Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
27.06.2025 10:56
3.3k+
Mähri Bäşimowa CAREC-niň täze bellenen direktory bilen ekologiýa meseleleriniň giň toplumyny maslahatlaşdy
26-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi
27.06.2025 10:52
4k+
Bangladeşiň Prezidentine "Awazada" geçiriljek maslahata gatnaşmaga çakylyk gowşuryldy
24-nji iýunda Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň ilçisi Ykbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
27.06.2025 10:38
2.1k+
Hytaýyň ilçisi Sýan Naýçen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
26-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşdy
26.06.2025 19:04
8.4k+
Wýetnamda ýurtda ilkinji erkin ykdysady zolak dörediler
Wýetnamda ýurduň ilkinji erkin söwda zolagy dörediler. Bu zolak ýurduň merkezi bölegindäki tehnologiýa we syýahatçylyk merkezi bolan Danang şäherinde ýerleşer diýip, Nikkei neşiri habar berýär. Hökümet bu taslamanyň ýurduň ykdysady ösüşine itergi bermegine we 2045-nji ýyla çenli ýokary girdejili döwlet bolmak maksadyna ýetmäge kömek etjekdigine garaşýar
26.06.2025 18:32
4.4k+
ABŞ-nyň kazyýeti OpenAI-y hatda pozulan çatlary hem saklap galmaga borçlandyrdy. Bu ulanyjylarda howsala döredýär
Nýu-Ýorkyň Günorta okrugynyň Okrug kazyýeti OpenAI kompaniýasyny ChatGPT ulanyjylarynyň ähli gepleşiklerini, şol sanda öçürilen we anonim söhbetleri hem saklamaga borçlandyrdy. Bu karara garşy arz etmek synanyşyklary ret edildi diýip, Ars Technica neşiri habar berýär
26.06.2025 12:10
8.2k+
RF-niň daşary işler ministri Lawrow ýaş türkmen diplomatlarynyň öňünde çykyş etdi
25-nji iýunda Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Russiýanyň daşary işler ministri S.W.Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi
26.06.2025 12:05
5.3k+
Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip edýär
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi
26.06.2025 11:58
6.3k+
Türkmenistanyň we RF-niň Daşary işler ministrlikleri 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi
26.06.2025 11:51
2.8k+
Türkmenistanyň DIM-nde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Fransiýanyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň
26.06.2025 07:52
4.8k+
28-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçiriler
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna ýaýradylan bildiriş metbugatda çap edildi. Maslahat sagat 10:00-da Mejlisiň binasynda geçiriler
25.06.2025 18:24
19k+
Günorta Koreýa öz raýatlaryny Eýrandan çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Eýrandan raýatlaryny çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. 24-nji iýunda Seuldaky Hökümet toplumynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary degişli beýanat bilen çykyş etdi diýip, Newscentralasia habar berýär
25.06.2025 16:27
17k+
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün, 25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Sergeý Lawrowyň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi
25.06.2025 10:55
14k+
RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
24-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtynda Lawrowy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin, Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R
25.06.2025 08:41
14k+
Türkmenistan we ABŞ Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlara degişli meseleleri maslahatlaşdy
24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar
25.06.2025 08:35
9.6k+
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip, Türkmenistana dolanyp geldiler
24-nji iýunda yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler. Şu ýyl Türkmenistandan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar
25.06.2025 08:27
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýany Döwlet güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
25.06.2025 08:18
12k+
Beýik Britaniýa raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Beýik Britaniýanyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy ýurtlar boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
24.06.2025 19:21
8.7k+
Watikanyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi 28 ýyldan soň Türkmenistandaky işini tamamlaýar
Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý 28 ýyldan soň Aşgabatda işini tamamlady. Anjeý Madeý 23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy
24.06.2025 19:11
3.4k+
Türkmenistan we Ýaponiýa täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşdy
23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
24.06.2025 12:36
2.5k+
Türkmenistan bilen Gresiýa syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdi
23-nji iýunda Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen
24.06.2025 12:31
14k+
Raşid Meredow Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi
23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Eýran wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
24.06.2025 00:55
5.3k+
Serdar Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi
24.06.2025 00:48
6.8k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
24.06.2025 00:38
22k+
Türkmenistanyň ýardam bermegi netijesinde 4000 adam Eýrandan öz ýurduna dolandy
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeler arkaly Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň bökdençsiz üstaşyr ugradylmagy üçin ýardam bermegini dowam edýär. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu günki güne çenli 52 döwlet Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen baglylykda, öz raýatlaryny yzyna gaýtaryp getirmek boýunça kömek sorap Türkmenistana ýüz tutdy
23.06.2025 16:32
8k+
YHG-nyň DIM-niň geňeşinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda kararnama biragyzdan kabul edildi
21-22-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi
23.06.2025 16:26
9.4k+
Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý taýýar edildi
Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Meýilnama laýyklykda, Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektar meýdandan bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär
23.06.2025 01:38
11k+
Türkmenistan Hatlon welaýaty bilen sebitara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
20-nji iýunda “Hatlon — syýahatçylygyň ýyly kalby” atly Halkara syýahatçylyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Hatlon welaýatynyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşyk geçirdi
23.06.2025 01:20
4.3k+
Italiýanyň Premýer-ministrine Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma çakylyk gowşuryldy
19-njy iýunda Rimiň Kiži köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Premýer-ministriniň diplomatik geňeşçisiniň orunbasary Pietro Sferra Karininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda
23.06.2025 01:13
4.5k+
Kataryň Erkin ykdysady zolagynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary maslahatlaşyldy
19-njy iýunda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmamedow Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy, 2025-nji ýylyň
22.06.2025 17:22
11k+
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy diplomatik ýollar arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi
22-nji iýunda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
21.06.2025 18:09
26k+
Türkmenistan Eýrandan çykýan raýatlaryň geçmegi üçin barlag-goýberiş nokatlaryny gije-gündiz işledýär
50-ä golaý döwletler Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň
21.06.2025 11:54
5.7k+
Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar
Starlink hemra interneti 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar. Bu barada Respublikanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew habar berdi. Hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar, ýöne optiki-süýümli aragatnaşygyň bolmadyk uzakdaky ilat nokatlarynyň ýaşaýjylary ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutular
21.06.2025 11:23
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
20-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy
21.06.2025 11:02
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
21.06.2025 02:14
18k+
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär
21.06.2025 02:08
2.8k+
Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R
21.06.2025 00:32
7.2k+
2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi aýdyldy
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, şeýle hem wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar
21.06.2025 00:23
7.9k+
Mary welaýatynda ammiak öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B
21.06.2025 00:01
6.5k+
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi
20.06.2025 23:22
4.1k+
“Fitch Ratings” Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB-durnukly” reýting derejesini berdi
Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB-durnukly” reýting derejesini kesgitledi. Bank tarapyndan halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada wise-premýer H
«
1
…
46
47
48
…
260
»
«
1
…
43
44
45
46
47
48
49
50
51
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.