundan” ýüz öwürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Sabah neşiri ýazýar. Eger hökümet çäre görse, all inclusive ulgamy à la carte formaty bilen çalşyrylar
Halfeti, Angola we Çunsin IATA-nyň wersiýasy boýunça iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlary diýlip bellenildi
13.08.2025 07:45
6.5k+

Halfeti, Angola we Çunsin IATA-nyň wersiýasy boýunça iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlary diýlip bellenildi

Howa ulaglarynyň halkara birleşigi (IATA) 2024-nji ýylyň iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlarynyň sanawyny çap etdi diýip, CNN habar berýär. Şeýle şäherleriň sanawyna Türkiýäniň Halfeti şäheri girdi. Ol bent gurlandan soň bölekleýin suw basan şäher bolup, henizem ilatly bolmagynda galýar
Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany günde 6 gezege çenli artdyryldy
11.08.2025 23:33
10k+

Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany günde 6 gezege çenli artdyryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli artdyrdy. 11-nji awgustdan «Awaza» milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýän raýatlaryň barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugrunda goşmaça uçuşlar girizildi diýip, awiakompaniýa habar berýär
11-nji awgustdan Aşgabatdan Türkmenbaşa awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy
11.08.2025 17:27
10k+

11-nji awgustdan Aşgabatdan Türkmenbaşa awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça hereket edýän awtobus gatnawlarynyň sanyny üçe çenli artdyrdy. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar
Türkmenistan 2025-nji ýylda Russiýa baran syýahatçylaryň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi
10.08.2025 23:32
12k+

Türkmenistan 2025-nji ýylda Russiýa baran syýahatçylaryň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa syýahatçylyk maksady bilen 629 müň daşary ýurt raýaty bardy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu maglumatlar Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasynyň hasabatynda getirilýär
"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny dikelder
09.08.2025 08:36
10k+

"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny dikelder

11-nji awgustdan başlap "Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenistana amala aşyrýan uçar gatnawlary Türkmenbaşy şäherine gonarlar. Uçuşlaryň wagtlaýyn geçirilen Balkanabat şäherine soňky gatnaw 9-njy awgustda amala aşyrylar
ABŞ 5 – 15 müň dollar girewine wiza berip başlar
06.08.2025 17:46
11k+

ABŞ 5 – 15 müň dollar girewine wiza berip başlar

ABŞ her bir arza beriji üçin 5 müň dollardan 15 müň dollara çenli möçberde girewine wiza bermegiň 12 aýlyk synag maksatnamasyny işe girizýär. Ol resminamalarynyň möhletini geçirýän syýahatçylar bilen göreşe gönükdirilendir diýlip, Döwlet departamentiniň federal sanawda hödürlenen resminamasynda aýdylýar
11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar
31.07.2025 20:00
13k+

11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täzelenen tertibini çykardy. Täze tertibe laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça uçar gatnawlary täzeden başlanar
Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady
31.07.2025 14:08
5.7k+

Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady

The New York Times 2025-nji ýylda baryp görmeli ýerleriň ýyllyk sanawyny hödürledi. Oňa hem işjeň medeni durmuşy bolan şäherler, hem o diýen belli däl ugurlar girdi. Merkezi Aziýa we Kawkaz şäherleriniň arasynda neşir Buharany (Özbegistan) maslahat berýär
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär
30.07.2025 15:05
6.5k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi aşakdaky hünärler boýunça talyp bolmaga çagyrýar: Okuwyň möhleti – 2 ýyl: Myhmanhana hyzmatlary Syýahatçylyk hyzmatlary Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
Stambulyň howa menzili Ýewropada iň ýygy gatnawly howa menzil boldy: bir günde 1612 gatnaw
28.07.2025 17:45
13k+

Stambulyň howa menzili Ýewropada iň ýygy gatnawly howa menzil boldy: bir günde 1612 gatnaw

Stambulyň howa menzili Ýewropanyň iň köp gatnawly ýerine öwrüldi. Diňe 7-nji iýuldan 13-nji iýul aralygynda howa menzili her günde ortaça 1612 gatnawy amala aşyrdy. Bu barada Ýewropanyň Howa hereketiniň howpsuzlygy guramasy (EUROCONTROL) tarapyndan neşir edilen "Ýewropa awiasiýa boýunça hasabatda" beýan edilýär
Eýran Maşat-Mary ugry boýunça demir ýol gatnawyny işe girizmek meýilleri barada aýtdy
28.07.2025 14:28
18k+

Eýran Maşat-Mary ugry boýunça demir ýol gatnawyny işe girizmek meýilleri barada aýtdy

Eýran üç sany täze halkara demirýol ugruny işe girizmek meýilnamasyny mälim etdi. Olaryň arasynda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşat şäheri bilen Türkmenistanyň Mary şäheriniň arasyndaky gatnaw hem bar. Bu barada Eýranyň Milli demirýol kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory Jabbar Ali Zakeri "Borna news" agentligine habar berdi
Fransiýada Rim imperiýasy döwrüniň şäherini gaýtadan dikeltmek isleýärler
24.07.2025 18:06
12k+

Fransiýada Rim imperiýasy döwrüniň şäherini gaýtadan dikeltmek isleýärler

Bezýe şäheriniň häkimi Rober Menar Rim imperiýasy döwrüniň şäheriniň, takmynan, b.e. 30-njy ýylyndaky keşbini gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen Béziers Antique taslamasyny hödürledi. 30 ýyla niýetlenen taslama diňe gadymy rim gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmagy göz öňünde tutýar
Bütindünýä syýahatçylyk guramasy dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi
24.07.2025 17:47
13k+

Bütindünýä syýahatçylyk guramasy dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UN Tourism) maglumatlaryna görä, halkara syýahatçylygy 2024-nji ýylda pandemiýadan öňki derejesine ýetdi, ýagny dünýäde syýahatçylaryň sany 1,47 milliard boldy
Bangkokda kagyz fonarlaryň şekilinde myhmanhanalar gurlar
21.07.2025 23:44
10k+

Bangkokda kagyz fonarlaryň şekilinde myhmanhanalar gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik býurosy Bangkogyň (Tailand) merkezinde guruljak täze Hatai myhmanhana toplumynyň taslamasyny hödürledi. Bina kagyz fonarlaryň stilinde iki aýlaw şekilli köp gatly diňden ybarat bolar
20 paluba, 40 restoran we 10 müň adam: dünýäde iň uly gämi ilkinji gezelenjine taýýarlanýar
19.07.2025 14:28
16k+

20 paluba, 40 restoran we 10 müň adam: dünýäde iň uly gämi ilkinji gezelenjine taýýarlanýar

Star of the Seas (Deňizleriň ýyldyzy) kruiz gämisi Royal Caribbean kompaniýasynyň flotuna resmi taýdan goşuldy we deňze çykýan dünýäde iň uly gämi bolar. Ýolagçyly ilkinji gezelenç 31-nji awgustda Floridadaky Kanaweral portundan başlar diýip, Stuff neşiri habar berýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi
19.07.2025 07:51
21k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi

"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi. Täze tertip 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan hereket edip başlar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär. 2025-nji ýylyň
QS talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäherini saýlady – birinji orunda Seul
19.07.2025 07:11
5.3k+

QS talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäherini saýlady – birinji orunda Seul

Quacquarelli Symonds (QS) analitik agentligi talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäheriniň ýyllyk reýtingini hödürledi. Birinji orny iň ýokary 100 baly alan Seul eýeledi. QS Best Student Cities reýtingine girmek üçin şäher ilatynyň azyndan 250 müň adam bolmagyny we global QS reýtingine girýän azyndan iki uniwersitetiniň bolmagyny göz öňünde tutýan talaplara laýyk gelmeli
Syýahatçy Kornuollda “ýekeşahyň” kelleçanagyny tapdy
17.07.2025 14:37
11k+

Syýahatçy Kornuollda “ýekeşahyň” kelleçanagyny tapdy

Angliýanyň günorta-günbatarynda, Kornuoll graflygyndaky Tintagel galasynyň harabalygyndan uzak bolmadyk ýerde kanadaly bir syýahatçy maňlaý böleginden bir uly şah çykyp duran kellaçanagy tapdy diýip, Daily Mail habar berýär
“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi
16.07.2025 07:06
15k+

“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi

14-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Inçon halkara howa menzilinde Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawynyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä
Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar
12.07.2025 19:34
8.3k+

Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar

Emirates awiakompaniýasy (BAE) kriptowalýuta töleglerini girizmek barada Crypto.com kriptobiržasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada awiakompaniýanyň ýolbaşçysy şeýh Ahmed bin Said Al Maktum sosial ulgamlarda habar berdi
Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy
12.07.2025 19:18
14k+

Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy

Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür