Türkmenistan 2025-nji ýylda Russiýa baran syýahatçylaryň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi

10.08.2025, 23:3212,513

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa syýahatçylyk maksady bilen 629 müň daşary ýurt raýaty bardy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu maglumatlar Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasynyň hasabatynda getirilýär.

Türkmenistan raýatlary Russiýa iň köp syýahat edýän ýurtlaryň arasynda üçünji orunda ýerleşdi. 2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda bu ýurda Türkmenistandan 26 588 syýahatçy geldi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden (31 213 sapar) az bolsa-da, pandemiýa öňki derejeden (2019-njy ýylyň ilkinji ýarymynda 10 144 sapar) iki esse köpdür.
Birinji ýeri Hytaý eýeledi — 317,8 müň syýahatçy. Ikinji orunda bolsa 30,8 müň syýahatçy bilen Türkiýe ýerleşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.